Habarlar
Habarlar
Aşgabatdan Türkmenabada uzaýan awtobanyň ugrunda kuwwatly köprüleriň birnäçesi gurulýar
«Türkmenistan» gazetinde şu gün çap edilen makalada Aşgabat ― Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ugrunda gurulýan köprüler barada maglumat berildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Halkara futbol federasiýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
4-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň Olimpiýa stadionynda Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino bilen duşuşyk geçirdi.
Ýurdumyzda giň möçberli pudaklaýyn maslahat hem-de sergi geçirilýär
3-nji maýda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023” atly II halkara maslahat we sergi öz işine başlady.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
4-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen dört aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi, döwlet durmuşynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiziň halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara gutlagy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly II halkara maslahata we sergä gatnaşyjylary gutlady
Türkmenistanyň çäginden geçýän üstaşyr ýükleriň möçberi 3,5 esse artdy
Gazagystanyň Almata şäherinde Aziýa-Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we durmuş toparynyň (ESKATO) demir ýol we multimodal ýük daşamalarda sanly özgertmeler, şeýle-de Demirgazyk we Merkezi Aziýada ýerüsti ulaglarda ýük gatnawlaryny ösdürmek boýunça Bilermenler toparynyň ikinji ýygnagy geçirildi. Gibrid görnüşde geçirilen ýygnaga türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan uruş weteranlaryna sowgatlar gowşurylar
1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygyny hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken ak saçly enelerimiziň görkezen nusgalyk edermenligini hormatlap, şeýle hem Beýik Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi.
PARAHATÇYLYGA ESASLANÝAN HEMIŞELIK BITARAPLYK
Dünýäde BMG tarapyndan ykrar edilen ilkinji hemişelik Bitarap döwlet — bu biziň ata Watanymyz eziz Türkmenistandyr. Bu türkmen döwletiniň, agzybir türkmen halkynyň dünýäniň ýüzünde ýeten belent derejesidir. Hemişelik Bitarap ýurtda ýaşamak, işlemek, döretmek, gurmak uly bagt hem belent mertebedir. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy adamzadyň gymmatly ynsanperwerlik, parahatçylyk, özara düşünişmek, dost-doganlyk ýörelgelerini beýan edýär.
«Dostluk kerweni» atly VI halkara awtoýörişe gatnaşyjylar ýurdumyza geldiler
Ýäňy-ýakynda «Dostluk kerweni» atly VI halkara awtoýörişe gatnaşyjylar «Farapawtoýollary» gümrük nokady arkaly ýurdumyza geldiler. Olar güler ýüz bilen garşy alyndy.
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
3-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralarda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.