Habarlar
Habarlar
163fedea259543.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutanyny gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Saerdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa doglan güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

163fcf35ecad7e.jpeg
3 ýyl ozal
«Hünärim bar – hormatym bar» atly bäsleşigiň jemleýiji tapgyry geçirildi

27-nji fewralda paýtagtymyzyň «Gülzemin» söwda-dynç alyş merkeziniň «Altyn» toý mekanynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we Kommunukasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk», «Türkmenhowaýollary», «Türkmenawtoulaglary», «Türkmendeňizderýaýollary» we «Türkmendemirýollary» agentlikleriniň gelin-gyzlarynyň arasynda «Hünärim bar – hormatym bar» atly bäsleşigiň jemleýiji tapgyry geçirildi.

163fd88553c23d.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

27-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere seredildi.

163fc62d11420e.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistanda otly peteklerini indi Döwlet hyzmatlary portaly arkaly onlaýn satyn alyp bolýar

Döwlet hyzmatlarynyň resmi internet portaly otly petekleriniň satuwyna başlady. Bu barada hyzmatlaryň resmi portaly habar berdi. Indi Türkmenistanyň döwlet hyzmatlarynyň web sahypasyndan we EGOVTM ykjam programmasyndan kassada nobata durmazdan otly petegini onlaýn ýagdaýda satyn alyp bilersiňiz. Häzirki wagtda petekler IOS we Android programmalarynda hem ýerleşdirildi.

163fc4c2fabccc.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistan we Özbegistan halkara awtoulag gatnawlary boýunça gepleşikler geçirdiler

2023-nji ýylyň 23-nji fewralynda göni wideo aragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň we Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň wekilleriniň arasynda ulag boýunça türkmen-özbek işçi toparyň nobatdaky gepleşikleri geçirildi.

163fc4f0315ae1.jpeg
3 ýyl ozal
Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara geçelgesindäki hyzmatlar sanlylaşdyrylar

«TRACECA» halkara hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gatnaşyjy ýurtlar Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara multimodal ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak boýunça Iş toparyny döretmek kararyny goldadylar. 

163fc46bd8f2cd.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistan we Gazagystan halkara awtoulag daşamalaryny artdyrmagy meýilleşdirýärler

Halkara awtoulag daşamalaryny mundan beýläk-de artdyrmagyň we ösdürmegiň meseleleri awtoulag ulagy boýunça türkmen-gazak Bilelikdäki komsissiýasynyň nobatdaky mejlisiniň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy. 

163fc45b5845a0.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistanyň DIM-niň HGI-da Aziýany we Ýewropany birikdirýän ulag taslamalarynyň geljeginiň meseleleri maslahatlaşyldy

DIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty Aziýany Ýewropa bilen birikdirýän ulag-üstaşyr taslamalaryň mümkinçiliklerine, şeýle hem bu başlangyçlardaky Türkmenistanyň ornuna bagyşlanan ylmy-amaly maslahatynyň geçirilýän ýerine öwrüldi.

163fa05d4dc510.jpeg
3 ýyl ozal
Daşary ýurtlular we Türkmenistanyň raýatlary üçin «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň petekleriniň bahasy deň bolar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Russiýadan Türkmenistana uçuş nyrhlaryna üýtgeşmeler girizdi. Indi Türkmenistanyň raýatlary we daşary ýurtlular üçin petekleriň bahasy bir bolar

163fa02f23f65d.jpeg
3 ýyl ozal
Awtoulag sürüjisi ýaşaýyş zolagynda nähili hereket etmeli

Sürüjileriň köpüsi ýaşaýyş jaýly ýerlere ýa-da öz ýaşaýyş jaýlarynyň çägine girip ýol hereket kadalaryna eýermäge arkaýyn çemeleşýärler. Bu ýagdaýlarda hereket düzgünleriniň bozulmagy hem jerime çärelerine getirip bilýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.