Habarlar
Habarlar
«Türkmen Logistika» assosiasiýasy hem-de Latwiýanyň milli ýük ekspeditorlary we logistika assosiasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi
Rigada geçirilen «Latwiýa-Merkezi Aziýa» transport-logistika işewürlik forumynyň çäklerinde «Türkmen Logistika» assosiasiýasy we Latwiýanyň milli ýük ekspeditorlary we logistika assosiasiýasy özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekdiler.
Gazagystanyň Prezidenti: Transhazar ulag geçelgesi haryt daşamagyň wagtyny azaldar
Gündogar-Günbatar Transhazar halkara ulag geçelgesi (Orta geçelge) haryt daşamak üçin wagty iki esse azaldyp biler diýip, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew penşenbe güni Astana halkara forumynyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda aýtdy. Bu barada “Trend” agentligi penşenbe güni habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Welosipedçileriň halkara birleşiginiň wise-prezidentini kabul etdi
24-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Welosipedçileriň halkara birleşiginiň wise-prezidenti, Aziýa welosport konfederasiýasynyň prezidenti Osama Al Şafary kabul etdi.
ÝUNESKO Türkmenistanda sanly bilimi ösdürmäge goldaw berer
Türkmenistanyň ÝUNESKO-daky hemişelik wekili Maksat Çaryýew ÝUNESKO-nyň bilimde maglumatlar tehnologiýalary boýunça institutynyň direktory Tao Žan bilen duşuşdy.
Türkmenistan täze "Boeing" uçarlaryny satyn alar
Türkmenistan, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça raýat awiasiýa parkyny giňeltmek üçin «Boeing» Amerikan korporasiýasynyň ýolagçy uçarlaryny satyn alar.
Türkmenistanyň ulag we aragatnaşyk toplumynyň ähli pudaklarynda durnukly ösüş gazanylýar
Türkmenistanyň ulag toplumynyň ygtybarly işi ýurduň territorial we durmuş- ykdysady ösüşini, içerki bazaryň we daşary söwda gatnaşyklarynyň netijeli işlemegini, halkara aragatnaşygyň ösüşini we sebit aragatnaşygynyň ösdürilmegini üpjün edýär. Ulag hyzmatlarynda ykdysadyýetiň barha artýan zerurlyklary ulag we aragatnaşyk bloklarynyň pudaklarynyň hasabat görkezijileriniň depginli ösüşi bilen görkezilýär.
Türkmenistanyň «Deňiz söwda floty» Azerbaýjana ýük gatnawyny artdyrýar
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň habar bermegine görä, häzirki wagtda Türkmenistanyň «Deňiz söwda flotynyň» ýük gatnawlarynyň ösüşi barha artýar.
Aragatnaşykçylaryň arasynda “Öz hünäriniň ussady” bäsleşigi geçirildi
2023-nji ýylyň 13-nji iýunynda “Türkmenaragatnaşyk” agentliginde “Öz hünäriniň ussady” atly bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi
Türkmenistan Ýewropa — Kawkaz — Aziýa ulag geçelgesine goşulmak boýunça işler geçirýär
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen ýurdumyza sapar bilen gelen Wengriýanyň Hökümetiniň Başlygy Wiktor Orbanyň arasynda geçirilen duşuşyklarda iki ýurduň ulag ulgamy hem hyzmatdaşlygyň derwaýys ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Häzirki ýagdaýlar bilen baglylykda, ol aýratyn ähmiýete eýe bolýar.
Ýaponiýa Türkmenistan bilen ulag ýollaryny diwersifikasiýalaşdyrmakda hyzmatdaşlyk eder
Ýaponiýa Merkezi Aziýa üçin möhüm ähmiýete eýe bolan ulag ýollaryny diwersifikasiýalaşdyrmak babatda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär. Bu barada «Trend» habarlar gullugy ýazýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.