Habarlar
Habarlar
1638eaa4ab2d41.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

5-nji dekabrda  hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmaklarynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

163862e217f4e4.jpeg
3 ýyl ozal
Milli ykdysadyýetimizde sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri hem-de daşary syýasatynyň netijesinde ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna halkara ülňülerine laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işler üstünlikli amala aşyrylýar. Sanly ykdysadyýete geçmek boýunça wezipeler maglumat-aragatnaşyk üpjünçilik ulgamynyň hiliniň ýokarlandyrylmagyndan, şeýle hem adamyň intellektual ukyplarynyň doly derejede ulanylmagyndan ybaratdyr.

1638ac6755fdb1.jpeg
3 ýyl ozal
Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesi boýunça ýük daşamalara ýeňillikli nyrhnamalar giriziler

Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasyndan amala aşyrylýan demir ýol ýük daşamalary üçin 2023-nji ýyldan başlap ýeňillikli nyrhnamalar giriziler. Bu barada Russiýanyň demirýollary (RŽD) AGPJ-niň Baş direktorynyň orunbasary Sergeý Pawlowyň TRANSTEC halkara ulag forumynyň umumy mejlisinde aýdanlaryna salgylanyp, TASS agentligi sişenbe güni habar berdi.

1638d5a024abb4.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti sapar bilen Katar Döwletinde boldy

3-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň çakylygy boýunça Katar Döwletine sapary amala aşyryp, ol ýerde türkmen-katar gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmek bilen bagly ýokary derejede duşuşyk geçirdi hem-de Dohada dowam edýän Futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlarynyň biriniň hormatly myhmany boldy.

1638ab72de7508.jpeg
3 ýyl ozal
Rumyniýanyň Daşary işler ministri Gara deňiz - Hazar deňzi ugry boýunça ýük daşamak baradaky gepleşikleri makullady

1-nji dekabrda Polşanyň Lodzi şäherinde geçirilen ÝHHG-nyň DIMG-niň mejlisiniň çäklerinde Rumyniýanyň Daşary işler ministri Bogdan Auresku azerbaýjanly kärdeşi Jeýhun Baýramow bilen bolan duşuşygyň dowamynda Gara deňiz - Hazar deňzi ugry boýunça halkara ýük ulag ugruny döretmek we ulanmak baradaky ylalaşygyň baglaşylmagy babatda 8-nji noýabrda Rumyniýanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkmenistanyň arasynda gepleşikleriň başlanmagyny makullady.

1638d5991cc621.jpeg
3 ýyl ozal
Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň birinji tapgyrynyň tamamlanmagyna degişli wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy

3-nji dekabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde iş maslahatyny geçirdi. Onda bu iri merkeziň birinji tapgyrynyň tamamlanyp barýan gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda geljekde ýerine ýetirilmeli, öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.

1638ab5473bc55.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere, şeýle hem taýýarlanan resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

1638ab6a5beb39.png
3 ýyl ozal
Owganystan Merkezi Aziýanyň üsti bilen Ýewropa eksportyny artdyrýar

Owganystan söwdany giňeltmek we ýerli senagaty ösdürmek maksady bilen, Merkezi Aziýanyň üsti bilen Ýewropa harytlaryň eksportyny artdyrýar. Bu barada Bahtar habarlar agentligi habar berýär.

163881465bd8be.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň energetika ministrini kabul etdi

30-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň energetika ministri Ali Akbar Mehrabiany kabul etdi.

1638ab5f57f536.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistan «Demirgazyk-Günorta» halkara geçelgesinde ýükleriň üstaşyr geçirilişini aýda 17 otly düzümine çenli artdyrmagy meýilleşdirýär

«Demirgazyk-Günorta» geçelgesiniň (Gazagystan-Türkmenistan-Eýran) gündogar şahasyndaky yzygiderli ýük daşaýan otlylarynyň sanynyň aýda 17 otly düzümine çenli artdyrylmagy meýilleşdirilýär. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky söwda wekili Aleksandr Ýelizarowa salgylanyp, TASS agentligi habar berýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.