Habarlar
Habarlar
Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme foruma gatnaşyjylara
Siziň ähliňizi Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilýän Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadançylyk, forumyň işine bolsa üstünlik arzuw edýärin.
Gazagystan, Russiýa we Türkmenistan ýük daşamalary ösdürmek boýunça kärhana dörederler
Gazagystanyň ulag we logistika kompaniýasy “KTZ Express”, Russiýanyň “RŽD Logistika” we “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” (TULM) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýük daşamalary ösdürmek maksady bilen bilelikdäki kärhanany döretmek barada Ähtnama gol çekdiler. Bu barada Gazagystanyň “Kazahstan Temir Žoly” (KTZ) milli demir ýol kompaniýasynyň metbugat gullugy anna güni habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
24-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.
«АвтоВАЗ» может начать сборку своих автомобилей в Узбекистане
«АвтоВАЗ» рассматривает возможность возобновления сборки автомобилей в Узбекистане. На конвейер может встать новая Lada Vesta, передает «РИА Новости» со ссылкой на главу компании Максима Соколова.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistan Azerbaýjanyň ulag arkaly söwda dolanyşygy boýunça ilkinji on bäşligine girdi
Şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ulag arkaly söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5,4 esse artyp (38,92 million dollar), 211,88 million ABŞ dollaryna ýetdi. Bu barada Azerbaýjanyň Döwlet gümrük komitetiniň statistik maglumatlaryna salgylanyp, "Trend" agentligi anna güni habar berdi.
Миллиардному пассажиру авиакомпании Turkish Airlines подарили 1 млн миль путешествий
Рейсом Стамбул-Адыяман в понедельник вылетел миллиардный пассажир Turkish Airlines Мустафа Балджи, передает агентство «Анадолу».
Türkmenistan-Hytaý ulaglar arkaly söwda dolanyşygy 14,1 göterim artdy
Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 2023-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda 2,64 milliard ABŞ dollaryndan geçdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 14,1 göterim ýokarydyr. Bu barada Hytaý gümrük gullugynyň çap eden maglumatlarynda habar berilýär.
Aşgabat — Serhetabat — Aşgabat ugry boýunça otly gatnawlary her gün ýerine ýetiriler
Türkmenistanyň käbir şäherlerine ýolagçy otlylarynyň gatnawlary artdyryldy. Gatnawlar indi ozalky ýaly adaty tertibinde amala aşyrylýar.
Türkmenistanda elektrikleşdirilen demir ýol ulgamy gurlar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hökümetiň şu ýylyň üç aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mejlisinde içerki demir ýollaryň durkuny täzelemek we maddy-tehniki üpjünçiligini döwrebaplaşdyrmak boýunça zerur işleri geçirmelidigine aýratyn ünsi çekdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.