Habarlar
Habarlar
1646287cdebf7a.jpeg
1 ýyl ozal
ARKADAG YLHAMYNDAN DÖRÄN ŞÄHER

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisinde ýurdumyzyň ähli künjeginde ýaşaýan raýatlardan gelip gowşan teklipler esasynda Gahryman Arkadagymyzyň bitiren hyzmatlary göz öňünde tutulyp, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary bilen, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine şäher derejesi berildi.

164628f1e0e021.jpeg
1 ýyl ozal
Täze döwrüň nusgalyk şäheri

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarymyza laýyklykda, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak ugrundaky syýasat üstünlikli amala aşyrylýar. Onuň, hakykatdan hem, şeýledigine biz 2022-nji ýylyň, ýagny «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň tamamlanyp barýan günlerinde ýene bir ýola şaýat bolduk.

1646290e910651.jpeg
1 ýyl ozal
Arkadag şäheri — abadançylygyň we rowaçlygyň aýdyň nusgasydyr

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz durmuş-ykdysady ösüşlerinde ynamly ädimler bilen öňe barýar. Ykdysady ulgamda ýetilýän belent sepgitler adam bähbitlerine gönükdirilen durmuş maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Durmuş ulgamyny nazarlaýan ykdysady ösüş, ilkinji nobatda, ilatyň ýaşaýşynyň hiliniň ýokary derejesini üpjün etmäge gönükdirilendir.

163c93ad818070.jpeg
1 ýyl ozal
Yaşlara ynam - geljege umyt

Biziň bagtyýarlygymyz hemişe-de pederlerimiziň, ata-babalarymyzyň we ata Watanymyzyň bize bildirýän beýik ynamy bilen aýrylmaz bagly. Halkymyzyň nesilleriň arabaglanyşygynyň jebisligi dogrusyndaky ynamy gadymydyr. Ol ynam Oguz handan gaýdýandyr. Gahryman Arkadagymyzdan Arkadagly Serdarymyza geçirilendir, müdimidir.

163c93c04779ad.jpeg
1 ýyl ozal
Ýaşlar bilen ýagty ertirlere

Her ýyla mynasyp at berilmegi ýurdumyzda indi asylly däbe öwrüldi. Bu ýagdaý döwletimizi ösdürmegiň möhüm ugurlaryna ünsi çekmäge, il-ýurt bähbitli beýik işlere, özgertmelere giň ýol açýar. Ýagşy niýetler, uly arzuw-umytlar bilen garşylan täze, 2023-nji ýylymyzyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy bolsa biz — ýaş nesilleriň ata Watanymyza bolan söýgimizi we döredijilikli zähmet çekmäge yhlas-höwesimizi has-da artdyrdy.

163c940a4c936b.jpeg
1 ýyl ozal
TÜRKMEN ÝAŞLARY — ÝURDUMYZYŇ ŞU GÜNI HEM GELJEGI

Türkmenistan döwletimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Bu ýörelgä eýerip, ýurdumyzyň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, iri jemgyýetçilik guramalarynda geçirilen maslahatlarda 2023-nji ýyly “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýip atlandyrmak hakynda köp sanly teklip öňe sürüldi. Bu teklipler ähli halk tarapyndan giňden goldaw tapdy.

160b3adf71a81d.jpeg
1 ýyl ozal
HALKYMYZYŇ MILLI BUÝSANJY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, ýurdumyzyň asuda, halkymyzyň agzybir durmuşda ýaşamagy üçin Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ykdysady, syýasy we medeni özgertmeleri, türkmeniň milli buýsanjy bolan ajaýyp halylarymyzyň taryhy köklerini öwrenmek barasyndaky alyp barýan taýsyz tagallalary bizi diýseň buýsandyrýar.

163ca69243db5b.jpeg
1 ýyl ozal
Ýurdumyzyň şu güni we geljegi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar

Ýurdumyzyň raýatlarynyň erk-isleginden ugur alnyp, 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan hem-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýän içeri we daşary syýasatda ägirt uly ösüşleri alamatlandyryp, täze öňegidişliklere, has belent sepgitlere ýol açdy.

163cb83e7182a3.jpeg
1 ýyl ozal
GALKYNYŞ DÖWÜRDE BAGTA ÝAR ÝAŞLAR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne şan beren ajaýyp ýyllaryň biri bolan 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly diýlip atlandyrylmagy ähli halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Ýaşlara bildirilýän uly ynamyň aýdyň nyşany bolan bu şygar kalby joşgunly watandaşlarymyzda guwanç, buýsanç duýgularyny döretdi. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynyň joşgunly dabaralary häzirki wagtda ýurdumyzda giň gerime eýe bolýar.

16463ddb56c980.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmeniň göz guwanjy türkmen halylary

Hormatly Prezidentimiziň “Türkmen halysy ynsan kalbyny joşa getirýän gudratdyr, türkmeniň öz milletine, diline, dinine, sungatyna, asylly däp-dessurlaryna bolan egsilmez söýgüsiniň nyşanydyr. Gözelligi, nepisligi, müň dürli öwüşgünliligi, reňkleriniň ajaýyp sazlaşygy bilen göreni haýrana goýýan halylarymyzda halkymyzyň ähli ajaýyp häsiýetleri, milli aýratynlyklary jemlenendir” diýip belleýşi ýaly halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň biri bolan halylarymyz türkmen halkynyň göz guwanjy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.