Habarlar
Habarlar
162990fe1ca7c9.jpeg
3 ýyl ozal
5-nji iýun — Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni

Häzirki wagtda geljek nesillerimiz üçin ekologiýanyň ajaýyp gözelliklerini gorap saklamak tutuş adamzadyň derwaýys meseleleriniň biri bolup durýar. Şol sebäpli hem, ýurdumyzyň ähli pudaklarynda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda alnyp barylýan işler geljegi nazarlaýar. “Ýaşyl ykdysadyýet” konsepsiýasyndan ugur alnyp, senagat kärhanalaryny tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmak boýunça anyk çäreler amala aşyrylýar.

1628be12e846bf.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistanda şäherara awtobus petekleriniň onlaýn-satuw hyzmaty işini gaýtadan ýola goýdy

Türkmenistanda şäherara awtobus gatnawlarynyň petekleriniň satuwy gaýtadan ýola goýuldy. Bu barada «Türkmenawtoulaglary» agentligi habar berýär. Indi ýolagçylar şäherara awtobus gatnawy üçin petekleri «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň resmi saýtyndan, Android operasion ulgamy üçin niýetlenen ykjam goşundysyndan ýa-da awtoulag menziliniň kassalaryndan satyn alyp bilerler.

3 ýyl ozal
Ak şäherimiziň güni

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzda her ýylyň 25-nji maýy Aşgababat şäheriniň güni hökmünde giňden bellenilip geçilýär. Bu şanly günüň şatlygy ýurdumyzyň orta mekdeplerinde okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli geçirilýän «Soňky jaň» dabaralary bilen utgaşýar.

16289eb5a6c6a9.png
3 ýyl ozal
“Sanly ykdysadyýet - geljegiň aýdyň ýoly” atly ylmy-intellektual onlaýn bäsleşiginiň netijeleri

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyndaky döwrebap özgertmeleri milli ylym-bilim ulgamynyň yzygider döwrebaplaşmagy, ýaşlarymyzyň hemmetaraplaýyn intellektual ösüşi, olaryň ýiti zehinli, başarjaň bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleri üpjün edýär. Şeýle bolansoň, ýaşlaryň arasynda geçirilýän dürli derejedäki bilim, ylmy-intellektual, döredijilik bäsleşikleri olaryň zehinini açmaklary üçin uly mümkinçilik bolup durýar.

1628de3c0012af.jpeg
3 ýyl ozal
Kazanyň halkara howa menzili Türkmenistana uçuşlaryň tertibini mälim etdi

Kazanyň halkara howa menzili resmi web saýtynda Türkmenistana guraljak uçar gatnawlaryň tertibini çap etdi. Uçuşlar 2022-nji ýylyň 1-nji iýunyndan başlar.

3 ýyl ozal
Ekologiýa terbiýesi

Dünýäde global häsiýete eýe bolup durýan ekologiýany we daşky gurşawy gorap saklamak meselesi köpugurly we çözülmegini talap edýän işleri özünde jemleýär. Şol işleriň möhüm ugurlarynyň biri hem ösüp gelýän ýaş nesillere orta mekdep partasyndan başlap ekologiýa terbiýesini bermekdir.

169332ab9063e4.jpeg
1 hepde ozal
YLMY ÖSÜŞ – DÖWLETIŇ YKDYSADYÝETINIŇ KUWWATY

Ylmy-tehniki ösüşiň täze belentlige galýan döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ylma daýanmak, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek we milletiň aň-bilim derejesini has-da ýokarlandyrmak arkaly, Türkmenistan durnukly ösüşiň ýoly bilen öňe barýar. Ylym biziň düşünjämizde, ýönekeýleşdirilip aýdylanda, döredijilikli işiň netijesidir. Täze başlangyçlar we açyşlar ylmyň ruhy esaslaryny döredýär.

1629155049e23f.jpeg
3 ýyl ozal
TÜRKMEN HALYSY - NEPISLIGIŇ WE AGZYBIRLIGIŇ SUNGATY

Halkymyzda «Öý haly ýazylan ýerden başlanýar» diýen pähim bar. Türkmeniň mukaddes öý-ojagyny halysyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Haly gölleri döwlet nyşanlarymyzda hem öz beýanyny tapýar. Döwlet baýdagymyzy we tugramyzy bezeýän bäş sany haly göli halkymyzyň agzybirliginiň, abadançylygynyň, asuda we parahat durmuşynyň nyşanydyr.

16288e0a640358.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistan halkara ýük ulaglaryna Eýrandan Özbegistana üstaşyr geçmäge rugsat berer

Daşary ýurt awtoulag serişdeleriniň Sarahs-Farap-Sarahs ugurlary boýunça ýurdumyzyň çäginden üstaşyr geçmekleri ýola goýular. Türkmenistan şu ýylyň 1-nji iýunyndan başlap Eýran serhedinden geçen halkara ýük ulaglaryna sürüjileri bilen bilelikde Özbegistana çenli geçmäge rugsat berer.

16288e7f1f01a3.jpeg
3 ýyl ozal
Новый маршрут компании Maersk пройдет через Азербайджан

Датская логистическая компания Maersk разработала новый железнодорожно - морской маршрут, соединяющий Азию с Европой через Центральную Азию, который пройдет через Азербайджан, сообщает Trend со ссылкой на пресс-службу компании.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.