Habarlar
Habarlar
YLMY-INNOWASIÝA, DÖREDIJILIK FESTIWALYNYŇ ÝEŇIJISI
Türkmen döwlet binagärilk we gurluşyk instituty ýurdumyzyň ýokary we orta okuw mekdepleriniň talyplarynyň, şeýle hem orta mekdepleriň okuwçylarynyň gatnaşmagynda ylmyň, täzeçilligiň we döredijiligiň festiwaly geçirildi. Festiwal 16-njy maýdan 21-nji maý aralygynda geçirildi. Ýurdumyzyň ýokary we orta okuw mekdepleriniň inžener-tehniki we dizaýner başarnygy bar bolan talyplar festiwala özbaşdak hem-de toparyň düzüminde gatnaşdylar.
Ýurdumyzyň binagärlik keşbi
Gurluşyk we senagat toplumlary Garaşsyz döwletimiziň ykdysadyýetini emele getirýän esasy pudaklaryň biridir. Çünki mukaddes Garaşsyzlygymyz ýurdumyzy diňe bir çig mal öndürýän binýat bolanlygyndan güýli gaýtadan işleýän senagat ýurduna öwürdi.
Türkmenistan Tatarystan bilen ulag-logistika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Russiýanyň Tatarystan Respublikasyna gulluk iş saparyny amala aşyryp, şol ýerde hormatly myhman hökmünde “Russiýa — yslam dünýäsi: KazanSummit 2022” XIII halkara ykdysady sammitine gatnaşdy we ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi.
TRACECA разработает единую цифровую экосистему
Ведется работа по созданию единой цифровой экосистемы стран-участниц TRACECA. Об этом сказал генеральный секретарь постоянного секретариата межправительственной комиссии TRACECA Асет Асавбаев на презентации, посвященной инициативам и деятельности организации. По его словам, экосистему планируется построить на основе решений, которые уже приняты в Европе.
Ilimiň gözellik häsiýetnamasy
Mukaddes Garaşsyzlygymyzy gazanmagymyz halkymyzyň ata-babalardan, ene-mamalardan dowam edip gelýän milli gymmatlyklaryny gaýtadan dikeltmäge, olary dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri açyp goýdy. Şol gymmatlyklaryň köpüsi Ginnesiň rekordlar kitabyna ýa-da ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy we maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.
Ulaglar ulgamynynyň maddy-tehniki binýady pugtalandyrylar
Türkmenistan howa, deňiz, demir ýol hem-de awtomobil ulaglary parkyny giňelder. Munuň üçin ýurduň aýry-aýry ulag pudaklaryna täze howa ulaglary, ýük teplowozlary, ýeňil awtoulaglar, kiçi awtobuslar satyn alar we deňiz gämileri gurlar.
Казахстан и Узбекистан договорились продолжить работу по увеличению авиарейсов
В рамках 9-го совещания министров транспорта государств-членов Шанхайской организации сотрудничества (ШОС) Казахстан и Узбекистан договорились продолжить работу по увеличению воздушного сообщения и открытию новых маршрутов между двумя странами для развития взаимных экономических, культурных и туристических связей. Об этом передает МИА «Казинформ».
Türkmenistan bilen Eýran Sarahs terminaly arkaly söwda hyzmatdaşlygyny gaýtadan dikelder
2022-nji ýylyň 1-nji iýunyndan Türkmenistan Sarahs serhet terminalynyň üsti bilen Eýran Yslam Respublikasyna özara söwda hyzmatdaşlygyny gaýtadan dikelder.
Aşgabatda ýaş alymlaryň ylmy taslamalarynyň sergisi geçirildi
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda ýaş mugallymlaryň, talyplaryň we mekdep okuwçylarynyň taýýarlan ylmy taslamalarynyň sergisi geçirildi. «Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, sergide görkezilen ylmy işlerdir taslamalaryň aglabasynyň Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyplaryna degişlidir.
Ýurdumyzda şu günden ýolagçy demir ýol gatnawlary gaýtadan dikeldilýär
Ýola goýlan gatnawlar Aşgabat - Türkmenbaşy, Aşgabat–Daşoguz we Türkmenabat–Türkmenbaşy ugurlary boýunça hereket eder.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.