Habarlar
Habarlar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
28-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
BAGLAR — ZEMINIŇ GÖRKI
Ynsan saglygy dem alýan howasy bilen aýrylmaz baglydyr. Adamlaryň gan basyşy, ýürek urşy howanyň üýtgemegi esasynda ýokarlanýar ýa-da pese gaçýar. Hut şu nukdaýnazardan hem biziň sagdyn ýaşamagymyz üçin daşky gurşawyň arassalygy möhümdir, ekologiýanyň goraglylygyny üpjün etmek hökmanydyr. Ýurdumyzda bu babatda ähli şertler döredilendir. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrundaky alyp barýan ynsanperwer syýasaty hem munuň aýdyň mysalydyr.
DÖWREBAP BILIM – ÝAGTY GELJEGE BADALGA
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz ähli ugurlarda belent sepgitlere ýetýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanyp, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýädäki abraýy has-da belende galýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam edýär.
«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtomobil mekdepleriniň birleşigi ulag dolandyrylýan mahalynda telefonlary ulanmagyň howpludygyny duýdurýar
Ykjam telefonlaryň we smartfonlaryň, şeýle-de beýleki ykjam enjamlaryň giňden köpçülikleýin ulanylyp başlanmagy bilen, olaryň sürüjilere awtoulagy dolandyrýan wagty hem-de pyýadalara zyýanly täsir etmegi bilen bagly meseleler ýüze çykdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
26-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Konstantin Sabiaşwilini kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
ŞA SERPAÝLY ABATLAÝJY
Zähmetiň gaýnap joşýan ýerine – ýolagçy we ýük ulaglarynyň bejerilip, halkyň hyzmatyna ugradylýan ýerine baranyňda, halal zähmetiň berýän miwesine guwanjyň artýar, tämiz kalply adamlaryň yhlasly zähmetine başyňy egýärsiň. Polatdyr demiriň diline düşünip, alyn derleri bilen gara demire jan berýän adamlaryň ýüzüne keremli türkmen güneşiniň reňki siňenligindendir-dä, olar gözüňe diýseň nurana görünýär.
MILLI ÝÖRELGELERE DAÝANÝAN TÄZE KONSEPSIÝA
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ylym-bilim ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler ýurdumyzyň durnukly ösüşinde oňyn netijelerini berýär. Häzirki wagtda bu ulgamy hemmetaraplaýyn ösdürmek we onuň gazananlaryny netijeli ulanmak, jemgyýetiň intellektual kuwwatyny artdyrmak ýaly meseleler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.
Türkmenistanda ulag diplomasiýasynyň durmuşa ornaşdyrylyşy
«Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, halkara ylalaşyklaryň çäklerinde bitewi ulag giňişligini döretmek işini tamamlamak, halkara ulag hyzmatlarynyň bazarlarynda üstaşyr gatnawlaryň, multimodal usulda ýük daşamagyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň netijeliligini düýpgöter ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
25-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumyndaky işleriň ýagdaýy, sebitlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
MILLILIGE ÝUGRULAN TERBIÝEÇILIK MEKDEBI
Berkarar döwletimiziň bagtly geljegini gazanmagyň baş şerti türkmen ýaşlaryny ylym-bilimden ýüki ýetik, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykaryp bilýän kämil hünärmenler edip ýetişdirmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň bilim ulgamyna degişli edara-kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek babatda başyny başlan özgertmeleri hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.