Energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk ösdürilýär
16-05-23
2015-nji ýylda badalga alan TOPH taslamasy häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmen wekiliýetiniň Päkistanda saparda bolýan günlerinde, has takygy, 15-16-njy maýda Yslamabatda Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasy barada gepleşikler geçiriler.
TOPH+TOP taslamasy boýunça Owganystandaky howpsuzlyk we syýasy ýagdaýlar barada pikir alşylar. Käbir habar çeşmeleriniň belleýşi ýaly, bu elektroenergetika taslamasynyň howpsuzlyk ýagdaýy bilen bagly meseleler taslamanyň durmuşa geçirilmegine owgan tarapynyň gyzyklanmasynyň artmagy netijesinde çözülip bilner.
Mälim boluşy ýaly, şu ýylyň 10-njy maýynda Türkmenistanyň wekiliýeti Kabulda «Da Afghanistan Breshna Sherkat» kompaniýasynyň wekilleri bilen gepleşik geçirdiler. Onuň dowamynda Türkmenistandan Owganysantana iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
11-nji maýda Kabulda Türkmenistan, Owganystan we Pakistan (TOP) elektroenergetika taslamasyny durmuşa geçirmek maksady bilen, üç ýurduň degişli wekilleriniň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Maslahatda taraplar Türkmenistan — Owganystan — Pakistandan elektrik geçirijisiniň we «Nur-ul-Jahad» podstansiýanyň gurluşygy baradaky taslamalaryň çäginde hyzmatdaşlyk etmek boýunça pikir alyşdylar. Şeýle-de görkezilen taslamalaryň durmuşa geçirilmegini çaltlaşdyrmak üçin, iki ýurduň tehniki toparlarynyň işini utgaşdyrmagyň möhümdigine ünsi çekdiler.
Göwher AMANSÄHEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.