Habarlar
Habarlar
168ccd90f91c4b.jpeg
6 aý ozal
Awazada halkara forum geçirilýär

Düýn «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň maýa goýum forumy öz işine başlady. Ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga, göni maýa goýumlary çekmäge we hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen bu çäre ýurdumyzyň hem-de dünýäniň işewür jemgyýetçiligi üçin möhüm wakalaryň biri bolar.

5 aý ozal
SAGLYK ÜÇIN GYMMATLY GOLLANMA

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

168ccd8225e2fe.jpeg
6 aý ozal
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasyna parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak ugrunda halkara tagallalaryň möhüm tapgyry hökmünde garaýar.

168d223690fc09.jpeg
5 aý ozal
Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisine gatnaşdy

22-nji sentýabrda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli Baş Assambleýanyň ýokary derejeli plenar mejlisine gatnaşdy.

5 aý ozal
«HALKYŇ ÝOLY — HAKYŇ ÝOLY»

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzyň her bir güni uly üstünliklere, toýdur baýramlara beslenýär. Ählimize mälim bolşy ýaly, Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk şanly senesiniň öňüsyrasynda döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm ähmiýetli wakalaryň biri bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi uly üstünliklere beslenip geçirildi.

168d0cd8339ac9.jpeg
5 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Nýu-Ýorka ugrady

21-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

168cb8de70217e.jpeg
6 aý ozal
Hytaýyň Türkmenistandaky ilçisi täze “Yutong” awtobuslarynda tanyşdyryş saparyny amala aşyrdy

Aşgabatda şäher infrastrukturasynyň ösüşi üçin möhüm waka bolup geçdi. Paýtagtyň jemgyýetçilik ulaglaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça giň möçberli maksatnamanyň çäginde Hytaýyň “Yutong” kompaniýasynyň önümçiliginden 700 sany täze awtobus gelip gowuşdy.

168ce842b9bc23.jpeg
5 aý ozal
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY

Ýene-de sanlyja günden biz berkarar Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramyny ýokary derejede, giňden belläp geçeris. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 12-nji dekabrynda bolsa hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuny giňden toýlarys.

168cb8ca82b600.jpeg
6 aý ozal
Awtoulag sürüjilik okuwlaryna ýazylmak onlaýn ýagdaýda e.gov.tm arkaly elýeterlidir

Türkmenistanda raýatlar awtoulag sürüjilik okuwlaryna e.gov.tm döwlet hyzmatlarynyň portaly arkaly ýazylyp bilerler. Bu hyzmat «Awtomobil mekdepleriniň birleşigi» bölüminde elýeterli bolup, islendik toparçany (B, BC, C, D ýa-da E) saýlamaga, arza doldurmaga we «Altyn Asyr» bank karty arkaly okuw üçin tölegi onlaýn ýagdaýda amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

5 aý ozal
SAGLYK BOLAN ÝERDE, ÖSÜŞ BAR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly syýasaty netijsinde ýurdumyzda il saglygyny goramak barada alnyp barylýan işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.