Habarlar
Habarlar
1698ad47845569.jpeg
6 aý ozal
“Arkadag” – “Al-Nassr” futbol duşuşygy: ýörite awtobus gatnawlary amala aşyrylar

«Arkadag» futbol kluby bilen «Al-Nassr» futbol klubunyň arasynda geçiriljek futbol duşuşyklary mynasybetli degişli guramaçylyk işleri alnyp barylýar. Taryhy duşuşygyň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, 11-nji fewralda stadionyň töweregindäki Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunda, 10 ýyl Abadançylyk şaýolunda, Ata Türk we Oguz han köçelerinde ulag hereketi sagat 15:00-dan wagtlaýyn çäklendiriler.

1698ad2cb3668b.jpeg
6 aý ozal
Türkmenistan üç sany täze serhetüsti optiki-süýümli aragatnaşyk ugurlaryny gurýar

Türkmenistan telekommunikasiýa infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrýar: 2028-nji ýyla çenli halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ugurlarynyň sany 11-e ýetiriler. Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi ykdysadyýetiň sanly özgertmelerine gönükdirilen giň möçberli maksatnamany durmuşa geçirýär. 2026–2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň çäginde täze serhetüsti optiki-süýümli magistrallaryň gurluşygy meýilleşdirilýär.

1698ace69a015a.jpeg
6 aý ozal
Aşgabatda IFT 2026 halkara forumy geçiriler

Türkmenistanyň hususy pudagyna maýa goýumlaryny çekmäge bagyşlanan “Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” (IFT 2026) atly halkara forum 2026-njy ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Bu barada “TMT Consulting Group” kompaniýasy habar berdi.

1698d530b5d2c4.jpeg
6 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiana we ýurduň halkyna Eýran Yslam Respublikasynyň milli baýramy — Ynkylap güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

1698ad3ee6d060.jpeg
6 aý ozal
“Arkadag”-“Al-Nasr” duşuşygyny dünýäniň 168 ýurdunda tomaşa ediler

Aşgabatda geçiriljek AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynda «Arkadag» we «Al-Nasr» toparlarynyň arasyndaky duşuşygyň öňüsyrasynda metbugat maslahaty geçirildi. Oňa “Ata Watan Media” topary hem çagyryldy. “Arkadag” futbol topary – türkmen futbolynyň buýsanjy we geljegi” atly metbugat maslahaty Olimpiýa şäherçesiniň Halkara ýaýlyma beriş merkezinde geçirildi.

1698c12760ac35.jpeg
6 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň söwda ministrini kabul etdi

10-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Ömer Bolaty kabul etdi.

1698acd99edf4a.jpeg
6 aý ozal
“Aýdyň Gijeler” Eswatini Patyşalygyna SIM-kartlary we LED çyralary eksport eder

“Aýdyň Gijeler” hojalyk jemgyýeti Eswatini Patyşalygyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde bir million SIM-karty we otuz müň alýumin gabaraly LED çyralaryny Patyşalyga ýollamak boýunça anyk ylalaşykla­ry gazandy. Bu barada “Rysgal” gazetiniň duşenbe günindäki sanynda habar berýär.

1698abec5e32d8.jpeg
6 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

9-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

1698ac1285be0f.jpeg
6 aý ozal
«Arkadag» futbol topary dünýä metbugatynyň üns merkezinde

9-njy fewralda paýtagtymyzda «Arkadag» futbol topary — türkmen futbolynyň buýsanjy we geljegi» atly metbugat maslahaty geçirildi.

1698ac322c0d63.jpeg
6 aý ozal
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.