Habarlar
Habarlar
Urgenç şäherinde gümrük statistiki maglumatlary deňeşdirmek maksady bilen türkmen-özbek iş duşuşygy geçirildi
Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň Urgenç şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň maksady Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky daşary söwdanyň statistiki maglumatlaryny deňeşdirmek boýunça iş duşuşygyny geçirmek.
Türkmenistanda Maglumat tehnologiýalary babatda Startap bäsleşigi yglan edildi
Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesiniň Merkezi geňeşi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi «Türkmenistan – mümkinçilikleriň ýurdy» atly Maglumat tehnologiýalary babatda startap bäsleşiginiň geçirilýändigini barada habar berdi. Bäsleşik ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanýar.
Türkmenistanda saglygy goraýyş, bilim we sport boýunça halkara sergi geçiriler
Ýakyn wagtda Aşgabatda “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergi we ylmy maslahat geçiriler. Bu barada penşenbe güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Baýramgül Orazdurdyýewa hasabat berdi.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan innowasion ösüşleriň aýdyň ýoly bilen öňe barýar
Şu günler mähriban halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramyny uly zähmet üstünlikleri bilen garşylaýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň günsaýyn kämilleşýändigi, ösýändigi, özgerýändigi, biz, aragatnaşyk pudagynyň hünärmenlerini buýsandyrýar we guwandyrýar. Durmuşa geçirilýän sanly özgertmeler bolsa ýurdumyzy sebitiň möhüm aragatnaşyk merkezine öwürýär.
JEMGYÝETIMIZIŇ MIZEMEZ BINÝADY MAŞGALANYŇ SAGDYNLYGYDYR
Parasatly türkmen halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri sagdynlyk, ruhubelentlik durmuş ýörelgesi bolup gelýär. «Saglygym — baş baýlygym», «Bar zadyň sakasy saglyk», diýen paýhasly sözleriň döremegi munuň şeýledigini subut edýär.
Türkmenistan “Merkezi Aziýa — parahatçylykly ýaşaýşy gurmagyň giňişligi” forumyny geçirmegi hödürledi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň mejlisinde “Merkezi Aziýa — parahatçylykly ýaşaýşy gurmagyň giňişligi” atly halkara forumy geçirmegi hem-de Halkara araçylyk gününi yglan etmek hakynda Kararnamanyň taslamasyny teklip etdi.
«Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynyň jemleýji seljermesiniň netijesi
2025-nji ýylyň sentýabr aýynda, garaşsyz halkara hünärmenler tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň BMG-nyň Ösüş Maksatnamasy we BMG-nyň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasy bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçiren «Eksport-import amallary üçin bir penjire» taslamasyna jemleýji seljermesi geçirildi.
GARAŞSYZLYK - BUÝSANJYMYZ, BAGTYMYZ!
Şu günler Garaşsyz baky Bitarap Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň ykbalyny asyrlara barabar beýik özgerişler bilen dünýä tanadan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy uly dabaralara beslenip giňden bellenilýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz merdana türkmen halkynyň at-owazasyny täze röwüşde äleme ýaýdy.
DÜNÝÄNIŇ ABATLYGY ― HALKLARYŇ PARAHATÇYLYGY
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de oňyn Bitaraplyk Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasatynyň esasyny düzýär.
Türkmenistan 2026-njy ýylda Hazar ekologiýa forumyny geçirmegi teklip etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni Nýu-Ýorkda geçirilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda çykyş edip, 2026-njy ýylda sebitiň ekologiýa we klimat meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança bolup hyzmat etjek Hazar ekologiýa forumyny geçirmegi teklip etdi. Bu barada BMG-niň metbugat gullugy habar berýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.