Habarlar
Habarlar

Pyragy - dünýä meşhur akyldar şahyr
Asyrlaryň dowamynda uly-uly şäherleri gurup, taryhda öçmejek yzlar goýan ata-babalarymyzyň gurmak, döretmek ýörelgeleri bu günki bagtyýar zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalarynyň netijesinde täze many-mazmuna eýe bolýar.Bu gün halkymyz Arkadagly Serdarymyzyň pähim-paýhasy netijesinde Magtymguly atamyzyň arzuw eden döwletine, döwletliligine ýetdi.

Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýeti
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet durmuşynyň ähli ugurlary bilen bilen bir hatarda bilim-terbiýe meselesine, ýaş nesilleriň ruhy-ahlak medeniýetini kemala getirmek, kämilleşdirmek, ýaşlaryň ahlak sypatlaryny ösdürmek, olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek ýaly wajyp meseleleri üns merkezinden düşürmeýänligi ýaş nesli ruhy taýdan terbiýelemek işini irginsiz alyp barýan kitaphanaçylary has-da buýsandyrýar.

BILIMLI ÝAŞLAR – WATANYMYZYŇ ÝAGTY GELJEGI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, "Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar" ýylynda mähriban Diýarymyzda ýaş nesil döwletimiz tarapyndan aýratyn alada bilen gurşalyp, olaryň hemmetaraplaýyn hem-de sazlaşykly ösmegi, eşretli durmuşda bagtyýar ýaşamagy, döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin ähli şertler döredildi.

ARKADAGLY DÖWRÜŇ BAGTLY ÝAŞLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda ruhubelent, ýokary ahlakly we bilimli ýaş nesli kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň kesgitlän döwlet ösüşiniň strategik wezipeleriniň biridir. Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty olaryň sagdyn ösmegi hem-de kemala gelmegi üçin has oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilendir.

MAGTYMGULYNYŇ ŞYGRYÝET ÄLEMI
Hormatly Prezidentimiz edebi mirasymyzy öwrenmek, milli medeniýetimizi ýaşlaryň aňyna ornaşdyrmak barada uly tagallalary edýär. Hut şonuň üçinem kämil medeniýetimize we sungatymyza Ýer ýüzüniň ähli döwletlerinde belent sarpa goýulýar. Gündogaryň görnükli şahyr-filosofy, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-nji ýylda bellenilip geçiler. Bu Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr.

Türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili
Joşgunly aýdym-sazlar, şygyrlar ynsana ganat baglap, ony ýaşaýşa höweslendirýär. Şahyrlaryň göwün joşundan çykýan şygyrlar ynsan ruhuny galkyndyrýar. Muňa beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny okanyňda has-da göz ýetirýärsiň. Türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň şygyrlary gymmatly hazynadyr. Magtymguly Pyragynyň diňe bir türkmen halkynyň arasynda däl, eýsem, dünýä halklarynyň arasynda-da sarpasy uludyr.

MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ GOŞGULARYNYŇ TERBIÝEÇILIK ÄHMIÝETI
Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, ajaýyp goşgulary halkara derejesinde uly meşhurlyga eýedir. Şahyryň döreden goşgulary, olarda öňe sürýän pikirleri çuňňur many-mazmuna eýe bolup, okyjylaryň kalbynda orun alýar. Täze taryhy eýýamda akyldar şahyryň ajaýyp eserleri ylmy esasda öwrenilýär we dünýä ýaýylýar.

MAGTYMGULY PYRAGY - SÖZ ÄLEMINIŇ ÄGIRDI
Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan şygyrlary bilen ynsan kalbynda müdimi orun eýeledi. Akyldar şahyryň döredijiligi türkmen halkynyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygyna öwrüldi. Şahyryň goşgularynda il-gün, Watan hakynda çuňňur pikir ýöredilýär. Şonda eziz Watanyň, mähriban halkyň bilen bir bolmakdan uly bagtyň ýokdugyna göz ýetirýärsiň.

Magtymguly – beýik söz ussady
Hawa, akyldar şahyr “Magtymguly diýip adym tutsalar...” diýip arzuw edipdir. Adamzat kalbynyň şahyry Magtymguly Pyragynyň arzuwy Garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşdy. Şahyr, ilkinji nobatda, berkarar döwleti isläpdir. Berkarar döwleti gurmagyň ilkinji synmaz sütüniniň agzybirlikdedigine düşünip, erkin-azat ýaşamagyň sakasy bolan agzybirligi arzuw edipdir.

Magtymguly Pyragynyň eserlerinde bedew waspy
Çeper söz ussady bolan Magtymguly Pyragy türkmen edebiýatynyň taryhynda täze bir edebi eýýamyň ugryny esaslandyran şahyrdyr. Akyldar şahyr indi iki ýarym asyrdan gowrak wagt bäri edebiýat meýdanynda agyr kerweniň kerwen başysy bolup gelýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde her bir milli aýratynlyklarymyz, gymmatlyklarymyz şeýle hem edim-gylym, däp-dessurlarymyz giňden öz beýanyny tapýar. Hut şonuň ýaly-da türkmen bedewiniň waspy hem şahyryň döredijiliginde öz ornuny tapýar.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.