Habarlar
Habarlar
Türkmenistanyň ulag-üstaşyr ýük daşamalary artdyrylar
Daşkentde geçirilen duşuşykda Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinden we Hytaýdan Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Kawkaz ýurtlarynyň üsti bilen Ýewropa demir ýol ulaglary arkaly halkara ýük daşamalaryny ösdürmek ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Кыргыз темир жолу» döwlet kärhanasynyň metbugat beýanatynda habar berildi.
Kazan howa menzili aprel aýyndan başlap Türkmenistana howa gatnawlarynyň ýola goýuljakdygyny habar berdi
Kazan halkara howa menzili 2022-nji ýylyň aprelinden başlap Türkmenistan bilen uçuşlary täzeden başlamagy meýilleşdirýär. Bu barada «Kazanskiye Vedomosti» neşiri howa menziliniň metbugat sekretary Adel Gataulliniň sözlerine salgylanyp habar berýär.
Türkmenistanda kiberhowpsuzlygy berkitmek boýunça çäreler görülýär
«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» bellenen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, müşderilere internet ulgamy arkaly menzilara bank hyzmatlaryny hödürlemek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Bilşimiz ýaly, sanly ulgam köp işleri ýeňilleşdirýär, ýerine ýetirilýän amallary tizleşdirýär we wagty tygşytlaýar.
Ýurdumyzda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenilýär
21-nji martda halkymyz Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen dabaralandyrdy. Folklor-etnografiýa toparlarynyň çykyşlary, milli lybaslar, aýdymdyr tanslar gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan bu gadymy baýramyň tebigatyň we durmuşyň galkynyşyny alamatlandyrýandygyny görkezdi.
ULAG-ÜSTAŞYR GATNAWLAR PUGTALANDYRYLÝAR
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen ýurdumyzda gurlan halkara ulag geçelgeleri dünýä halklaryny hyzmatdaşlyga we bu ugurda tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyna gönükdirilendir.
Планируется возобновление регулярных авиарейсов Ашхабад-Минск
Согласно международным нормам IATA, летний сезон начинается в последнее воскресенье марта и заканчивается в последнюю субботу октября. В 2022 году эти дни приходятся на 27 марта и 29 октября.
HALKARA ULAG GEÇELGELERI – DOSTLUK KÖPRILERI
Ulag ulgamynyň kuwwatyny has-da ösdürmek babatda öňe sürülýän halkara başlangyçlar dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn goldaw tapyp, bu başlangyçlar üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Türkmenistan bu ulgamda ägirt uly kuwwata eýe bolmak bilen, iri halkara we sebit taslamalarynyň birnäçesini ýerine ýetirýär.
MILLI DEMOKRATIÝANYŇ AÝDYŇ ÝOLUNDA
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde milli demokratiýanyň ýörelgelerini, raýatlaryň hukuk taýdan erkinligini, ýurduň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, kanunlaryň hemmetaraplaýyn gyşarnyksyz berjaý edilmegini gazanmak babatda alnyp barylýan işler her bir türkmenistanlynyň adalatly jemgyýetde ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Türkmenistanyň iň ýokary kadalaşdyryjy hukuk namasy bolan Esasy Kanunymyz döwletimiziň syýasy-hukuk binýadydyr.
Аэропорт Казани анонсировал в апреле открытие маршрутов в Туркменистан
Международный аэропорт Казани планирует возобновить авиасообщения с Туркменистаном в апреле 2022 года. Об этом сообщает издание «Казанские ведомости» со ссылкой на пресс-секретаря аэропорта Аделя Гатауллина.
Türkmenistan we BMGÖM: sanlylaşdyrmak ulgamynda hyzmatdaşlyk
18-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň arasynda özara düşünişmek baradaky Memorandumyna gol çekildi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.