Habarlar
Habarlar

Türkmen – ukrain dostlugy ulag ulgamynda beýanyny tapýar
Milli Liderimiziň ýurdumyzy ykdysady taýdan kuwwatlandyrmak babatda durmuşa geçirýän halkara başlangyçlary ýurdumyzyň parahatçylyga we ynanyşmaga daýanýan täze ösüşli eýýamyny döredýär. Halkara ulag-logistika ulgamyny kämilleşdirmek babatda türkmen-ukrain hyzmatdaşlygynyň täze gözýetimleri hem munuň ýene bir basgançagyny emele getirdi.

Şäherara awtobus ugurlary bölekleýin açylýar
2021-nji ýylyň mart aýyndan bildirilýän talaplary berjaý etmek şerti bilen, ýagny saglyk we sosial kadalary ýerine ýetirilen ýagdaýynda synag hökmünde, hepde-de iki gezek Aşgabat – Daşoguz we Daşoguz – Aşgabat ugurlary boýunça awtobus gatnawy ýola goýlar.

Milli utgaşdyryjy domen merkezi
Milli ykdysadyýetimizi sanlaşdyrmak, ýurdumyzyň ulgamlaryny döwrebap innowasion tehnologiýalar arkaly awtomatlaşdyrmak döwletimiziň möhüm ugry hökmünde kesgitlendi.

«Call centre» sorag-jogap merkezi
Ýurdumyzyň ähli pudaklarynyň we jemgyýetçilik edaralarynyň alyp barýan işleri dünýä tejribelerine daýanýan tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna işjeň netijeliligini beýan edýär.

Ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamy kämilleşdirilýär
Häzirki döwürde ulaglaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmekde logistika ulgamy giňden ulanylýar. Logistikanyň maksady önümi tiz wagtda we ygtybarly ýagdaýda öndüriji kärhanalardan alyjylar köpçüligine ýetirmekden ybarat bolup durýar.

Türkmen-eýran serhedinde täze demir ýol şahasy durmuşa geçiriler
Hormatly Prezidentimiziň 26-njy fewralda geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Wise-premýer B.Öwezow türkmen-eýran serhedindäki “Dostluk” demir ýol köprüsiniň üstünden geçýän ikinji demir ýol şahasyny birikdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

YHG-nyň 14-nji mejlisinde halkara ulag we logistika geçelgelerini kemala getirmek meslesine garalar
2021-nji ýylyň 4-nji martynda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 14-nji mejlisine gatnaşýan Türkmenistan döwletimiz üstümizdäki ýyl bu abraýly halkara gurama başlyklyk eder.

«TULM» türkmen önümleriniň Hytaýa ugradylmagyny gurnaýar
Çarşenbe güni “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” (TULM) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan gurnalýan Türkmenistan-Gazagystan-Hytaý ugry boýunça Hytaýa 40-futlyk kyrk bäş sany konteýnerden ybarat polipropilen ýüküniň multimodal daşamasy başlandy.

«Türkmenhowaýollary» halkara gatnawlarynyň togtadylmagyny uzaldýar
Petekler 2021-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli hereket edýär. Ýatyrylan uçuşlaryň ýolagçylary bellenilen seneden öň islendik uçuş üçin petegini çalşyp bilerler.

Baku-Tbilisi-Kars demir ýoly boýunça ugradylýan ýük konteýnerleriniň sany artýar
Baku-Tbilisi-Kars (BTK) demir ýolunyň ugry boýunça 15 müňünji konteýner ýüki ugradyldy. Bu barada “Azernews” çarşenbe güni habar berdi. 15 müňünji konteýner Türkmenistan-Türkiýe ugruna hereket edýän ýük otlysynyň düzüminde ugrady.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.