Habarlar
Habarlar
162b4b59c3b191.jpeg
3 ýyl ozal
Galla oragy - 2022

Bilşimiz ýaly, Arkadagly Serdarymyzyň ak pata bermegi bilen, 4-nji iýunda Ahal, Lebap we Mary, 10-njy iýunda bolsa Balkan hem-de Daşoguz welaýatlarynyň babadaýhanlary galla oragyna girişdiler.

16712c0e2502a2.webp
1 ýyl ozal
Ýaşlar bilen aýdyň geljegimizi gurýarys

Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli ýöredýän «Açyk gapylar» syýasaty bütin dünýäde uly goldawa eýe bolup, döwletleriň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn ykdysady gatnaşyklary netijeli ýola goýmaga mümkinçilikleri açýar. Şeýle hem bu syýasatyň alnyp barylmagy, ýagny ýurdumyzyň bilim edaralarynda «Açyk gapylar» gününiň geçirilmegi ýaşlary sowat öwrenmäge we bilim almaga höweslendirmek maksadyna gönükdirilendir.

16824ef3f1f7ac.jpeg
10 aý ozal
MILLI YKDYSADYÝETIMIZ KÄMILLIGIŇ ÝOLUNDA

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»  ýylynda ýurdumyzyň ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ynamly ösüş ýoluny dowam etdirýär. Döwletimizde birnäçe il-ýurt bähbitli maksatnamalar kabul edilýär we olaryň kanunçylyk binýady barha berkidilýär.

162b284bfd8587.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistandan Russiýa iýun aýyndaky soňky ýörite howa gatnawy mälim edildi

21-nji iýunda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy 24-nji iýunda boljak ýörite howa gatnawy barada habar berdi. Bu bildiriş Russiýa Federasiýasynyň Konsullyk bölüminiň Telegram-kanalynda ýerleşdirildi.

162b552c824541.jpeg
3 ýyl ozal
TALYPLAR ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGINE BAŞLADYLAR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri bilimdir ylyma giň ýol açdy. Häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän hünärmenleri taýýarlamakda hormatly Prezidentimiziň ýokary okuw mekdepleriniň öňünde wajyp wezipeleri goýdy. Şolaryň oňyn çözülmegi üçin institutymyzda uly aladalar edilýär.  Professor-mugallymlarymyz enjamlaşdyrylan okuw otaglarymyzda, tejribehanalarymyzda okatmagyň oňaýly usullaryndan peýdalanyp, umumy, amaly, söhbet we tejribe okuwlaryny guraýarlar.

16712c36c73ac3.jpeg
1 ýyl ozal
Sanly bilim – kämilligiň gözbaşy

Biziň türkmen Diýarymyzda toýlar goşa-goşadan gelýär. Ynha, bu gün hem ýene bir biziň üçin ýatdan çykmajak şanly seneleriň birine şaýat bolup durus. Ýagny biziň 129-njy orta mekdebimizde “Açyk gapylar güni” giňden dabaraly ýagdaýda bellenip geçilýär. Bu ylmy-döredijilik çärämiz “Ýaşlar bilen aýdyň geljegimizi gurýarys” diýen tema bilen esaslandyrylýar.

162b132ff6dc24.jpeg
3 ýyl ozal
Ilkinji Gazagystan-Türkiýe ýük otlusy Türkmenistanyň çäginden geçdi

Gazagystan-Türkmenistan-Eýran-Türkiýe ugry boýunça ilkinji ýük otlusy anna güni Türkmenistandan geçip, şenbe güni Eýranyň Tähran stansiýasyna bardy. Bu barada “Tehran Times” habar berdi.

162b1337f45dee.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistan Eýran üçin gümrük nyrh ýeňilliklerini döreder

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi çarşenbe güni Tähranda iki ýurduň Hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin maslahat geçirdiler. Onuň dowamynda Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň hyzmatdaşlar bilen nyrh ýeňilliklerini hödürlemek we gümrük amallaryny ýeňilleşdirmek ýaly möhüm meseleler boýunça işe başlamaga taýýardygyny mälim etdi.

162b131400cbe6.jpeg
3 ýyl ozal
«Türkmenpoçta» çaparçylyk hyzmatynyň işini kämilleşdirýär

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy türkmenistanlylara «salgydan-salga» çaparçylyk hyzmatyndan peýdalanmagy hödürleýär. Bu hyzmat ilata ýetirilýän hyzmatlaryň derejesini ýokarlandyrmagy we kärhananyň işine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagy nazarda tutmak bilen, kompaniýanyň umumy maksatlaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

162b1340f12a8a.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistan bilen Eýran ulag gatnaşyklaryny güýçlendirýär

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew sişenbe güni Tähranda Eýranyň Ulag we şähergurluşyk ministri Rostam Gasemi bilen duşuşyk geçirdi. Onuň dowamynda taraplar sebitdäki geçelgelerde ulag we üstaşyr gatnaşyklaryny ösdürmegi ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Eýranyň “Mehr” agentligi habar berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.