Habarlar
Habarlar

Nepis sungatyň sarpasy
Haly ene-mamalarymyzyň nesillerimize miras goýan senedidir, milli mirasydyr. Şeýle-de haly bedew atymyz, alabaý itimiz ýaly halkymyzyň dünýä beren gymmatlyklarynyň biridir. Türkmen gelin-gyzlarymyzyň diýseň nepis dokan halylaryny gören, synlan her bir adam oňa haýran galyp, bu inçe sungaty döredenlere sagbolsun aýdýar.

EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGY — DERWAÝYS MESELE
Ekologiýa howpsuzlygy, suwdan netijeli peýdalanmak, çölleşmäniň öňüni almak ýaly meseleler üçünji müňýyllygyň global meselelerine öwrülýär. Ýurdumyzyň ähli suwarymly ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen Garagum sährasynda iri gidrotehniki desgalaryň birine öwrülen “Altyn asyr” Türkmen köli döredildi.

Saňa at diýmerin...
Eziz Diýarymyzda atçylygy we atly sporty ösdürmäge aýratyn uly üns berilýär. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda hem türkmen atşynaslyk sungaty belentliklere göterilýär. Halkymyzyň buýsanjy, gardaş derejesinde gören bedewleri görlüp-eşidilmedik derejede sarpalanýar, söýülýär.

TÜRKMENIŇ UÇAR GANATY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Diýarymyzyň hem-de daşary ýurtly atşynaslaryň ahalteke bedewlerini ýetişdirmek boýunça amala aşyrýan asylly işlerine mynasyp baha berýär. Olara «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy», «Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary», «Türkmenistanyň halk atşynasy» hem-de «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly atlar dakylýar.

BEHIŞDI AHALTEKE BEDEWI
Halkymyz behişdi bedewlerine asyrlar boýy belent sarpa goýup, olary buýsanjyna deňäp, milli baýlyk derejesinde eý görüp gelýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli atşynaslygyň täze derejelere göterilendigini hem buýsanç bilen aýdyp bileris. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýyndamlykda, gözellikdevdeňsiz-taýsyz hasaplanylýan ahalteke bedewlerimiziň dünýä ýüzündäki şan-şöhratynyň häzirkisindenem belende göterilmegi ugrunda ähli tagallalary edýär.

AHALTEKE BEDEWLERI – TÜRKMEN HALKYNYŇ MIRASYDYR
Milli gymmatlyklarymyzyň biri, halkymyzyň buýsanjy bolan ahalteke bedewlerimiziň öz köküni has gadymy döwürlerden alyp gaýdýandygyny taryhy maglumatlar subut edýär. Ýurdumyzyň çäklerinde atyň bäş müň ýyl mundan ozal eldekleşdirilendigi gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan tapyndylaryň esasynda, şu günki gün Türkmenistan dünýäde iň gadymy at tohumynyň ösdürilip ýetişdirilýän mesgenidir diýip aýtmaga ähli deliller we subutnamalar bar.

Diýarymyzyň gözel tebigatyny goralyň!
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen topragynda güýz pasly dowam edýär. Ösümlik we haýwanat dünýäsine örän baý türkmen tebigatynyň daglary, düzleri, derýalary, sähralary özüne mahsus bolan aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Bedew batly ösüşlere beslenen ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy bilen, bag ekmek, daşky gurşawy, tebigatyň bize eçilen täsinliklerini, baýlyklaryny goramak ýaly asylly işlere giňişleýin badalga berilýär.

BEHIŞDI BEDEWLER
Türkmen halkynyň uçar ganaty bolan gamyşgulak bedew atlary bu günki gün öz gözelligi bilen bütin dünýä ýüzüni haýrana goýýar. Öz gözbaşyny gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýan bedew atlary duýgurlygy bilen türkmeniň kyn gününde syrdaşy, uzak ýolda ýoldaşy, gardaşy hasaplanylypdyr. Görogla ýoldaş bolan Gyrat, Döwletýara syrdaş bolan Serhoş hem taryhyň gymmatly gatlarynda öz yzlaryny goýupdyr.

Ahalteke bedewi — türkmeniň milli buýsanjy
Ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy giň gerimde bellenilip geçildi. Uludan toýlanan bu baýram öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, häzirki döwürde bagtyýar nesillerimize miras galan ýelden ýyndam ahalteke bedewlerimiziň türkmen halkynyň dünýä çykaran gaýtalanmajak sungatydygyny nobatdaky gezek aýan etdi.

TÜRKMEN BEDEWLERI — MILLI BUÝSANJYMYZ
Arkadagly Serdarymyz Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli geçirilen dabarada eden taryhy çykyşynda ahalteke atlarynyň baş sanyny we dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmak boýunça möhüm işleriň dowam etdiriljekdigini belläp geçdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen bedewiniň milli baýramynyň giňden bellenilmegi diňe bir türkmen halkymyzy däl, eýsem, dünýä halklaryny hem begendirdi.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.