Habarlar
Habarlar
162a6315c71415.jpeg
3 ýyl ozal
Ylym — döwletiň kuwwaty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni uly üstünliklere beslenýär. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ugurlarynda, şol sanda, ylym-bilim ulgamynda hem uly ösüşler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli kabul edýän çözgütleri, berýän tabşyryklary eziz Watanymyzyň rowaçlanmagyna, halkymyzyň eşretli durmuşynyň hatyrasyna gönükdirilýär.

3 ýyl ozal
Bitarap döwletimiziň halkara abraýy

Türkmenistan döwletimiz özüniň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan halkara borçlaryny mynasyp amal etmek bilen, dünýä bileleşiginiň belent münberinden umumadamzat bähbitli başlangyçlar bilen çykyş edip gelýär. Gahryman Arkadagymyzyň döwletimize baştutanlyk eden on bäş ýylynyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyçlary boýunça Kararnamalaryň ýigrimä golaýyny kabul etdi.

166d84f7663a3f.jpeg
1 ýyl ozal
Ýurdumyzyň ulag infrastrukturasy

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan köpugurly, çuňňur oýlanyşykly daşary syýasatyny dünýäde parahatçylygy we sazlaşykly ösüşi üpjün etmäge gönükdirýär. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine halkara giňişliginde Merkezi Aziýada we onuň çäklerinden daşarda netijeli döwletara gatnaşyklary ýola goýmagyň, sebitde hakyky dostluga, özara ynanyşmaga we hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan gatnaşyklary ösdürmegiň netijeli guraly hökmünde garalýar.

162a161a2148cb.jpeg
3 ýyl ozal
Halkara ýük ulaglaryna Türkmenistandan üstaşyr geçmekleri üçin bildirilýän talaplar

Türkmenistan şu ýylyň 1-nji iýunyndan başlap, bildirilýän talaplary berjaý etmek şerti bilen, halkara ýük ulaglaryna sürüjileri bilen bilelikde Eýran-Özbegistan we Özbegistan-Eýran ugurlary boýunça öz çäginden üstaşyr geçmäge rugsat berdi. Halkara ýük ulaglarynyň hereketi boýunça bellenen ugur türkmen-özbek serhedindäki Farap-Alat geçelgesi we türkmen-eýran serhedindäki Sarahs-Sarahs geçelgesi aralygyndadyr.

162a00c234e919.jpeg
3 ýyl ozal
Akina — Andhoý demir ýolunyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyryna gadam basdy

5-nji iýunda Akina — Andhoý demir ýolunyň Owganystanyň çäginde ýerleşýän galan böleginiň işlerine başlanyldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi web saýtynda habar berýär. Degişli habarda: «2022-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň demirýolçulary we bilermenleri Akina şäherine Akina — Andhoý demirýolunyň gurluşygyny dowam etmek üçin geldiler. Türkmen bilermenleri şeýle hem öz ýanlary bilen ähli gerek bolan tehnikalary we enjamlary getirdiler» - diýlip bellenilýär.

1629dfeb93846d.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistan Özbegistana öz çäginden ýükleri geçirmäge rugsat berdi

Özbegistan Türkmenistanyň çäginden ýükleri daşamagyny gaýtadan ýola goýdy. Bu kararyň 1-nji iýundan güýje girendigi barada gazeta.uz web saýty respublikanyň ministrligine salgylanyp habar berýär.

1629d041bd16b5.jpeg
3 ýyl ozal
Aşgabat halkara howa menzili bäsleşik yglan edýär

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Aşgabat halkara howa menzili Bäherden we Gökdepe etraplarynda, Köpetdagyň dag eteklerinde, Ýalkymdaky ýaşaýyş jaý toplumynda hem-de Arçabil we Gökdere ýollarynyň ugrunda özüne berkidilen ýer meçdançalaryndaky tokaý zolaklara, baglara, agaçlara, gyrymsy agaçlara ideg etmek we olary suwarmak boýunça bäsleşik yglan edýär

1629b7299b8e73.jpeg
3 ýyl ozal
WELOSIPEDIŇ EKOLOGIÝAMYZA TÄSIRI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzda halkymyzyň bolelin, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny, jemgyýetimiziň mizemez esasy bolan maşgala ojaklarynyň mäkämligini, watansöýüji, sagdyn we berk bedenli ýaşlaryň kemala gelmegini üpjün etmek ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz ýaş nesliň saglygynyň goralmagyny döwlet derejesindäki ilkinji nobatdaky wezipe hökmünde kesgitleýär.

3 ýyl ozal
Gurýan, döredýän ýurdumyz

 Ýurdumyzyň gurluşyk toplumy döwletimiziň ösüş badyna bat goşýan ulgamlaryň biridir. Muňa Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynyň jemlerine bagyşlanan bilelikdäki giňişleýin mejlisinde berlen hasabatlardan hem göz ýetirmek bolýar.

3 ýyl ozal
Halkymyzyň abadanlygy ugrunda

Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Serdarymyz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda, ýurdumyzda mähriban Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan döwletli başlangyçlar barha rowaçlanýar. Şonuň netijesinde, halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýy has-da gowulanýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.