Habarlar
Habarlar
Hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary başlandy: gün tertibinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy
16-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Özbegistan Respublikasyna ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Paýtagtymyzda ulag-kommunikasiýa toplumyna degişli iri halkara forumlar geçirilýär
Düýn Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara sergi we ylmy maslahat, şeýle-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Möhüm strategik pudaklarda sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygy, işewürligi ösdürmekde täze mümkinçilikleri açjak bu çäreler ilkinji gezek bitewi meýdançada utgaşdyrylyp geçirilýär.
Ilkinji Russiýa-Eýran ýük otlusy Türkmenistandan geçdi
Russiýadan ugrap, Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçen ilkinji ýük otlusy Eýrana baryp ýetdi. Bu barada ýekşenbe güni Eýranyň IRNA agentligi habar berdi. Otlynyň düzüminde kagyz, sellýuloza hem-de beýleki senagat önümleri ýerleşdirilen 62 sany 40-futlyk konteýner bardy.
Mämmethan Çakyýew: Türkmenistan daşary ýurt maýadarlary hyzmatdaşlyga çagyrýar
Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň anyk maýa goýum tekliplerine seretmäge taýýar diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmethan Çakyýew çarşenbe güni Aşgabatda geçirilýän “Türkmentel–2025” ylmy maslahatynda aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
BMG Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň işine ýokary baha berýär
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Irlandiýa Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hanym Ketrin Konnollä Irlandiýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
YNSAN SAGLYGY – BAGTYÝARLYGYŇ, ROWAÇ GELJEGIŇ KEPILI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen ösüşlerden-ösüşlere tarap öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara derejesindäki abraýy has-da belende göterilýär. Täze taryhy döwürde Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk ýörelgesini Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirmegi netijesinde asyrlara barabar işler amala aşyrylýar.
Türkmen-eýran serhedinde ýerleşýän «Artyk» hem-de «Sarahs awtoýollary» gümrük nokatlarynyň durkuny täzelemek işleri başlandy
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy serhetýaka gümrük nokatlarynyň ulag geçirijilik kuwwatyny ýokarlandyrmak we gümrük hyzmatlarynyň hilini kämillleşdirmek boýunça işleri tapgyrlaýyn esasda alyp barýar. Bu işleriň nobatdaky tapgyrynda, türkmen-eýran serhedinde ýerleşýän «Artyk» hem-de «Sarahs awtoýollary» gümrük nokatlarynyň durkuny täzelemek boýunça gurluşyk işlerine başlady.
Türkmenistan we Saud Arabystany haj möwsümini gurnamaklygy ylalaşdylar
Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýeti bilen Saud Arabystanynyň haj we umra ministrligi 2026-njy ýylda türkmen raýatlarynyň haj zyýaratyna iberilişini guramak tertibini kesgitleýän ylalaşyk baglaşdylar. Bu barada Saud Arabystanyndaky Türkmenistanyň Ilçihanasy habar berýär.
Aşgabatda “Türkmentel-2025” halkara sergisi we ylmy maslahaty öz işine başlady
Şu gün «Türkmentel-2025» atly halkara sergi we ylmy maslahat, şeýle hem «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2025» atly halkara maslahatyň we serginiň açylyş dabarasy geçirildi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.