Habarlar
Habarlar
1696db43d50675.jpeg
7 aý ozal
IRU Orta geçelge arkaly ýük daşamalaryny çaltlandyrmak boýunça tekliplerini hödürledi

Dünýäde ýük daşamalary täze söwda ugurlaryna tarap süýşýär, emma serhet geçelgeleri üstaşyr daşamalaryň ösdürilmeginde esasy çäklendiriji faktor bolup galýar. Halkara awtomobil ulaglary birleşigi (IRU) Wenada geçirilen “Turkic Week” çäresiniň çäginde Orta geçelge boýunça daşamalary ýönekeýleşdirmäge gönükdirilen tekliplerini hödürledi. Bu barada IRU çarşenbe güni habar berdi.

1696dae38b6529.jpeg
7 aý ozal
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda bolup, bu ýerde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň şanly wakalarynyň birine öwrüljek Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy.

1696db30c75826.jpeg
7 aý ozal
Aşgabat–Türkmenbaşy demir ýoluny döwrebaplaşdyrmak meýilleşdirilýär

Türkmenistanda Aşgabat–Türkmenbaşy demir ýoluny döwrebaplaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Bu barada anna güni geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmethan Çakyýew degişli başlangyç boýunça çykyş etdi.

1696dba7cbf3a5.jpeg
7 aý ozal
“Tesla” dünýäde iň iri elektromobil öndürijisi derejesini ýitirdi

“Tesla” kompaniýasy dünýäde iň köp elektromobil satýan öndüriji diýen derejesini ýitirdi. ABŞ-da alyjylar üçin salgyt ýeňillikleriniň bes edilmegi we daşary ýurtlarda güýçli bäsdeşlik sebäpli kompaniýanyň satuwy eýýäm ikinji ýyl yzygiderli peselýär. Bu barada “Associated Press” agentligi habar berýär.

1696db790d5369.png
7 aý ozal
«Türkmentelekom» sanly hyzmatlaryny giňeldýär: sagatlaýyn ätiýaçlyk nusga almak we domenleri dolandyrmak

«Türkmentelekom» kompaniýasy sanly hyzmatlarynyň sanawyny giňeldip, ulanyjylara maglumatlary sagatlaýyn ätiýaçlyk nusga almak (backup) hem-de domen atlaryny dolandyrmak mümkinçiliklerini hödürleýär.

1696daf47e51e0.jpeg
7 aý ozal
Abadançylygyň we rowaçlygyň ýoly bilen

Geçen hepdäniň wakalary ýurdumyzyň ösüşiň we döredijiligiň ýoly bilen ynamly öňe barýandygynyň nobatdaky beýany boldy. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda uly ösüşler gazanylýar. Munuň özi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.

1696dad23893f7.jpeg
7 aý ozal
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

16-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

16969ba62c5c4d.png
7 aý ozal
«Türkmentelecom» kompaniýasy Aşgabatda we ýurduň dürli künjeklerinde meşhur dynç alyş merkezlerinde Wi-Fi ulgamyny giňeltdi

“Türkmentelecom” simsiz internet infrastrukturasyny ösdürmegini dowam etdirýär. TELECOMWIFI ulgamy indi Aşgabat şäherindäki köpçülikleýin ýerlerde, paýtagtyň halkara howa menzilinde we ýurduň iň uly şypahanalarynda elýeterlidir.

1696885f051a05.jpeg
7 aý ozal
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna bagyşlanan maslahat

Türkmenistanyň 2026-njy ýyly «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň mejlisler zalynda maslahat geçirildi.

169687f60ef3d3.jpeg
7 aý ozal
Ýewropa kompaniýalary Hazar deňziniň portlarynyň “ýaşyl” özgertmelerini goldar

Italiýanyň RINA hem-de Germaniýanyň “HPC Hamburg Port Consulting” halkara maslahat beriş kompaniýalary ÝHHG-niň “Hazar sebitinde “ýaşyl” portlaryň we arabaglanyşygyň ösdürilmegine ýardam bermek” taslamasynyň çäginde bäş ýyllyk şertnama baglanyşdy. Bu barada RINA kompaniýasy duşenbe güni habar berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.