Habarlar
Habarlar
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
1-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň on aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy.
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginde wagyz-nesihat maslahaty geçirildi
30-njy oktýabrda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň mejlisler zalynda «Ösüşlere beslenen parahat, asuda Watanyň buýsançly zenanlary» atly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.
Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi bäsleşigi gaýtadan yglan edýär
Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi Sarahs demir ýol menzilindäki Sarahs demir ýol gözegçilik-geçiriş nokadynyň durkuny tazelemek boýunça No.ЖД-001 belgili açyk görnüşli bäsleşigi gaýtadan yglan edýär
Türkmenistanda «Türkmentel – 2025» atly halkara sergisi hem-de ylmy maslahaty geçiriler
Ösüşiň innowasion ýoluny üpjün edýän telekommunikasiýa ulgamyny kämilleşdirmekde, dünýä ähmiýetli iri sanly taslamalary durmuşa geçirmekde we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda «Türkmentel – 2025» halkara sergisiniň hem-de ylmy maslahatynyň ähmiýeti örän uludyr.
«IL SAGLYGY — ÝURT BAÝLYGY»
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Garaşsyz döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Şoňa görä-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga uly ähmiýet berilýär. Beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza wepaly, ukyp-başarnykly nesilleri ýetişdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
Hazar deňizinde Türkmenistan infrastruktura we senagat potensialyny giňelder
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Baýmyrat Annamammedow her ýyl 3-nji noýabrda bellenilýän Gurluşyk we senagat toplumynyň işçileriniň gününe taýýarlyk barada hasabat berdi.
Kraçanyň Tehnologiýa diplomatiýasy instituty bilen bilim we tehnologiýa hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy
27-nji oktýabrda Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Waşingtondaky Perdu uniwersitetiniň Kraçanyň Tehnologiýa diplomatiýasy institutynyň ofisinde institutyň ýolbaşçylary we hünärmenleri bilen iş duşuşygy geçirildi.
BAGTYÝARLYK SAGLYKDAN BAŞLANÝAR
Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy esasynda işlenip taýýarlanylan, strategik häsiýete eýe bolan, durmuş ugurly «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy hil taýdan täze derejelere çykýar.
Türkmenistan we Germaniýa Frankfurtdа ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşarlar
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan TMT Consulting Group kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda Germaniýanyň Frankfurt şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günleriniň çäklerinde "Türkmenistanyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek: ýetilen sepgitler we mümkinçilikler" atly mowzuklaýyn ilkinji mejlisi geçiriler.
Türkmenistan nobatdaky ählihalk bag ekmek çäresine taýýarlyk görýär
Ýurduň ekologik ýagdaýynyň gowulandyrylmagyny maksat edinýän giň gerimli döwlet maksatnamasynyň çäklerinde, Türkmenistan nobatdaky ählihalk bag ekmek çärelerine taýýarlyk görýär. Raýatlary tutuş ýurt boýunça birleşdirjek ekologik çäre noýabr aýynyň 8-ine geçirilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.