Habarlar
Habarlar
Sport ulgamy döwrebaplaşýar
Häzirki wagtda ýurdumyzda sporta uly goldaw berilýär. Şeýlelikde, bedenterbiýe we sport hereketine ýokary netijeli berilýän döwlet goldawynyň çäklerinde milli kanunçylygymyzyň yzygiderli ösdürilmegi, kämilleşdirilmegi, milli maksatnamalaryň kabul edilmegi ata Watanymyzyň sport äleminde dünýäniň iň ösen döwletleriniň hatarynda durmagyna mümkinçilik berdi.
Ýaşlara uly ynamyň döwri
Turuwbaşdan şöhratly günleri peşgeş beren «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzyň ajaýyp bahar pasly ýurdumyza hakyky ýaz ýakymy bilen geldi. Şeýle günlerde ýurdumyzda uly jemgyýetçilik-syýasy çäräniň — Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi hem-de onuň esasynda hormatly Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowyň döwlet Baştutanynyň wezipesine saýlanylmagy döwletimizde demokratiýanyň giňden dabaralanýandygynyň aýdyň subudy boldy.
Süzme we gurt önüminiň taýýarlanyşynda çig malyna bildirilýän talaplar
Süzme önümi öndürlende süýt çig malyna bildirilýän talaplary şulardan ýbarat: ilki bilen süýdüň organoleptiki görkezijisi, arassalyk derejesini, himiki-fiziki görkezijilerini barlaýarlar. Bu barlaglaryň netijesinde süýdüň derejelere bölünmesi bolup geçýär. Süýt esasan ýokary, I, II we bisort süýtlere bölünýär. Ýokary, birinji we ikinji derejeli süýtler süýt önümçiliginde süýt önümleri öndürmek üçin ulanylýar. Bisort süýtler bolsa mallara iýim hökmünde garylyp berilýär.
Aşgabadyň Merkezi Botanika bagy
Bahar paslynyň gelmegi bilen Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary mendeni dynç almak hem-de maşgalasy bilen gyzykly wagt geçirmek üçin baryp boljak ýerleriň biri Botanika bagy bolsa gerek.
Üstünlikleriň binýatlyk özeni
Şu ýylyň 19-njy martynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öz wezipesine girişmek dabarasynda eden taryhy çykyşy giň gerimli özgertmeleriň, tutumly maksatnamalaryň, täze arzuw-umytlaryň we täzeçil ýörelgeleriň ýolunda täze badalga boldy.
Türkmenistanyň ýerli alma sortlaryndan konsentrat taýýarlamagyň tehnologiýasy
Hormatly Prezidentimiziň esasy maksadynyň biri hem halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine ýetirmekdir. Bu belent maksada ýetmekde, azyk bolçulygyny döretmekde ýurdumyzyň Oba hojalyk toplumy uly işleri durmuşa geçirýär.
Ýodlandyrylan çörek we çörek önümleriniň ähmiýeti
Ýod ýetmezçiligi keseli lukmançylyk we jemgyýetçilik meselesi bolup durýar. Olar esasan çagalar we ýetginjekler üçin howply, sebäbi akyl taýdan yza galmagyna we fiziki ösüşiniň haýal bolmagyna sebäp bolup biler. Ýod-adam bedeniniň köp ýerine ýetirýän işlerine, şol sanda ösmegine we işjeňliginiň berkemekligine bagly möhüm mikroelementdir.
EKOLOGIÝA WE DAŞKY GURŞAW
Tebigat – bu biziň dem alýan jana şypaly howamyz, görýän ýagtylygymyz, içýän suwumyz, naz-nygmatly iýmitlerimiz, ýöreýän ýolumyz, basýan topragymyz, ýaşaýşymyz, bizi gurşap alýan ähli barlyk çeşmämiz, mukaddesligimiz. Adam tebigat tarapyndan döredilendir we biz onuň perzentleridiris. Adam bilen tebigat hiç haçan aýrylyşyp bilmez. Olar biri-biri bilen mydama baglanyşyklydyrlar.
Ýolumyzyň aýdyň şamçyragy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz mähriban halkymyza özüniň ýene-de bir ajaýyp eserini — «Ömrümiň manysy» atly täze kitabyny peşgeş berdi. Bu kitapda Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň her bir raýatyna ömrüniň her gününi döwrümize, milli däp-dessurlarymyza mynasyp ýaşamagy, durmuşyny ýagşylyklara beslemegi, halkymyzyň ynamyna, söýgüsine mynasyp bolmagy, berkarar döwletimizi mundan beýläk hem beýgeltmäge goşant goşmagy sargaýar.
Bagym bar — barym bar
Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary bilen badalga berlen ekologiýa abadançylygyny gowulandyrmak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek işleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze röwüşde mynasyp dowam edýär. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet baştutany wezipesine girişeninden soňra ilkinji il-ýurt bähbitli işini bag ekmek çäresinden başlamagynyň özi hem aýdyňlygy bilen tassyklaýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.