Habarlar
Habarlar
168d0d7a082b42.jpeg
7 aý ozal
Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda £99 milliona deň boldy

Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy 2024-nji ýylyň aprel aýyndan 2025-nji ýylyň mart aýy aralygynda 99 million funt sterlinge barabar boldy. Bu barada Beýik Britaniýanyň işewürlik we söwda departamenti anna güni habar berdi.

168d0cf595dbf4.jpeg
7 aý ozal
Watanymyzyň bähbidine döredijilikli zähmet üçin döwlet sylaglary gowşuryldy

20-nji sentýabrda paýtagtymyzda dürli pudaklarda zähmet çekýän, Garaşsyz Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine, onuň halkara abraýyny artdyrmaga uly şahsy goşandyny goşan işgärlere, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, olaryň düzümleýin guramalarynyň hünärmenlerine, döredijilik işgärlerine döwlet sylaglaryny gowşurmak we hormatly atlary dakmak dabarasy boldy.

168d4c635b971f.jpeg
7 aý ozal
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Garaşsyzlyk gününe görülýän taýýarlyk işleriniň barşy bilen tanyşdy

24-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ir bilen Aşgabat atçylyk sport toplumyna bardy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygyna görülýän taýýarlyk işleri we toplumyň döwrebaplaşdyrylyşy bilen tanyşdy.

7 aý ozal
«MEDENIÝET HALKYŇ KALBYDYR»

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetiň ähli ugurlarynyň ösdürilmegi bilen bir hatarda türkmen halkynyň medeniýeti, sungaty hem täzeçe öwüşginlere eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz medeni mirasymyzy ylmy esasda öwrenmekde, medeniýetimizi dünýä ýaýmak ähli  mümkinçilikleri döredip berýär. Alym Arkadagymyz «Medeniýet halkyň kalbydyr» diýip belleýär.

168ce80448c392.jpeg
7 aý ozal
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi

19-njy sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

7 aý ozal
BITARAPLYK PARAHATÇYLYGA UZAÝAN NURANA ÝOLDUR

Berkarar döwletiñ täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen, Watanymyzyň halkara abraýyny has-da artdyrdy, ynsanperwerlik, parahatçylyksöýüjilik, dostluk, ýörelgeleriniň, hoşniýetli goňşyçylyk gatnaşyklarynyň rowaçlanmagyna giň ýol açdy.

168d4c2aa5e866.jpeg
7 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň mejlisine gatnaşdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisiniň ilkinji gününe gatnaşdy we çykyş etdi.

168ce7f68d0162.jpeg
7 aý ozal
Aragatnaşyk pudagy Garaşsyzlyk baýramyny zähmet üstünlikleri bilen garşylaýar

Däp bolşy ýaly, her ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ähli pudaklarynda öz hünärine ussat işgärler, öňdebaryjy watandaşlarymyz döwlet sylaglarydyr, hormatly atlar we Şa serpaýlary bilen sylaglanylýar.

168d378d0ad95a.jpeg
7 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Eswatininiň Patyşasy bilen duşuşdy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Eswatininiň Patyşasy Mswati III bilen duşuşdy.

7 aý ozal
«MAGTYMGULY — DÜNÝÄNIŇ AKYLDARY»

Türkmen halky şöhratly taryhynda, köp müňýyllyklaryň dowamynda kitaby sarpalapdyr, çuňňur gyzyklanma bilen okapdyr, pähim­paýhasyny kalbyna siňdiripdir. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň belleýşi ýaly, kitap okanlar manydan dok bolýar, ömürleri manyly menzillere beslenýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza peşgeş edýän ajaýyp eserleri çuňňur manynyň nusgasydyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.