Habarlar
Habarlar
1689444f5d40fb.jpeg
7 aý ozal
AIMGB: energetika we ulag infrastrukturanyň ösmegi deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlary goldaýar

Häzirki zaman infrastruktura deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň durnukly ösüşinde möhüm orny eýeleýär. Bu barada Aziýa infrastruktura maýa goýumlar bankynyň (AIMGB) Dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Szin Liçunyň Awazada geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň ösüp barýan, deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) çäklerinde geçirilen “tegelek stol” maslahatynda belläp geçdi.

168942ca95ee7c.jpeg
7 aý ozal
Durnukly ulag üçin sanly arabaglanyşyk

6-njy awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde “Arabaglanyşyk: araçägiň daşyndaky sanly mümkinçilikler” atly çäre geçirildi.

16892f8e052b14.jpeg
7 aý ozal
Sebitara ulag gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ugrunda maslahatlar geçirildi

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ýolagçy parom terminalynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministriniň ýolbaşçylygynda türkmen-eýran ikitaraplaýyn, türkmen-eýran-özbek, türkmen-eýran-gazak üçtaraplaýyn duşuşyklary geçirildi.

16892ebb4d2ef4.jpeg
7 aý ozal
Ulag-aragatnaşyk ulgamynda ​​​​​​​türkmen-türk hyzmatdaşlygy ilerleýär

5-nji awgustda Türkmenbaşy Halkara deňiz portynyň ýolagçy parom terminalynyň maslahatlar zalynda Türkiýe Respublikasynyň Ulag we infrastruktura ministri Abdulkadir Uraloglynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň we Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministriniň, Türkmenistanyň awtomobil ulaglary ministriniň hem-de degişli hünärmenleriň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi.

168957a413d6f2.jpeg
7 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Karol Nawroskä Polşa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

16892ffcc83b16.jpeg
7 aý ozal
BMG durnukly ösüş üçin maliýe we hyzmatdaşlyk zerurlygyny nygtady

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş anna güni “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji halkara maslahatynyň (LLDC3) mejlisinde çykyş edip, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we ösüp barýan ýurtlary, aýratyn hem deňze çykalgasy bolmadyk döwletleri goldamak üçin maliýe serişdelerini gönükdirmäge çagyrdy.

1689306323a425.jpeg
7 aý ozal
Mahaçkalanyň porty Türkmenistan bilen gämi gatnawyny ýola goýar

Mahaçkalanyň deňiz söwda porty 2030-njy ýyla çenli Türkmenistan, Eýran we Gazagystan bilen gämi aragatnaşygyny ýola goýmagy meýilleşdirýär, bu bolsa Hazar sebitiniň ulag mümkinçiliklerini ep-esli giňeltmäge şert döreder.

168943307cc835.jpeg
7 aý ozal
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet ýolbaşçylary bilen duşuşyklary

6-njy awgustda hormatly Prezidentimiz BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen birnäçe döwlet ýolbaşçylary bilen duşuşdy.

16892fb929eeea.jpeg
7 aý ozal
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow LLDC maslahatynyň çäklerinde Tatarystanyň Baştutany bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça BMG-niň üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurda gelen Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada sişenbe güni Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň resmi metbugaty habar berdi.

168930143ddbbb.jpeg
7 aý ozal
Türkmenbaşy halkara howa menziliniň gümrük gözegçilik nokadynda daşary ýurt myhmanlary çalt we ygtybarly geçirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, şu ýylyň 4-8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin daşary ýurtlardan gelýän wekiller türkmen myhmansöýerliginiň iň naýbaşy däpleri bilen garşylanylýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.