Habarlar
Habarlar
Mahaçkala — Türkmenbaşy parom gatnawy 2030-njy ýyla çenli ýola goýular
Mahaçkala deňiz söwda porty 2030-njy ýyla çenli Türkmenistanyň, Eýranyň we Gazagystanyň portlary bilen parom gatnawyny ýola goýmagy meýilleşdirýär. Bu taslama Hazar sebitiniň ulag mümkinçiliklerini ep-esli giňeltmäge mümkinçilik berer. Bu barada şenbe güni Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
4-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy.
Paýtagtymyzdaky 100-nji we 45-nji awtobus ugurlary üýtgedildi
Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy 1-nji awgustdan Köpetdag şaýolunyň ugrunda bejeriş işleri geçirilýändigi sebäpli, 100-nji «Teke bazar — Arkadag şäheri» awtobus ugrunyň hem-de 45-nji «Teke bazar — Gökdere» awtobus ugrunyň üýtgedilendigini habar berýär.
Türkmenistan Hytaýdan Ýewropa alternatiw ulag geçelgesini açar
Ýakynda Pekinde Hytaýyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň we Türkiýäniň demir ýol edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda täze konteýner ýolunyň açylmagyna bagyşlanan duşuşyk geçirildi. Bu ýol «Hytaý – Gazagystan – Türkmenistan – Eýran – Türkiýe – Ýewropa» ugrunda hereket eder.
Türkmenbaşy halkara deňiz portunda sebitleýin çäre geçirildi
Ýakynda Türkmenbaşy halkara deňiz portunda Deňiz portlarynda howpsuzlyk we töwekgelçilikleri dolandyrmak atly sebitleýin okuw maslahaty geçirildi. Bu halkara okuw çäresine Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary bilen bir hatarda, Azerbaýjanyň, Albaniýanyň, Çernogoriýanyň, Gazagystanyň, Päkistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň wekilleri we beýlekiler gatnaşdylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
4-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy
4-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.
Türkmenistan — BMG: hyzmatdaşlygyň taryhynda täze tapgyr
3-nji awgustda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Hazaryň kenarynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza geldi. Möhüm halkara forum Türkmenistanyň tutuş adamzat ähmiýetli öňe sürýän başlangyçlarynyň Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.
Hyzmatdaşlyk arkaly ösüş Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň esasy mazmunyny kesgitlär
Ýene sanlyja günden Türkmenistan BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny — dürli yklymlarda ýerleşýän 32 döwletde ýaşaýan 570 milliondan gowrak adamyň durmuşyndaky özgertmeler bilen baglanyşykly dünýä ähmiýetli çäräni kabul eder.
Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Karin Keller-Zuttere ýurduň milli baýramy — Konfederasiýa güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.