Habarlar
Habarlar
Eýran demir ýol kompaniýasy Maşat — Mary gatnawyny ýola goýar
Eýran Yslam Respublikasynyň milli demir ýol kompaniýasy (RAJA) ýurduň Maşat şäherinden Türkmenistanyň Mary şäherine çenli täze halkara ýolagçy ugruny açmagy meýilleşdirýändigi barada kompaniýanyň baş direktory Jabbar Ali Zakeri mälim etdi. Bu barada “Mehr News” ýekşenbe güni habar berdi.
Türkmenistanyň “EKSPO-2025” sergisindäki pawilýonyna bir milliondan gowrak myhman gezelenç etdi
Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilýän “EKSPO – 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň pawilýonyna bir milliondan gowrak adam baryp gördi. Bu barada duşenbe güni Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Medeni diplomatiýa — dostlugyň we hyzmatdaşlygyň nyşany
Şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäklerindäki mazmunlaýyn çärelere bagyşlanan makalalar toplumyny dowam etmek bilen, Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň geriminiň ähli ulgamlarda barha giňeldilýändigini bellemek gerek. Şunda medeniýet ulgamy hem möhüm ugurlaryň biri bolup durýar.
Türkmenistanda “Elektron hökümet” ulgamy dörediler
Türkmenistanda häzirki zaman “Elektron hökümet” ulgamyny döretmek meýilleşdirilýändigi barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmethan Çakyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen hökümet mejlisinde hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy
30-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, onuň dowamynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi bilen bagly ýerine ýetirilen işler bilen tanyşdy.
Türkmenistanyň Hökümet ýolbaşçylary 1-nji awgustdan zähmet rugsadyna çykarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Hökümet ýolbaşçylarynyň köp bölegine, oba hojalyk toplumy we welaýat häkimlerinden başgalaryna 1-nji awgustdan zähmet rugsadynyň başlanjakdygyny aýtdy.
Durmuş-ykdysady özgertmeler — Watanymyzyň gülläp ösüşiniň binýady
Ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wakalaryna beslenen geçen hepde Watanymyzyň ägirt uly kuwwatynyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň abadan durmuşynyň berk binýadyny emele getirýän özgertmeleriň netijesinde gazanylan üstünlikleriň beýany boldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
26-njy iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda şähergurluşyk maksatnamasynyň häzirki zaman talaplaryna we ýokary halkara görkezijilere laýyk derejede amala aşyrylýandygynyň aýdyň nyşany bolan Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy.
Türkmenistan ÝUNESKO bilen bilelikde sanly bilim we emeli aň boýunça halkara forumy geçirer
2025-nji ýylyň 25-nji iýuly, anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işler barada Prezident Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.