Habarlar
Habarlar
DEMIR ÝOL PUDAGYNYŇ KÄMILLEŞMEGINDE SANLY ULGAMYŇ ORNY
Häzirki wagtda ýurdumyzda ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmek boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär.
TÜRK AWIAKOMPANIÝASYNYŇ UÇARLARY BAKU ŞÄHERINE GATNAWY ÝOLA GOÝAR
Türkiýäniň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasynyň şahamçasy hasaplanylýan “Anadolujet” awiakompaniýasynyň uçarlary şu ýylyň 19-njy martyndan, Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherine yzygiderli howa gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär.
SANLYLAŞDYRMAKDA GÖRELDELI KÄRHANA
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe aragatnaşyk ulgamyna dünýäniň iň soňky gazananlary, döwrebap, kämil tehnologiýalary ornaşdyrylýar.
Azarbaýjanyň ýol infrastrukturasy täze elektrokarlaryň talabyna laýyk gelýär
Baku TREND-iň habar bermegine görä, Azerbaýjanda import üçin ekologiýa taýdan arassa awtoulaglar üçin ýol infrastrakturasyny üýtgetmegiň geregi ýok.
Gazagystanyň "BARYS" ýük gämisi Baku portuna geldi
Gazagystanyň "BARYS" ýük gämisi Aktau-Baku-Aktau ugry boýunça ýük gatnawyny amala aşyrmak maksady bilen üsti ýükli Baku portuna geldi.
ALKYŞ ÝAGÝAR ARKADAGYŇ ADYNA
Ýakynda eziz Diýarymyzda uludan bellenilen Halkara zenanlar güni mynasybetli hormatly Prezidentimiziň Permany bilen sekiz we şondan köp çagany terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady dakyldy, şeýle-de köp çagaly eneleriň birnäçesine täze ýaşaýyş jaýlaryň açarlary gowşuryldy.
YKDYSADY MESELELER BOÝUNÇA IŞ MASLAHATYNYŇ ÇÄGINDE ULAG-ARAGATNAŞYK TOPLUMYNA TABŞYRYKLAR BERILDI
Hormatly Prezidentimiz düýn ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, şeýle hem käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
“Marytelekom” elektrik aragatnaşyk kärhanasy sanly ulgamy ösdürmek boýunça maslahat geçirdi
“Marytelekom” elektrik aragatnaşyk kärhanasynda ýurdumyzda sanly ulgamy ösdümek we kiberhowplara garşy göreş çärelerini güýçlendirmek boýunça maslahat geçirildi.
Gruziýa Türkmenistan bilen howa gatnawlaryny açar
Ýakyn wagtda Gruziýa döwleti Türkmenistan bilen howa gatnawlaryny açar. Bu barada Trend habarlar agentligi «Новости Грузия» habarlar portalyna salgylanmak bilen beýan edýär.
HOWA ÝOLLARYNYŇ MADDY–ENJAMLAÝYN BINÝADY KÄMILLEŞÝÄR
Ýakyn günlerde «Türkmenhowaýollary» agentligine gelip gowuşmaly «Boeing 777-200LR» uçary hem munuň aýdyň mysalydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.