Habarlar
Habarlar
Russiýada ilkinji «garmoşka» elektrobusy Moskwada synagdan geçiriler
Russiýada öndürilen ilkinji elektrik awtobus ýakyn günlerde Moskwada synagdan geçiriler. Bu barada Moskwanyň Transport müdirliginiň «Telegram» resmi ýaýlymynda habar berildi.
«Türkmenpoçta» tölegleriň täze görnüşlerini hödürleýär
Gündelik peýdalanýan dürli hili hyzmatlarymyz üçin «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň web sahypasynyň üsti bilen töleg etmek mümkinçiligi döredi.
Çabahar porty Eýranyň we Merkezi Aziýanyň esasy söwda merkezine öwrüler
Çabahar porty özüniň erkin zolakdygy we mümkinçilikleri sebäpli Eýranda we Merkezi Aziýada söwdanyň, şeýle hem senagatyň täze merkezine öwrülýär.
HAZARDAN GARA DEŇZE ÇENLI
Berkarar döwletimiziň ulag-üstaşyr mümkinçilikleriniň soňky ýyllarda täze derejä göterilýänligini halkara gatnaşyklarynyň esasy taslamalary hem tassyklaýar.
AZERBAÝJANDA UZYNLYGY BIR KILOMETRE BARABAR KÖPRI GURULÝAR
Azerbaýjan döwletinde uzynlygy 4,5 kilometr bolan Muganly — Ismaýilli — Gabala awtoýolunyň ugrunda uzynlygy 1,135 müň metre we beýikligi 76,5 metre ýetýän köpriniň gurluşygyna başlandy. Azerbaýjanyň Döwlet awtomobil ýollarynyň agentliginiň «Trend-e» beren habaryna laýyklykda, köpri Agsuçaý derýasynyň üstünden geçer.
SANLY MÜMKINÇILIKLERIŇ GERIMI GIŇEÝÄR
Garaşsyz Türkmenistanda sanly ykdysadyýete geçmek, sanly ulgamy has-da ösdürmek babatda hormatly Prezidentimiziň tutumly başlangyçlary esasynda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn işler özüniň oňyn netijelerini berýär. Innowasion ösüş ýoluna düşen ýurdumyzyň döwrüň talaplaryna laýyklykda, ähli pudaklarda sanlylaşdyrmak işleri üstünlikli amal edilýär.
Ysraýyl şu günden çäkli uçuşlaryň başlamagyna rugsat berdi
Ysraýyl döwletiniň hökümeti şu günden başlap, ähli ugurlar boýunça uçuşlaryň täzeden başlamagyna rugsat berdi. Döwletiň premýer ministrliginiň ýetirýän bu habaryny «Trend» habarlar agentligi «TASS-a» salgylanmak bilen beýan edýär.
Türkmen emeli hemrasy älem giňişliginde
Telekommunikasiýa ulgamy dünýä ýüzünde maglumat merkezi, habar beriş serişdesi, aragatnaşyk we beýleki ulgamlar boýunça wideoaragatnaşyk arkaly iş alyp barmagyň we halkara tejribe alyşmagyň innowasion köprüsi bolup durýar we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň asylly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde aragatnaşyk ulgamynda ýokary hilli we netijeli işler durmuşa geçirilýär.
EÝRAN RUS KOMPANIÝASY BILEN HALAS EDIŞ DIKUÇARYNY SATYN ALMAK BARADAKY ŞERTNAMA GOL ÇEKDI
Eýran Yslam Respublikasynyň Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti rus kompaniýasy bilen halas ediş dikuçaryny satyn almak barada şertnama baglaşdy. Bu barada Iran.ru websaýtyna salgylanyp, «Trend» habarlar agentligi sahypalarynda beýan edýär.
«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda iki aýda 7 gämi abatlandy
“Balkan” Gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň (AGPJ) gämi ussahanasynda 2021-nji ýylyň iki aýynda gämileriň ýedisi abatlanyldy. Olaryň arasynda daşary ýurt kompaniýalaryna degişli gämiler hem bar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.