Habarlar
Habarlar
16463ddb56c980.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmeniň göz guwanjy türkmen halylary

Hormatly Prezidentimiziň “Türkmen halysy ynsan kalbyny joşa getirýän gudratdyr, türkmeniň öz milletine, diline, dinine, sungatyna, asylly däp-dessurlaryna bolan egsilmez söýgüsiniň nyşanydyr. Gözelligi, nepisligi, müň dürli öwüşgünliligi, reňkleriniň ajaýyp sazlaşygy bilen göreni haýrana goýýan halylarymyzda halkymyzyň ähli ajaýyp häsiýetleri, milli aýratynlyklary jemlenendir” diýip belleýşi ýaly halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň biri bolan halylarymyz türkmen halkynyň göz guwanjy.

1646388901a6a3.png
3 ýyl ozal
Arkadag şäheri — döwrüň çyragy

Türkmen halkynyň milli buýsanjy we uçar ganaty bolan meşhur ahalteke atlaryny ýetişdirmäge, seýislemäge bütin ömrüni bagyşlan ynsanlar aýratyn hormata mynasypdyr. Şeýle bolansoň, ýurdumyzyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde täze, döwrebap edara ediş merkeziniň «Arkadag şäheri» diýlip atlandyrylmagy hem-de bu ýerdäki Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebiniň «Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy» diýlip atlandyrylmagy türkmen halkyny diýseň begendirdi.

1646389853bb50.jpeg
3 ýyl ozal
Beýik ynsanyň belent sarpasy

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen, täze, döwrebap edara ediş merkezine şäher derejesiniň berilmegi uly üstünliklere beslenýän «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazylan wakalaryň biridir. Täze şäheriň «Arkadag şäheri» diýlip atlandyrylmagy, şeýle-de şäherde gurlan bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralaryna we sungat binasyna türkmen halkynyň görnükli şahsyýetleriniň atlarynyň dakylmagy uly buýsanç duýgularyny döretdi.

163e131f16cd79.jpeg
3 ýyl ozal
Arkadagly ýaşlar — ýagty ertirleri gurujylar

Ýurdumyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş neslimiz hakyndaky alada hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň düýp özeninde goýlandyr. Ýurdumyzda ýaşlaryň okamaklary, bilim almaklary, hünär öwrenmekleri üçin berk binýat döredilendir. Bagtyýar zamanamyzda amala aşyrylýan ajaýyp işler Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň has-da eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir.

164652f717548f.jpeg
3 ýyl ozal
Arkadag şäheri – täze eýýamyň ýalkymy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda uly buýsanç bilen gadam basan täze zamanamyzyň - Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri uly taryhy wakalar bilen gurşalýar. “Ösüş biziň alyp barýan syýasatymyzyň baş maksadydyr” diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda täze taryhy eýýamda - gurmak, döretmek we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda iňňän uly işler alnyp barylýar. durýar.

1643c631a4c13b.jpeg
3 ýyl ozal
Arkadag şäheri — bagtyýarlygyň şuglasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Köpetdagyň gözel künjeginde täze, döwrebap şäher — Arkadag şäheri kemala gelýär. Bu şäheriň aýratynlyklary, onda döredilýän şertler dogrusynda entek kän-kän söhbet ediler. Onda halkymyzyň köňül islegi öz beýanyny tapdy. Çünki bu şäher döwrümiziň Gahryman Arkadagymyzyň irginsiz yhlasynyň, hemişelik üns-aladasynyň ajaýyp miwesidir.

1643ef9363a5de.jpeg
3 ýyl ozal
Arkadag şäheri — şöhratly döwrüň dowamaty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Ýurdumyzda il-ýurt bähbitli alnyp barylýan döwletli işleriň gerimi barha artýar. Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezinde gurlan belent binalary görenimizde hem ýurdumyzyň gülläp ösüşi, halkymyzyň bagtyýar durmuşy üçin amala aşyrylýan beýik işleriň aýdyň şaýady bolýarys.

16465312cac81e.jpeg
3 ýyl ozal
TÄZE DÖWÜR, TÄZE MAKSATLAR

Her bir güni taryhy wakalara beslenýän "Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar" ýylynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisiniň ýokary guramaçylykly we uly ruhubelentlik bilen geçirilmegi ýurdumyzda jebisligiň, agzybirligiň nobatdaky dabaralanmasy boldy. Bu döwletli maslahatda kabul edilen taryhy çözgütler watandaşlarymyzyň ýüregini buýsanç duýgularyna gaplady.

163ec9a6417004.jpeg
3 ýyl ozal
TÄZE DÖWÜR – KÄMIL ÝAŞLAR

Berkarar döwletiñ täze eýýamynyñ Galkynyşy döwründe ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyñ hem barha dabaralanmagy biziñ döwrümize, ýaş nesillerimize bolan buýsanjymyzy has-da goşalandyrýar. Ýurdumyzda durmuşyň ähli ugurlarynda, şol sanda ylymda, bilimde, sungatda, ylmy özüne siňdiren önümçilik ugurlarynda hem ýaşlaryň hünärine ussat bolmagyny gazanmak üçin gerek bolan şertler döredilýär.

1646c5c965efdd.jpeg
3 ýyl ozal
Goňşuçylyk gatnaşyklary pugtalandyrylýar

Halkymyzda “Öý alma – goňşy al”, “Uzakdaky garyndaşyňdan – ýakyndaky goňşyň ýagşydyr”, “Kyýamat güni goňşydan”, “Aýrylmaz goňşyňa unydylmaz söz aýtma” – ýaly nakyllar ýöne ýere döremandir. Müň ýyl  alysda galan wakalara ser salsaň türkmenleriň hoşniýetli goňşuçylygy, parahatçylygy söýüjiligi, myhmansöýerligi bilen tapawutlanýar. Türkmen halky ir döwürlerde-de beýleki halklar bilen hem hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmagyň tarapdary bolupdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.