Habarlar
Habarlar
TUTUMLARY ULY, ÝOLLARY AMAN, DÜNÝÄ NURUNY SAÇÝAR BAGTYÝAR ZAMAN
Hormatly Prezidentimiziň ata Watanymyzy berk binýatly, kuwwatly döwlete öwürmek, merdana halkymyzy bolelin durmuşda ýaşatmak ugrunda alyp barýan syýasaty Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem rowaçlyklara beslenýär. Her bir işde halkyň bähbidini ähli zatdan öňde goýýan hormatly Prezidentimiziň öňden görüjiligi bilen ýurduň ykdysady syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär.
HÜNÄRLI ÝAŞLAR BUÝSANJYMYZ
Ýurdumyzyň ulag kommunikasiýa ulgamyny ösdürmek, onuň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak maksatly inžener hünärmenleri taýýarlamak Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň esasy wezipesi bolup durýar. Ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakda bilim ulgamy sanly esasda ösdürilýär we maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary netijeli ornaşdyrylýar.
Ylym-bilim — täze üstünliklere badalga
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ählumumy ösüşlere we ylym ulgamynyň gurluşyna, ýurdumyzyň ylymda-bilimde gazanýan ösüşlerine, täze innowasiýalardan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak üçin alnyp barylýan işlere aýratyn ähmiýet berilýär.
Ýaşlar sanly bilimiň mümkinçiliklerinden işjeň peýdalanýarlar
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 1-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde bilim işgärleriniň, talyp ýaşlaryň we mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda geçiren umumy sapagy ýaş nesillerimiziň durmuşynda ýatdan çykmajak şanly seneleriň biri boldy. Bu taryhy ähmiýetli sapak ýaşlarda ruhy galkynyşy döretdi.
Ýaşlar — aýdyň ertirlerimiziň eýeleri
Geljegimiziň abadançylygy häzirki ýaşlarymyza baglydyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ruhy taýdan kämil, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemäge hem-de dünýäde durnukly geljegi gurmak ugrunda ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Ýakynda, has takygy 2-nji oktýabrda Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda geçirilen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara ýaşlar forumy hem bu ugurda uly ähmiýete eýe boldy.
Türkmenistan Bitaraplyk ýoly bilen
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda oňyn özgertmeler amala aşyrylýar. Eziz Diýarymyz günsaýyn ösýär hem özgerýär, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara derejesindäki abraýy gün-günden belende göterilýär. Döwletimiziň oňyn Bitaraplyk syýasaty ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün edýän beýik özgertmeleri amala aşyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär.
Ýaşlar döwrümiziň buýsanjy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim, ulgamy sanly tehnologiýalaryň eçilen mümkinçilikleri hem ösüşleri bilen galkynýar. Nurana geljegimiziň eýeleri bolan bagtyýar ýaş nesillerimize berilýän bilimiň hilini gowulandyrmak arkaly ony dünýä tejribesine, milli ýörelgelere daýanyp kämilleşdirmek döwletimiziň alyp barýan möhüm çäreleridir.
Inžener-tehniki hünärmenleri taýýarlamagyň ähmiýeti
Ylym we bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek, ony hil taýdan täze derejä çykarmak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ägirt uly meýilnamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge ukyply ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen giň gerimli işlere aýratyn ähmiýet berilýär.
Edermendir ogul-gyzyň, jan Watanym Türkmenistan!
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýaşlaryň has-da kämil şahsyýetler, Watany gülledip ösdürýän nesiller bolup ýetişmekleri üçin uly tagallalar edilýär. Munuň aýdyň mysalynda ähli pudaklara sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyny görkezmek bolar. Ýaşlaryň arasynda geçirilýän dürli bäsleşikler, gurnaklar biziň bagtyýar zamanamyzda bagtly ýaşlaryň dünýägaraýşyny artdyrmagyň, olaryň aýdyň geljeginiň güwäsidir.
«Edermendir ogul-gyzyň, jan Watanym Türkmenistan!»
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nobatdaky ýylynyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy ýaş nesliň kalbynda egsilmez joşguny döretdi. Il arzuwyny hasyl eden bu çözgüt Arkadagly Serdarymyzyň: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys» diýen pähim-paýhasa ýugrulan sözleriniň özboluşly dabaralanmasy boldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.