Habarlar
Habarlar
168b1282d9ce4b.jpeg
8 aý ozal
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady

Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkara giňişlikde giň goldawa eýe bolýan daşary syýasat strategiýasy hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýar. Bu özboluşly doktrina parahatçylykly ýaşamak, sebitde howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek üçin binýat bolup, 30 ýylyň dowamynda ýurdumyza ygtybarly hyzmatdaş we dünýä prosesleriniň işjeň agzasy hökmünde çykyş etmäge mümkinçilik berýän netijeli gurala öwrüldi.

168b136a1692f5.jpeg
8 aý ozal
Aşgabatda noýabrda «CIET 2025» halkara maslahaty geçiriler

Şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabat ýene-de bir gezek halkara ünsi özüne çeker, bu ýerde köpden bäri garaşylýan pudagara innowasiýalar, maýa goýumlary we hyzmatdaşlyk babatda ýurdumyzyň öňdebaryjy çäresi «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» («CIET 2025») atly halkara maslahaty geçiriler.

168afdc87a1a24.jpeg
8 aý ozal
Durnukly arabaglanyşyk — durnukly ösüş

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde geçirilen «Arabaglanyşyk: araçägiň daşyndaky sanly mümkinçilikler» atly çäre bu ýurtlarda ýokary ulag çykdajylary, üstaşyr geçelgelere zerurlyk we ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmakda mümkinçilikleriň çäkli bolmagy bilen bagly meseleleri çözmekde sanly özgertmeleriň ornuna bagyşlandy.

16938040059529.jpeg
4 aý ozal
Kämil bilim – ynamly ösüş

Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli kabul edýän çözgütleri, berýän tabşyryklary eziz Watanymyzyň rowaçlanmagyna, halkymyzyň eşretli durmuşynyň hatyrasyna gönükdirilýär, ylym-bilim ulgamyna berýän ägirt ünsi zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagynda, bilim ulgamynda täze-täze oýlap tapyşlaryň döremeginde, türkmen ylmynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginde oňyn netijeleri berýär.

168afe5a1c710d.jpeg
8 aý ozal
BMGÖM we Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi sanly ösüş boýunça kämilleşdiriş okuwlaryny geçirýär

2025-nji ýylyň 25–29-njy awgusty aralygynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (UNDP) bilen bilelikde döwlet we hususy pudaklaryň wekilleri üçin sanly özgertme boýunça kämilleşdiriş okuwlaryny geçirýär.

16938036a7fdc8.jpeg
4 aý ozal
Bi­ta­rap­lyk — parahatçylykly ösüşiň aýdyň ýoly

Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­na ga­dam ba­san il­kin­ji gün­le­ri­miz­den baş­lap, hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len giň ge­rim­li iş­ler do­wam et­di­ril­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­sin­de Türk­me­nis­tan oňyn Bi­ta­rap­lyk, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne yg­rar­ly­dy­gy­ny aý­dyň gör­kez­ýär.

168afe434d5029.jpeg
8 aý ozal
Sebitara optiki-paýlaýyş merkezleriniň ulgamy dörediler

Azerbaýjan, Özbegistan we Türkmenistan optiki-paýlaýyş merkezleriniň ulgamyny döretmegi hem-de durnukly söwda-logistika zynjyrlaryny ösdürmegi meýilleşdirýärler.

1693802443d9fa.jpeg
4 aý ozal
«Ösüş arkaly parahatçylyk»

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň we onuň oňyn tejribesiniň üçünji gezek ykrar edilmeginiň Milli Liderimiz tarapyndan öňe sürlen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýanyň, «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesiniň dünýäde giň goldawa eýe bolýandygyna, parahatçylyk söýüjilikli ýörelgeleriň dabaralanýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

16938011be4d7b.jpeg
4 aý ozal
BITARAPLYK ÝÖRELGÄMIZ – BAGTYÝAR ÝAŞAÝŞYŇ GÖZBAŞY

Hemişelik Bitaraplyk ýurdumyzyň parahatçylykly ösüşini aýdyň beýan edýär. Bu asylly ýörelge halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip gelen gymmatlyklaryndan, parahatçylyk söýüjilik ýolundan gözbaş alýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik syýasaty netijesinde bu asylly ýörelgämiz dünýä ýaýylýar.

168afe721a206b.jpeg
8 aý ozal
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat

2025-nji ýylyň 5 — 8-nji awgustynda Awazada Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmek baradaky başlangyjyňyz üçin Size hoşallygymy beýan etmek isleýärin. Ýurduňyzyň parahatçylyk we köptaraplaýyn dialog ýörelgelerine ozaldan gelýän ygrarlylygy maslahaty geçirmek üçin oňyn esaslary döretdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.