Habarlar
Habarlar
BITARAPLYK ÝÖRELGÄMIZ – BAGTYÝAR ÝAŞAÝŞYŇ GÖZBAŞY
Hemişelik Bitaraplyk ýurdumyzyň parahatçylykly ösüşini aýdyň beýan edýär. Bu asylly ýörelge halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip gelen gymmatlyklaryndan, parahatçylyk söýüjilik ýolundan gözbaş alýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik syýasaty netijesinde bu asylly ýörelgämiz dünýä ýaýylýar.
Türkmen wekilýeti "TransLogistica Uzbekistan" sergisine çagyrylýar
Türkmen telekeçileri 2025-nji ýylyň 11–13-nji noýabry aralygynda Daşkentde geçiriljek “TransLogistica Uzbekistan” sergisine çagyrylýar diýip, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy habar berýär.
Eýran Türkmenistan bilen bilelikdäki serhet bazaryny döretmegi meýilleşdirýär
Eýran Türkmenistan bilen bilelikdäki serhet bazaryny döretmegi meýilleşdirýär diýip, Eýranyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň häkimi Bahman Nuri çarşenbe güni welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen metbugat ýygnagynda mälim etdi. Bu barada “Mehr” habarlar agentligi habar berýär.
Umumy abadançylygyň bähbidine döwletara hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilýär
Goňşy döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmek sebit we halkara hyzmatdaşlygyň netijeli giňeldilmeginde başlangyçly orny eýeleýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir.
Türkmenistanyň Prezidenti Monako Knýazlygynyň Şazadasyny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Monako Knýazlygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 10 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Türkmenistan we Özbegistan göni howa gatnawlaryny dikeltmegi ylalaşdylar
2025-nji ýylyň 22-nji awgustynda Awazada geçirilen “Azerbaýjan – Türkmenistan – Özbegistan” üçtaraplaýyn duşuşygynyň çäklerinde raýat awiasiýasy babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada teswirnama Türkmenistanyň “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň başlygy Döwran Saburow bilen Özbegistanyň ulag ministri Ilhom Mahkamow tarapyndan gol çekildi.
Türkmenistan “Etihad Rail” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär
2025-nji ýylyň 18-nji awgustynda Aşgabatda Türkmenistanyň ulag we aragatnaşyk toplumyna gözegçilik edýän Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Mämmethan Çakyýew Birleşen Arap Emirlikleriniň “Etihad Rail” kompaniýasynyň wekiliýetiniň agzalary bilen duşuşyk geçirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Monako Knýazlygynyň Şazadasyny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Monako Knýazlygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 10 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Özbegistan Hazar arkaly ýük daşamak üçin türkmen gämilerini satyn almakçy
Özbegistan Hazar deňziniň üsti bilen ýük daşamalaryny çaltlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň gämi gurluşyk kärhanalaryndan gämileri satyn almak mümkinçiliklerini öwrenýär. Bu barada Özbegistanyň ulag ministri Ilhom Mahkamow ýekşenbe güni “Gazeta.uz” internet neşirine habar berdi.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hünärmenleri gümrük işine emeli aňy ornaşdyrmak boýunça sebitleýin okuwa gatnaşdylar
Ýakynda sanly ulgam arkaly geçirilen «Gümrük amallarynda emeli aňyň we maşyn öwrenişiniň öňdebaryjy tejribeleri we usullary» atly sebitleýin okuwa Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň degişli ugurda 5 sany hünärmeni gatnaşdy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.