Habarlar
Habarlar
9 aý ozal
DAŞARY ÝURT DILLERINI ÖWRENMEK DÖWRÜŇ TALABY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýaşlaryň döwrebap bilim almaklaryna, dünýä dillerini öwrenmeklerine, saýlap alan kärlerine eýe bolmaklaryna, ylmy işlerini alyp barmaklaryna, aň-paýhas ösüşine, döredijilik başarnyklaryny durmuşa geçirmeklerine, sport bilen meşgullanmaklaryna uly ähmiýet berilýär.

16951606d7f1a8.jpeg
10 aý ozal
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary 2026-njy ýyly «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýip yglan etmek hakynda

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ýurdumyz üçin taryhy ähmiýetli ýyllaryň biri boldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň giňden bellenilip geçilmegi ýurdumyzyň gazanan ägirt uly üstünliklerini, ýeten sepgitlerini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmäge mümkinçilik berdi.

169515e9caba45.jpeg
10 aý ozal
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy

27-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow asylly däbe görä, ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralan Täze ýyl dabarasyna gatnaşdy. Bu waka bagtyýar çagalarda aýratyn şatlyk duýgusyny döretdi.

1694e2152093e4.jpeg
10 aý ozal
S7 awiakompaniýasy Nowosibirsk–Aşgabat ugry boýunça göni howa gatnawyny açar

S7 awiakompaniýasy Nowosibirsk–Aşgabat ugry boýunça täze göni howa gatnawyny açar we uçuşlar 2026-njy ýylyň mart aýyndan başlap, her hepdäniň sişenbe güni amala aşyrylar. Bu barada awiakompaniýanyň resmi web-sahypasynda habar berilýär.

1694e1c3b98c27.jpeg
10 aý ozal
Bitarap Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyndaky üstünliklerine bagyşlanan dabara

25-nji dekabrda paýtagtymyzdaky “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň guramagynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Bitarap Türkmenistanyň ynamly gadamlary” atly dabara geçirildi. Oňa Hökümet agzalary, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, dürli pudaklarda zähmet çekýän raýatlar, ýaşlar gatnaşdylar.

1694d509bb1f41.jpeg
10 aý ozal
Türkmenistanda emeli aňy we sanly tehnologiýalary netijeli ulanmak boýunça Ähtnama gol çekildi

Ýakynda Döwlet Baştutanymyzyň Ýaponiýa amala aşyran iş saparynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen «Mitsubishi» kompaniýasynyň arasynda maglumatlary alyşmak we hyzmatdaşlyk arkaly Türkmenistanda emeli aňy we sanly tehnologiýalary netijeli ulanmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

1694cc554cd5d9.jpeg
10 aý ozal
Türkmenistan we Eýran Sarahs geçelgesi arkaly ýük daşamalaryny artdyrmagy ylalaşdylar

Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň serhet gulluklarynyň wekilleri Sarahs serhet geçelgesinde duşuşyk geçirip, bu geçelge arkaly üstaşyr ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmak barada ylalaşyga geldiler.

1694cc5d735c1a.jpeg
10 aý ozal
Azerbaýjanyň “Görogly” tankeri abatlaýyş işlerinden soň Türkmenistana gatnawlaryny dikeltdi

Azerbaýjanyň Hazar deňiz gämiçilik kompaniýasyna (ASCO) degişli “Görogly” tankeri meýilnamalaýyn abatlaýyş işlerinden soň ýük daşamak hereketlerini täzeden ýola goýdy we gämi ilkinji ýüzüşi arkaly Türkmenistanyň Gyýanly portuna bardy.

1694a2f319f37e.jpeg
10 aý ozal
Türkmenistan Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky ulag geçelgelerini işjeň ösdürýär

«Меrkezi Aziýa + Ýaponiýa» dialogynyň sammitinde çykyş eden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany Ýewraziýa üçin möhüm logistika merkezine öwürmek babatda giň möçberli strategiýany hödürledi. Döwlet Baştutany ýurduň bar bolan ulag ulgamyny sazlaşykly doldurýan ýollary döredýän, inklýuziwlik prinsipine eýerýändigini nygtady.

169515f8edba47.jpeg
10 aý ozal
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

26-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri hem gatnaşdylar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.