Bagym bar — barym bar
05-05-22
Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary bilen badalga berlen ekologiýa abadançylygyny gowulandyrmak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek işleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze röwüşde mynasyp dowam edýär. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet baştutany wezipesine girişeninden soňra ilkinji il-ýurt bähbitli işini bag ekmek çäresinden başlamagynyň özi hem aýdyňlygy bilen tassyklaýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 22-nji aprelinde hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasyndan gelip gowşan hoş habar barada hasabatyň berilmegi ähli halkymyzyň buýsanjyny has-da goşalandyrdy.
Habar berlişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryndan bu guramanyň yglan eden «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänama gelip gowuşdy. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, munuň özi köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň BMG bilen bilelikde Ýer ýüzünde durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirilen maksatnamalary we taslamalary amala aşyrýandygyna şaýatlyk edýär. Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hem ekologiýa howpsuzlygynyň ýokary derejesini üpjün etmek bolup durýar. Köpugurly, toplumlaýyn işde şäher we oba ýerlerini tokaý zolaklaryna öwürmek aýratyn möhümdir. Türkmenistan bu ugurda Milli tokaý maksatnamasynyň ýurt derejesindäki işini ulgamlaýyn esasda alyp barýar.
Türkmenistan özünde sagdyn ekologik ýagdaýy saklamak bilen, BMG-niň örän ähmiýetli tebigaty goraýyş Konwensiýalarynyň birnäçesine, ýagny biodürlülik hakyndaky we çölleşmä garşy göreş Konwensiýalara, Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly Konwensiýa hem-de Kioto teswirnamasyna, Ozon gatlagyny goramak baradaky Wena Konwensiýasyna hem-de Ozon gatlagyny weýran edýän maddalara degişli Monreal teswirnamasyna, Bazel we Orhus Konwensiýalaryna, BMG-niň suwly, batgalyk ýerler hakyndaky Ramsar Konwensiýasyna goşuldy. Bu halkara resminamalaryndan gelip çykýan borçnamalary üstünlikli amal etmek bilen, adamlaryň we raýatlaryň sagdyn ýaşaýşyny, ekologik howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn çäreler toplumlaýyn durmuşa geçirilýär.
Hormatly Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda Türkmenistanda 145 milliondan gowrak bag nahalynyň ekilendigini aýratyn nygtamak gerek. Bu iş ýurdumyzda aýratyn howa zolaklarynyň emele gelmegini üpjün etdi we sebitde arassa howanyň ýokary derejede bolmagyna, tebigatyň abat saklanyp galmagyna uly ýardam berýär.
Ýylyň dowamynda gök öwüsýän, bezeg üçin ulanylýan gyrymsy agaçlary köpeltmek güýz paslynyň ahyrynda – gyşyň öň ýanynda başlansa, gowy gögeriş alynýar. Sebäbi güýz aýlarynyň ahyrynda howanyň, topragyň ýylylygy aşaklaýar, kökler haýal ösýär. Ösümlige gelýän suw we ýokumly maddalar az bolýar. Bugarma hadysasynyň haýal geçmegi netijesinde gök pudaklary kesip almak, agaçlara şekil bermek işleri ýerine ýetirilýär. Kesilip alnan gök pudaklar ekmek üçin ýygnalýar, taýýarlanýar.
Gök pudaklaryň uzynlary kesilýär. Alnan pudajyklarda 5–7 bogun goýulýar. Gök öwüsýän gyrymsy agaçlaryň köpeldilýän ýeri Gün düşýän, ala kölegeli meýdan ýa-da agaçlaryň aşagy bolmaly.
Topragy ekişe taýýarlamak üçin 1 inedördül metr meýdana çüýrän we elekden geçirilen dersiň ortaça 5 kilogramyny bermeli. Soň ýeri suwaryp, taba gelende agdarmaly we ýumşatmaly. Taýýar edilen gök pudaklary hatararasy 10 santimetr, pudak arasy 5 santimetr edip, öňünden taýýarlanan çyzgytlara oturtmaly. Oturdylan pudaklaryň bogun sanyna görä, üçden iki bölegi topraga ýerleşdirilýär. Pudajyklar oturdylandan soň, topragyň ýokarky gatlagyna agaç ýonuşgasy ýa-da çüýräp barýan saman ýapylýar we yzgar suwy tutulýar. Suw tutulandan soň, nahaljyklaryň üstüne aýlaw simler goýlup, polietilen örtgi bilen basyrylýar.
Gyş aýlary polietilen örtginiň aşagyndaky nahaljyklara aýda bir gezek suw tutulsa, ýeterlik bolýar. Olara gijeki salkyn, sowuk howalar täsir etmeýär, gündizki Gün şöhlesiniň, ýagtylygyň netijesinde polietilen örtginiň aşagyndaky toprak gyzýar we nahaljyklar kökläp, ösüp başlaýar. Ýaz aýlarynyň ahyryna çenli ösdürilýän nahallaryň polietilen örtügi Gün gowy gyzandan soň açylýar. Şeýle usulda ösdürilip ýetişdirilýän, gök öwüsýän gyrymsy agaçlaryň 65–70 göteriminden doly bahaly nahal alynýar.
Ýurdumyzda ýöredilýän ekologiýa syýasaty, tebigatyň sagdynlygyny, köpdürlüligini, goraglylygyny, aýawlylygyny üpjün etmäge gönükdirilen halk bähbitli, döwlet ähmiýetli çäreler ylmy taýdan öwrenilen we tassyklanan ýörelgelere, häzirki zaman ylmynyň iň soňky gazananlaryna esaslanýar. Ekologiýa syýasatyny üstünlikli amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň ähli başlangyçlarynyň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris!
Aybölek ÝUSUPOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.
Aýjahan ÝUSUPOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.