SANLY BILIM ULGAMY

09-11-24

Häzirki wagtda bilim ulgamynda beýik işler durmuşa ornaşdyrylýar. Ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky düýpli täzelikleriň durmuşa geçirilmeginiň anyk maksatlary halkyň hal-ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, uzak ýaşamagyna gönükdirilendir. Diýmek, bilimiň ösdürilmegi esasy zerurlyklaryň biri bolup, bu ulgam barha kämilleşdirilýär. Bilim-ylym ulgamynyň dürli basgançaklarynyň kämilleşdirilmegine örän möhüm ähmiýet berilýär.

Bilim ulgamynyň şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň durmuşyndaky ornuna uly baha berlip, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni ösüşleriň, esasan, bilim berlişiniň hiliniň ýokarylygy bilen şertlendirýändigini iş ýüzünde subut edýän durmuşy mysallar sanardan köpdür. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim-terbiýeçilik işleriniň mazmunynyň düýpli özgerdilmegi babatda döwlet tarapyndan täze usullarda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Milli bilimiň ähli basgançaklaryny sazlaşykly ösdürmek, ýaş nesle bilim-terbiýe bermegiň hilini ýokarlandyrmak, mazmunyny baýlaşdyrmak, täze usulyýetini döretmek, ony döwrebaplaşdyrmak ileri tutulýan ugurlar hökmünde dowam etdirilýär. Munuň bilen baglanyşyklylykda, dürli derejedäki okuw mekdepleriniň okuw-terbiýeçilik işlerine berilýän üns güýçlendirilýär hem-de mazmun taýdan düýpli özgerdilýär.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde professor-mugallymlar, hünärmenlerdir ylmy işgärler we talyp ýaşlar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň tor maksatnama üpjünçiligi işlenilip taýýarlanylýar. Institutymyzda talyp ýaşlaryň sanly tehnologiýalar esasynda bilimlerini berkitmekleri, internet arkaly özleriniň gyzyklanma bildirýän ugurlary boýunça maglumatlary, ylym we bilim ulgamynda dünýä täzelikleri bilen içgin tanyşmaklary üçin ýörite işlenip taýýarlanylan bilim portaly hereket edýär. Onda dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly toplumlar, elektron okuw kitaplary, okuw gollanmalary, wideo-audio materiallar, dersler boýunça taýýarlanan okuw maglumatlary, amaly we umumy okuw ýazgylary, okuw sapaklarynyň guralyşynyň wideo ýazgylary, interaktiw-multimediýa programmalary, okuw görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary ýerleşdirildi.

Häzirki döwürde ösen döwletleriň tejribesine ornaşan sanly bilim ulgamynyň milli ülňüsiniň kemala gelýändigi bellidir we ýurdumyzyň ýaşlarynyň maglumat tehnologiýalaryny işjeň hem netijeli ulanyp bilmegini gazanmak bilim işgärleriniň öňünde duran möhüm wezipedir. Munuň özi dünýäniň bilim ulgamynda öňdebaryjy gazanylanlaryň esasynda sanly bilimiň kemala getirilmegini we ösdürilmegini, okatmagyň innowasion çemeleşmeleri bilen utgaşyklylykda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň bilimiň ähli basgançaklarynda giňden ornaşdyrylmagyny talap edýän möhüm wezipeleri öňde goýýar.

Dürli okuw dersleri boýunça döwrebap elektron okuw-usuly toplumlar, elektron okuw kitaplary, gollanmalary, wideo-audiomateriallary, interaktiw-multimedia programmalary, tanyşdyryşlary, okuw-görkezme esbaplaryny, maglumat kitapçalary we beýlekileri biz okuw sapaklary guralanda ýakyndan peýdalanýarys. Emma häzirki zamanyň sanly serişdeleri portallarda, ulgamlaýyn görnüşdedigi bilen tapawutlanýar. Sanly ulgamyň döredilişi-de, ulanylyşy-da barha kämilleşdirilýär.

Sanly bilim ulgamy — maglumat jemgyýetidir. Maksady — bilimiň mazmunyny elýeterli we öwrenilmeli maglumatlar bilen her bir raýaty ýeterlik üpjün etmekden ybaratdyr. Sanly bilim ulgamynyň esasy bilim maglumatlarynyň jeminden durýar. Onuň esasyny düzjek elektron bilim gorlarynyň we hyzmatlarynyň hemmeler — talyplar, ata-eneler, bilim işgärleri we beýlekiler üçin mydama elýeterli bolmagy şertdir. Bu ulgamyň döredilmegi, häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk serişdeleri arkaly raýatlaryň bilim almagy, alan bilimlerini üznüksiz we özbaşdak kämilleşdirmäge höweslendirilmegi, sanly bilim tehnologiýalaryny ulanmak we dolandyrmak boýunça mugallymlaryň we degişli hünärmenleriň taýýarlanylmagy we beýlekiler onuň oňyn netijeleridir.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar guralýar. 

Biz ýaşlar üçin döwrebap ýaşamaga, okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Nurmuhammet BAZARGELDIÝEW,
Türkmenistanyñ inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.