BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

18-05-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz Türkmenistan özüniň iň täze taryhynda ozal hiç mahal ýetilmedik belentliklere ýeten kuwwatly ülkä öwrüldi. Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, türkmen jemgyýetiniň mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrylmagyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

Häzirki wagtda mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk, hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilmeginiň 30 ýyllyk toýlaryna uly dabara bilen barýan Türkmenistan döwletimizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda adam hukuklaryny doly kepillendirmeklik ugrunda dürli görnüşdäki, döwlet ähmiýetli çäreler durmuşa ornaşdyrylýar. Bu babatda döwletimiziň Baş Kanunynyň - Konstitusiýasynyň hem-de Mukaddes Ýaşyl Baýdagynyň orny ýokarydyr. Ýürege ýakyn zadyň özüne çekijiligi we täsiri üýtgeşik bolýar. Türkmenistanyň Konstitutsiýasy hem-de Döwlet Baýdagy hem her bir türkmenistanlynyň kalbynyň urgusy deýin ezizleýän mukaddes barlyklarydyr. Baş Kanunymyz ýurdumyzda milli hukuk ulgamynyň binýady, Kanunyň rüstemliginiň, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, hakyky halk häkimiýetliliginiň mizemezliginiň kepilidir. Ýaşyl Baýdagymyz bolsa bahar paslynyň görküne, täzelenýän, özgerýän, galkynýan durmuşymyzyň keşbine çalym edýän ajaýyplygymyzdyr. Onda tüýs millilige ýugrulan, kuwwatly döwletleri döreden, dünýäniň medeni ösüşine özüniň saldamly goşandyny goşan türkmen halkynyň gadymy medeni mirasy jemlendi.

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda halkymyzyň aň-düşünjesinde, medeni we ruhy durmuşynda ägirt uly özgerişler bolup geçdi. Düýbünden täze jemgyýetçilik gatnaşyklary emele geldi. Döwlet garaşsyzlygy bize sözüň doly manysynda milli ruhy we maddy gymmatlyklarymyzy dikeltmäge mümkinçilik berdi. Geçen döwürde berkarar Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen, hemmetaraplaýyn oýlanyşykly we anyk delillere esaslanýan maksatnamalar üstünlikli amala aşyryldy. Bäsleşige ukyply ykdysadyýetiň milli nusgasy döredildi we hereket edýär. Bu döwürde döwletimiziň azyk garaşsyzlygy we howpsuzlygy üpjün edildi. Döwrüň wezipelerine laýyk gelýän döwlet häkimiýet hem-de dolandyryş edaralary döredildi. Türkmen bitaraplygy halkara-hukuk tejribesinde täze ýagdaý hökmünde, ählumumy ösüşiň gurluşyny üýtgetmegiň has amatly ýoluny dünýä bileleşigine teklip etdi. Bu bolsa, hyzmatdaşlyk etmegiň we ählumumy parahatçylygy gazanmagyň täze binýadyna öwrüldi.

Döwlet Baýdagymyz döwletimiziň Garaşsyzlygyny, berkararlygyny, asudalygyny, mizemezligini bütin dünýä äşgär edýär. Baýdagymyzda milletimiziň bitewilik ruhy jemlenendir. Bu bitewi ruh bolsa Baş Kanunymyz arkaly mizemezlige öwrülendir. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden hemişelik Bitaraplygymyz baradaky ykrarnamasyny degişli Baş Kanunynda beýan eden dünýäde ýeke-täk döwletdir. Bu taryhy ykrarnama aýratyn ähmiýet bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny kesgitleýän ýagdaýynyň täze maddada beýan edilmegi has-da ýerine düşdi.

Soňky ýyllaryň içinde amala aşyrylan beýik özgertmeler Watanymyzyň keşbini üýtgetdi, ýurdumyzda dünýä bileleşiginde umumy kabul edilen özygtyýarly demokratik, konstitusion (kanuny) döwletleriň ýörelgeleriniň we häsiýetnamalarynyň berkarar bolmagyny üpjün etdi. Bu düýpli özgerişlikler Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we özgerdilýän milli kanunçylygynda berkidildi. Ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek onuň Esasy Kanunynda häzirki zaman demokratik döwletiň eýeçiliginiň dürli görnüşliligi we ykdysady işewürlik ýaly möhüm ýörelgesi berkidildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasy Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýandygyny, döwlet bolsa telekeçiligi höweslendirýändigini we goldaýandygyny, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam berýändigini jar etdi.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň täze Konstitusiýasy milli kanunçylygy ösdürip, kada-hukuk düzgünlerini amala aşyrmak tejribesiniň, olaryň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna we jemgyýetçilik durmuşyny guramagyň ýokary ýörelgelerine laýyklygyny, ýurdumyzyň demokratik, hukuk, konstitusion döwletdigini tassyklaýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň oňyn özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmekde ygtybarly binýat bolup durýan demokratik ýörelgeler ýurdumyzy ösdürmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüler. Ol hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň ösüşiň demokratik ýoluna, türkmen halkynyň abadançylygynyň hem-de rowaçlygynyň maksatlaryna ygrarlydygynyň subutnamasydyr. Türkmenistan döwletimiziň bütin dünýäde ykrar edilmegini gazanyp, ýurdymyzy ösüşiň belent sepgitlerine alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, ýurdy abadan bolsun!

Maral GAÝYPOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.