Bedew şöhraty

25-04-24

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda behişdi bedewlerimize goýulýan hormat has-da belent derejelere göterildi. Adamzat siwilizasiýasynyň taryhy bilen aýakdaş bolan ahalteke bedewi ençeme asyrlaryň dowamynda özüne mahsus bolan güýç-kuwwatyny, ýyndamlygyny, gözelligini saklap gelýär.

Gadymy türkmen taryhynyň tebigatyndan we zähmetsöýer halkynyň aýratyn zehininden kemala gelen ahalteke bedewi ýyndamlygy bilen ähli münülýän atlaryň görnüşlerinden ozduryp, Ýer ýüzüniň atçylyk sungatynyň ösüşine goşant goşdy. Ol özi barada ähli taryhy eýýamlarda mähirli ýatlama galdyrmak bilen, dünýäniň medeni giňişliginde owadanlygyň ajaýyp nusgasyna öwrüldi. Ahalteke bedewiniň adam bilen aň-paýhas sazlaşygyna girip bilýändigi tebigatyň täsinligidir. Dünýäde arassa ganlylygyny saklan ýeke-täk bedew – ahalteke bedewi. Ahalteke bedewleri umumadamzat gymmatlygy. Ata-babalarymyzyň öz bedew aty bilen dünýäniň çar ýanyna ýöriş etmegi bu atlaryň giňden ýaýramagyna we meşhurlygyna şert döredipdir. Türkmen dessanlaryny, halk ertekilerini, rowaýatlaryny okanyňda hem, muňa göz ýetirmek bolýar. Il-ulsumyz bedew bady bilen üstünliklere sary öňe barýar. Şeýdibem, ahalteke bedewi rowaçlygyň nyşanyny özüne ýaran edinýär.

Häzirki döwürde ahalteke bedewlerini ýetişdirmäge we olara ideg etmäge raýatlarymyzyň hem işjeň gatnaşmaklary bizi has-da buýsandyrýar. Ahalteke bedewleriniň abraýynyň öz hakyky derejesinde, olara mynasyp derejede bolmagynyň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Çünki ahalteke bedewini seýisläp, täsin sungaty döreden ata-babalarymyzyň bu hünärleri kämilligiň nusgasyna öwrüldi.

Milli gymmatlygymyz bolan ahalteke bedewlerimize berilýän üns bagtyýarlyk zamanamyzda has-da güýçlendi. Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde gurlup, ulanylmaga berilýän döwrebap atçylyk sport toplumlary munuň aýdyň mysalydyr. Atlary idetmekde, seýislemekde ähli amatlyklary bolan bu toplumlarda halkara derejesindäki ýaryşlara gatnaşmaga ukyply türgenleri taýýarlamaga, olaryň türgenleşik işlerini talabalaýyk ýola goýmaga ähli şertler döredilendir. 

Indi däp bolşy ýaly her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de döredijilik işgärleriniň bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirilýär. Onda bäsleşikleriň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmatbahaly sowgatlaryň, «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijilerine gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylmagy döwlet Baştutanymyzyň bedew ata bolan sarpasynyň juda belentdigini ýene bir gezek bütin dünýä äşgär edýär.

Meşhur atşynaslaryň neberesinden bolan Gahryman Arkadagymyz hem, hormatly Prezidentimiz hem bütin dünýäde bedew janköýeri we atçylyk sportunyň ussady hökmünde tanalýarlar. Goý, atçylygy, atşynaslygy ýokary derejede ösdürmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Gurbangeldi AGAGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Demir ýol ulaglary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.