Dil — dostluk köprüsi
28-10-24

Dil − adam ýaşaýşynyň iň möhüm aragatnaşyk serişdesi hökmünde ykrar edilen gymmatlyk. Muny dünýä dilleriniň giňden öwrenilmeginiň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar. Dünýä dillerini öwrenmek, biziň jemgyýetimizde aýratyn hem ýaşlarymyza öwretmek möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Türkmen diliniň ähli babatdaky aýratynlyklaryny, köklerini we ösüş derejesini ylmy esasda öwrenmek işleri bilen bir hatarda, daşary ýurt dilleriniň özleşdirilmegine hem aýratyn üns berilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara hyzmatdaşlygy ýokary derejede alnyp barylýan Diýarymyzda ykdysadyýetiň we beýleki ulgamlaryň ählisinde tiz depginli ösýän innowasiýanyň gazananlary giňden ornaşdyrylýar. Ähli pudaklarda we ulgamlarda sanly ulgamyň mümkinçilikleri, kompýuter tehnologiýalary giňden peýdalanylýar. Munuň özi dünýä dillerinden baş çykarýan hünärmenleriň kemala gelmegini şertlendirýär. Şu nukdaýnazardan ýurdumyzda mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ýokary okuw mekdepleriniň ählisinde daşary ýurt dilleri giňden öwredilýär. Daşary ýurt dillerini öwrenmek boýunça okuw sapaklary guramaçylygy, işjeň häsiýeti, sanlylaşdyrylan usulyýeti bilen tapawutlanýar.
Dünýä dillerinde gürläp bilýän, dilleriň grammatikasyndan mynasyp baş çykarýan ýaşlaryň täze nesli kemala gelýär diýsek hem öte geçmeris. Munuň özi diňe bir daşary ýurtlaryň tejribesiniň milli häsiýetde ýurdumyzda peýdalanylmagynda däl-de, eýsem, türkmeniň asylly ýörelgesiniň dünýäde dabaralanmagynda hem juda ähmiýetlidir. Ýurdumyzda halkara derejesinde onlaýn görnüşinde geçirilýän forumlarda, maslahatlarda, sergilerde we beýleki dünýä jemgyýetçiligi bilen bagly çärelerde dünýä dilleriniň peýdalanylmagy möhüm şert bolup durýar. Şeýle möhüm ähmiýetli wakalarda bolsa döwrümiziň kämil bilimli, ýokary hünär derejeli ýaşlary, dilçileri, degişli hünärmenleri we terjimeçileri ýurdumyzda daşary ýurt dilleriniň ýokary derejede öwrenilýändigini subut edýärler. Munuň özi diňe bir dil öwrenmek meselesine aýratyn üns berilýändigini aňlatman, eýsem, türkmen medeniýetiniň wagyz edilmeginde hem uly ähmiýete eýedir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýäde belent abraýdan peýdalanýan Watanymyzda daşary ýurt dillerinde erkin gürläp bilýän ýaşlaryň ýetişdirilmegi bolsa örän buýsançly ýagdaýdyr.
Talyplarymyz ýokary okuw mekdebimizde geçirilýän ylmy-amaly we usulyýet maslahatlarynda, beýleki ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda daşary ýurt dillerinde teleköpri arkaly uzak aralykdan yzygiderli gurnalýan okuw sapaklarynda bilimlerini artdyrýarlar, sözleýiş medeniýetini ösdürýärler.
Portal arkaly mugallym bilen talybyň hyzmatdaşlygy, ilki bilen, wagty tygşytlamaga, sanly ulgamyň syrlaryna içgin aralaşmak bilen daşary ýurt dillerini utgaşykly öwrenmäge mümkinçilik berýär.
Ýurdumyzyň bilim edaralarynda dünýäniň öňdebaryjy enjamlary ulanylýar. Ol enjamlara ussatlyk bilen erk etmek üçin hem daşary ýurt dillerini bilmegiň zerurdygy mälimdir. Bu bolsa, ýagny ýurdumyzda dürli ugurlarda gazanylýan ösüşler, halkara gatnaşyklaryň giňeldilmegi talyplaryň dil öwrenmäge bolan höwesini has-da artdyrýar. Mugallymlar talyplaryň daşary ýurt dillerini netijeli öwrenmegi üçin yhlasyny gaýgyrmaýarlar.
Hormatly Prezidentimiziň eziz Diýarymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi, mähriban türkmen halkynyň bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşamagy barada edýän aladalaryna jogap edip, döwrümize mynasyp ýaşlary terbiýeläp ýetişdireris.
Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Miwe AGYŞOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.