Aşgabat — şäherleriň göwheri

24-05-24

Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryndan bu guramanyň yglan eden «Şäherdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň berlendigi barada bagtyýar halkymyza buşlan hoş habary kalbymyzy buýsanja besledi. Döwlet Baştutanymyzyň belläp geçişi ýaly, bu iri möçberli ekologiýa maksatnamasyna paýtagtymyz Aşgabadyň goşandynyň resmi taýdan ykrar edilmegi Türkmenistan bilen BMG-niň netijeli we köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň subutnamasy bolup durýar.

Ýurdumyzda tebigaty goramak ulgamynda hereket edýän kanunçylygyň yzygiderli kämilleşmegi, howanyň üýtgemegi boýunça hereket edýän Türkmenistanyň Milli strategiýasy, Milli tokaý maksatnamasy ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça geçirilýän işleriň has-da giň gerimde ýaýbaňlanmagyny şertlendirýär.

Arkadagly Serdarymyzyň köp ýyllaryň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda Türkmenistanda 145 milliondan gowrak agaç nahallarynyň oturdylandygyny buýsançly bellemegi bu babatdaky işleriň ýurdumyzda we sebitde arassa howanyň ýokary derejede bolmagyna, tebigatyň abat saklanyp galmagyna gönükdirilendigine güwä geçýär. Aýratyn-da, Aral deňziniň guran ýerlerinde emele gelýän tebigy hadysalaryň ýetirýän ýaramaz täsirini azaltmak maksady bilen, bu ýerleri tokaýlaşdyrmak işleri giň gerimde alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Daşoguz welaýatynda çöl ösümliklerini we ýaprakly agaçlary ekmek boýunça toplumlaýyn işler geçirilýär. Munuň özi ýurdumyzyň we sebitiň ekologiýa ulgamyna oňyn täsirini ýetirýär.

Biziň bereketli topragymyz bar. Ol eken her bir dänäňi müň edip gaýtaryp berýär. Mundan bäş müň ýyl ozal hem sahy topragymyzda ak bugdaýyň bol hasylynyň ýetişdirilendigini geçirilen ylmy barlaglar subut etdi. Geljekki nesillerimize rysgal-bereketli hasyly öndürmäge millionlarça gektar küpürsäp ýatan tarp, boz meýdanlarymyz bar. Munuň özi geljekde-de daýhançylyk kesp-kärini mynasyp dowam etdirmäge we ýerden bol hasyl almaga oňyn şert döredýär. Her ýylyň 22-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kesgitlenen Halkara ene Ýer güni bellenilýär. Bu uly ähmiýete eýe bolan halkara sene Zemin bilen ekoulgamlaryň arasyndaky özara baglanyşygy beýan edýär. Ýeri mukaddes saýmak, tebigata hormat goýmak, ony gorap saklamak üçin yzygiderli tagallalary etmek halkymyzyň milli häsiýetine siňen ruhy-ahlak ýörelgeleridir. «Tebigat — ynsan saglygyny berkitmegiň girewi» diýip, öwüt-nesihat eden parasatly atalarymyz jana tenekar läle-reýhanlyga, bagy-bossanlyga beslenen seýilgählerde seýil edip, arassa howada ýöremegiň, maşk etmegiň saglygy berkitmekde taýsyz bejergidigini ýaşlaryň kalbyna guýup gelýärler. Nesiller bolsa ata-babalarymyzyň yhlasy siňen keremli türkmen topragynyň her daban ýeriniň mukaddesdigini hiç wagt unutmaýarlar.

Ýeri gelende aýtsak, türkmen topragy ösümlik dünýäsiniň ýokary derejede köpdürlüligi, şeýle hem tutuş sebitde örän seýrek duş gelýän endemik ösümliklere baýdygy bilen tapawutlanýar. Munuň özi halkymyzyň müňýyllyklar içre tebigy baýlyklary gorap gelendiklerini, onuň täze görnüşlerini ýetişdirmekde bimöçber zähmet, yhlas siňdirendiklerini tassyklaýar.

Aşgabat şäherine BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň yglan eden «Şäherdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin halkara güwänamanyň berilmegi ýurdumyzda daşky gurşawy goramak we bag ekmek bilen bagly dabaralanýan syýasatymyzyň dünýä nusgalykdygyny ýene-de bir ýola äşgär edýär.

Eziz Diýarymyzda her ýylyň maý aýynyň 25-ine ak şäherimiz Aşgabadyň gününiň hem-de tutuş ýurdumyzda «soňky jaň» dabaralarynyň utgaşyp, üýtgeşik bir baýramçylyga öwrülmegi merjen paýtagtymyzyň ýylsaýyn juwanlaşyp, gözel keşbe girýändigini, ýaşlygyň, gözelligiň şäheridigini sözsüz subut edýär.

Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Pälwan PIRNEPESOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Mehanika-tehnologik fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.