25-nji maý – Aşgabat şäheriniň güni

23-05-25

Ak şäherimiz Aşgabadyň gününi bellemek türkmen halkymyzyň adatyna öwrüldi. Her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň güni ýurdumyzda uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Bu günki gün ak mermere beslenen paýtagtymyzy görmäge göz, taryp etmäge söz gerek. Gurbannazar Ezizow öz şygyr setirlerinde:

Şäher guruň, penjiresi giň bolsun,
Säher Gün şähere başyny egsin

– diýmek bilen, ak şäherimiz Aşgabadyň hut häzirki ýagdaýyny taryplaýana meňzeýär.

Elbetde, bu gün gurulýan belent-belent ymaratlar, döredilýän gözel seýilgähler, säher wagty guşlaryň saýraýan sesleri abadançylygyň, asudalygyň alamatydyr. Ol türkmen halkynyň her bir raýatynyň gursagynda ata Watanymyza, beýik geçmişimize, bagtly şu günümize we geljegimize bolan buýsanç bolup ýaňlanýar.

Berkarar döwletimizde yglan edilen 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Aşgabat şäheriniň güni bilen utgaşykly geçiriljek köpugurly halkara sergi eziz halkymyz üçin goşa toýdur. Paýtagtymyzda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasynda Aşgabady dünýäniň iň owadan we ýaşaýyş üçin has amatly şäherleriniň birine öwürmek göz öňünde tutulýar. Bu belent maksadyň türkmen paýtagtynda geçiriljek halkara forumyň dowamynda öz beýanyny tapjakdygyna ynanýarys.

Sebitiň iri işewürlik we medeni merkezi hökmünde ykrar edilen merjen paýtagtymyz ýokary depginler bilen ösýän döwrebap şäheriň ähli aýratynlyklaryny özünde jemleýär. Milli binagärligiň gadymy däpleri bolsa bu aýratynlygyň özenini düzýär.

 

Maslahat «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Ak şäherim Aşgabat – geljegiň we mümkinçilikleriň şäheri» atly umumy mejlis bilen açylar, bu ýerde esasy üns durnukly ösüşiň we innowasiýa tehnologiýalaryň mysaly bolan paýtagtymyzyň tutýan ornuna jemlener.

Merkezi Aziýanyň göwher gaşy Aşgabat, rahatlyk we abadanlyk taýdan dünýäde öňdebaryjy şäherleriň biri hökmünde ykrar edilendir, bu onuň Aşgabat şäheriniň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegi we Ginnesiň rekordlar kitabynda ak mermer bilen örtülen binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde hasaba alnanlygy bilen-de tassyklanýar.

Maslahata gatnaşýanlar şäheri «akylly» we giň gerimli megapolis hökmünde ösdürmek, sanly we «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmak, ulag ekosistemasyny we şäher gurşawyny ösdürmek strategiýalaryny ara alyp maslahatlaşarlar. Türkmenistanyň şäher ülňülerine goşýan goşandyna, maýa goýumlaryny çekişine we halkara hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berler. Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady toparynyň «Çagyryş: şäherlerde bagçylyk» başlangyjyna agaç ekmek boýunça çäreleri amala aşyrmak arkaly beren goldawy we goşan goşandy üçin halkara şahadatnama almagy paýtagtymyzyň halkara abraýyny hasam artdyrdy.

Köpugurly sergi şäher gurluşygynyň Aşgabady ösdürmekde esasy ugra öwrülendigini hem-de paýtagtymyzyň ykdysady ugruny, onda maýa goýumlaryna we işewürlige degişli amatly ýagdaýyň döredilmegini kesgitleýändigini ýene-de bir gezek açypgörkezýän ajaýyp çäre hökmünde uly ähmiýete eýe bolar. Ata Watanymyzyň baş şäherini mundan beýläk-de ösdürmegiň maksatnamalaryny we taslamalaryny açyp görkezýän diwarlyklaryň sergini görmäge barýan adamlaryň ünsüni özüne çekjekdigine ynanýarys. Çünki häzirki wagtda türkmen paýtagty bütin dünýäniň ünsüni özüne çekýän döwrebap şäher hasaplanýar.

Her ýyl geçirilýän halkara sergide ýurdumyzyň halk hojalygyna degişli dürli pudaklaryň hem-de düzümleriň täze teklipleri we gazanan üstünlikleri, Aşgabat şäheriniň senagat, medeni we aň-bilim kuwwatyny, durmuş-ykdysady taýdan örän uly möçberli serişdeleri hem-de mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýiti galamyndan dörän «Ak şäherim Aşgabat» atly kitaby hem paýtagtymyz Aşgabada bagyşlanan ajaýyp eserdir. Bu eserde şäherimiziň gözel künjekleri, onuň ösüşi we geljekde ediljek işler beýan edilýär.

Toýlary goşa-goşadan gelýän türkmen halkymyzyň ýollary ýagty, her bir güni şanly wakalara beslensin! Bagtyýar halkymyz bagtly günleriň şaýady bolup ýaşasyn! Bu asuda, şatlykly günlerimiziň başynda durýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Maral SEÝITNIÝAZOWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Demir ýol ulaglary fakultetiniň Gurluşyk kafedrasynyň mugallymy.

169eefa8756e01.jpeg
Rus dilini öwrenmekde türkmen-rus gumanitar gatnaşyklarynyň ähmiýeti

Bütindünýä derejesinde ählumumy parahatçylyk, howpsuzlyk hem-de ata-baba ynsanperwerlik syýasatyny üstünlikli alyp barýan Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz durnukly ösüş depginleri bilen öňe barýar. Türkmen döwleti özüniň Bitaraplyk derejesiniň çäklerinde dünýäniň ýurtlary bilen deňhukuklylyk esasynda, ähli ugurlar boýunça özara bähbitli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýýar hem-de yzygiderli ösdürýär.


Ahalteke bedewleriniñ dünýä jemgyýetindäki orny.

Ahalteke bedewi diňe bir at däl-de, eýsem türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren janly sungat eseridir. Taryhyň dowamynda türkmen halkynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ahalteke bedewleri, diňe bir gözelligiň nusgasy däl, eýsem, Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň we medenýetiniň möhüm sütünidir.


TÜrkmen bedewi ― parahatçylygyň ilçisi

«Türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, öý-ojagymyzyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr» diýip hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu günki eşretli Diýarymyzyda ahalteke bedewleri dünýä arenasynda abraýyna mynasyp hormat münberinde orun alýar.


169f2fea920e7f.jpeg
DÖWREBAP MERKEZ

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň okamagy öwrenmegi döretmegi üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Talyp ýaşlarymyzyň ýokary okuw jaýlarynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan labaratoriýalarda okan zatlaryny tejribe usulda özleşdirmekleri olaryň okuw sapaklaryna bolan höwesini hasda artdyrýar.


169e8553a1c8a5.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLER

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda döwrüň talaplaryndan ugur alnyp we möhüm wakalara bagyşlanyp, her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy agzybir halkymyzyň watançylyk ruhunyň ýokarlanmagyna, her bir raýatyň Watanymyzda durmuşa geçirilýän beýik işlere dahylly bolup, oňa öz goşandyny goşmak höwesiniň artmagyna getirýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.