TÄZE OKUW ÝYLY — TÄZE ÜSTÜNLIKLERIŇ BADALGASY
31-08-22
Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, hünär, ylym öwrenmegi, edep-terbiýeli, ata Watana, merdana halkymyzyň ýol-ýörelgelerine wepaly, watansöýüji adamlar bolup ýetişmekleri üçin giň möçberli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallasy netijesinde eziz Watanymyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, onuň hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny gazanmak, innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar.
Ertir ýurdumyzyň ähli bilim ojaklarynda täze, 2022 — 2023-nji okuw ýyly başlanýar. Ynsan ömründe ýatdan çykmajak şatlykly pursatlar, günler az bolmaýar. Megerem, mukaddes bilim ojagy bolan mekdebe ilkinji gezek gadam basylyp, bilimler dünýäsiniň gapysynyň giňden açylan güni hem her bir ynsan üçin şeýle pursatlaryň biri bolsa gerek. Garaşsyz Diýarymyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününde bagtyýar neslimiz ýene-de ak mekdepleriň gujagyna dolar. Bilimler dünýäsine ilkinji gezek gadam basýan körpejelere, şeýle-de talyp bolmak bagty miýesser eden ýaşlara ol gün ýatdan çykmajak şatlykly pursatlary bagyş eder.
«Biz altyn güýzüň ilkinji gününde Bilimler we talyp ýaşlar gününi hem Garaşsyzlygymyzyň berkararlygyny, milli bilim ulgamynyň okgunly ösýändigini alamatlandyrýan wakalar bilen garşylaýarys» diýýän Gahryman Arkadagymyz geljegimiz bolan ýaş nesillerimiz barada uly aladalar edýär. Gurlup, ulanylmaga berlen we berilýän bir-birinden owadan arhitektorlyk gurluşy boýunça gözel okuw mekdeplerimiz ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli, kuwwatly nesiller bolmagynda uly mümkinçiliklerdir.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp, talyp ýaşlaryň öz hünärlerine bolan höwesini, tebigata, Watanymyza, taryhymyza söýgüsini artdyrmak maksady bilen, internet arkaly dürli dersler boýunça onlaýn bäsleşikler yzygiderli guralýar. Bu bolsa olaryň ylym-bilim ulgamynda gazanýan döredijilik üstünlikleriniň örüsini giňeldýär.
Hormatly Prezidentimiziň milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, hünärli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrundaky tagallalary rowaçlanýar. Şu pursatdan peýdalanyp, berkarar Watanymyzy bedew batly ösüşleriň ýoly bilen eşretli geljege alyp barýan hormatly Prezidentimize tükeniksiz alkyşlarymyzy aýdýarys.
Ilkinji sapagy «Halkyň Arkadagly zamanasy» ady bilen geçiriljek täze, 2022-2023-nji okuw ýylynyň uly üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris. Täze, 2022 — 2023-nji okuw ýylyňyz düşümli, Bilimler we talyp ýaşlar günüňiz gutly bolsun, eziz ildeşler! Ýoluňyz ak bolsun, eziz ýaşlar!
Şirin YLÝASOWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy Akademiýasynyň diňleyjisi.
TÜRKMEN BEDEWLERI BÜTIN DÜNÝÄŇ YKRARYNDA
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň milli buýsanjy we baýlygy hasaplaýan behişdi ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olaryň baş sanyny köpeltmek boýunça başyny başlan başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär.
BAGTLY DÖWRE BUÝSANÇ
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, ýaşlary ylmy gözleglere we innowasion açyşlara ugrukdyrmak döwlet syasatynyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bagtyýar döwrümiziň berýän şeýle giň mümkinçiliklerinden ruhlanyp, ylmyň çet-gyrasyz dünýäsine gadam basan ýaşlaryň biri hökmünde, golaýda maňa "Ýaş alym" diýen abraýly adyň dakylmagy meniň üçin örän uly buýsanç we şol bir wagtda belent jogapkärçilik boldy.
Ahalteke bedewleriniñ dünýä jemgyýetindäki orny.
Ahalteke bedewi diňe bir at däl-de, eýsem türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren janly sungat eseridir. Taryhyň dowamynda türkmen halkynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ahalteke bedewleri, diňe bir gözelligiň nusgasy däl, eýsem, Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň we medenýetiniň möhüm sütünidir.
TÜrkmen bedewi ― parahatçylygyň ilçisi
«Türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, öý-ojagymyzyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr» diýip hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu günki eşretli Diýarymyzyda ahalteke bedewleri dünýä arenasynda abraýyna mynasyp hormat münberinde orun alýar.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar wekiliýetiniň Hindistan bilen tanyşlyk sapary
Häzirki döwürde ýaşlaryň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeniýetleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak we ylym-bilim ugrundaky täze tejribeleri alyşmak aýratyn ähmiýete eýedir. Şu maksat bilen 2026-njy ýylyň 24-nji marty 2-nji apreli aralygynda Hindistan Respublikasynyň Mumbai, Goa we New Delhi şäherlerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň gatnaşmagynda tanyşlyk sapary geçirilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.