Saza sarpa – milli sungatymyza sarpa

17-06-26

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýä halklaryny dostlaşdyrmakda, birek-birege hormat goýmakda, hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmekde amala aşyryýan dünýä ähmiýetli beýik işler hakynda oýlananyňda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitaby biygtyýar ýadyňa düşýär.

Ajaýyp kitap parahatçylygy, dost-doganlygy dabaralandyrýandygy bilen birlikde, bitaraplygyň türkmen nusgasynyň mümkinçiliklerini has aýdyň ýüze çykarýandygy bilenem täsirlidir. Munuň özi ýöne ýerden däl. Mälim bolşy ýaly, bu ajaýyp eserde halk paýhasynyň parahat ýaşaýyş bilen baglylykdaky ähmiýeti ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň «Şükür bagşy» powesti esasynda anyk mysallara, degerli delillere salgylanylyp, ussatlyk bilen açylyp görkezilýär. Bitaraplygyň örän döredijilikli işdigini, onuň syýasy, ykdysady, taryhy we medeni meseleleri öz içine alýandygyny aýratyn belleýän Milli Liderimiz «Şükür bagşy» powestiniň üsti bilen ynsanperwerlik ideýalarynyň, has takygy, sungatyň harby hereketlerden üstün çykyp bilýändigi baradaky pelsepäni öňe sürýär.

Ilki bilen bellemeli zat, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehininden dörän bu eser, ozal näçe görenem bolsaň, «Şükür bagşy» kinofilmine täzeçe nazar bilen ýene bir gezek tomaşa etmäge mejbur edýär. Şükür bagşynyň «At-ýaragyň bitirýän işini dutar bitirip bilmezmi?» diýen soragy mizemez durmuş hakykatyny ýüze çykarýar: hakykatdan-da, käbir ýagdaýlarda sungatyň ähmiýetiniň serkerdeleriň çözgütlerinden ýokary bolýan halatlary bolýar. Doganynyň ýesir düşmegi kalby kir-kimirsiz, ýaşaýşyň manysyny durmuşyň gözelligini saz bilen bezäp, adamlara şatlyk, ruhy lezzet paýlamakda, olaryň ruhuny götermekde görýän ýaş ýigidiň ýüreginde mäkäm orun alan sazyň gudratyny açyk-aýdyň ýüze çykarmagyna sebäp bolýar. «Bu film maňa örän uly täsir etdi. Gandöküşikli jeňe ýol bermän, garşydaşy sungatyň kömegi bilen ýeňip bolýan eken diýen açyşymy şondan bäri kalbymda saklaýaryn» diýip belleýän Gahryman Arkadagymyz sazyň güýji bilen birlikde, ynsanperwerlik, asuda ýaşaýyş, dost-doganlyk ýaly ajaýyp duýgularyň bu inçe sungatyň, hususan-da, milli saz sungatymyzyň özenini düzýändigini giňişleýin beýan edýär.

Şükür bagşynyň sazy ýeňşiň sazy, şol bir wagtyň özünde-de, ajaýyp kitabyň adyndan görnüşi ýaly, parahatçylygyň, dostlugyň, doganlygyň hem sazydyr. Kinofilme tomaşa edip, doganyny ýesirlikden halas etmek üçin ýola çykan sazanda ýigidiň kalbynda orun alan toplar gümmürdeýärkä, sungatlaryň dymýandygyna däl-de, sungatlar söhbetleşýärkä, toplaryň sesiniň çykmaýandygyna bolan mizemez ynamy duýýarsyň. Halkymyzyň ata-baba gelýän parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini özünde jemleýän bitaraplyk taglymatyny dünýä ýaýan Gahryman Arkadagymyz özüniň ajaýyp eserinde bu hakykata has aýdyň göz ýetirmegiň ýoluny juda inçelik hem iňňän çeperçilik bilen açyp berýär.

«Şükür bagşy» kinofilminiň kalbyňy gozgalaňa salýan pursatlarynyň birine dykgat edeliň: ölüm ýassygynda ýatan goja şeýle diýýär: «Gana gark bolan ýer miwe bermez. Biz öz ata-babalarymyzyň öňünde günäkärdiris. Nesillerimiz bolsa öňümizde günäkär bolarlar. Adam öz bagtynyň ýerdedigine, suwdadygyna, zähmetdedigine düşünmese, bu durmuş asyrlarboýy dowam eder». Filmiň süňňüne siňen bu sözler halkymyzyň asylky häsiýetiniň, zandynyň parahatçylyk söýüjilige ýugrulandygyna şaýatlyk edýär. Şeýle-de bolaýmaly, çünki ol — ynsan balasy üçin edil suwuň, howanyň gerek bolşy ýaly zerur düşünje. Şol düşünje hem Şükür bagşyny alys hem hatarly ýola atarýar.

Parahatçylyga, özara ynanyşmaga orun bolmadyk ýerde kadaly ýaşaýşyň gürrüňini edip oturmagyň zerurlygy ýok. Diýmek, islendik döwürde-de parahatçylyk, ynanyşmak ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň gözbaşydyr. Häzirki döwürde bolsa ol durnukly ösüşi we adamzadyň abadan geljegini üpjün etmegiň esasy şertidir. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan kemal tapan we hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda has-da gül açýan bagtyýar zamanamyzda bu ynsanperwer ýörelge barha rowaçlanýar. «Häzirki döwürde türkmen halkynyň milli aýratynlyklary döwletiň içeri we daşary syýasatynyň derejesinde öz beýanyny tapdy. Olaryň esasynda parahatçylygy söýüjiligi ykrar edýän mizemez ahlak kadalary hem-de ýörelgeleri berkidildi» diýip, Milli Liderimiz kitapda ýazýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Ýer ýüzünde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine goşýan ägirt uly goşandy munuň aýdyň subutnamasydyr. Parahatçylyk, ynanyşmak ýörelgeleriniň sazlaşygy bolsa ýurdumyzyň daşary döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň gerimini giňeldip, ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyny täze derejelere göterýär.

«Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitap halkymyzyň dost-doganlyga sarpa goýmak ýaly gadymdan gelýän asylly häsiýetini we ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň syýasy ähmiýetini ýene bir gez belende göterýär. Ol bagtyýar zamanamyzda halkara gatnaşyklary ýokary derejede ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän tutumly işleriň we bu ugurda ýetilýän belent sepgitleriň beýanyny özünde jemleýändigi, halkymyzyň ynsanperwerlik ýörelgelerini, berkarar Watanymyzyň şan-şöhratyny ýokary çeperçilik derejesinde wagyz edýändigi bilen has-da täsirlidir.

Milli medeniýetimize, sungatymyza uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Enejan AMANGULYÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.