Garaşsyz Watanyň geljegi — ýaşlar
27-09-24

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beden we ruhy taýdan sagdyn, watansöýüji, zehinli ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmekde halkymyzyň gadymdan gelýän asylly ýol-ýörelgeleri dowam etdirilip, olar mazmun taýdan has-da baýlaşdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda eden taryhy çykyşynda: «Beýik geljegimiz siziň bagtyýarlygyňyz, kadaly ösüşiňiz bilen aýrylmaz baglydyr. Şundan ugur alyp, nesilleri halkymyzyň asylly däpleri esasynda terbiýelemegi örän möhüm wezipeleriň biri hasaplaýarys» diýip, ýaşlara ýüzlenip aýdan sözlerem munuň aýdyň güwäsi bolup dabaralanýar.
Ajaýyp zamanamyzda ösüp gelýän ýaş nesillerimiz döwrebap ylym-bilim ojaklarynyň, bedenterbiýe-sagaldyş merkezleriniň, medeni-sport toplumlarynyň hyzmatyndan ýerlikli peýdalanýarlar. Olarda dünýä ülňülerine laýyk gelýän şertleriň bolmagy aýratyn bellärliklidir.
Hormatly Prezidentimiziň ylymly, bilimli, ruhubelent ýaşlary terbiýelemekde berýän maslahatlary, öňe sürýän parasatly başlangyçlary örän uly ähmiýete eýedir. Arkadagly Serdarymyzyň bagtyýar ýaşlarymyzda şöhratly geçmişimize, eşretli şu günümize we nurana geljegimize bolan belent buýsanjy kemala getirmekde edýän taýsyz tagallalarynyň ýerine düşýändigine bolsa, biziň her birimiz şaýat bolup ýörüs.
Döwlet Baştutanymyzyň ýaşlar hakynda edýän aladalary ýaşuly nesliň wekili hökmünde biziň göwün guşumyzy ganatlandyrýar. Şeýle aladalar ýaşlaryň diňe bir bilim-terbiýe almaklaryny, hünär öwrenmeklerini gazanmak bilen çäklenmeýär. Olar ýaşlarda ruhy-ahlak, medeni gymmatlyklara, halal zähmete, sagdyn durmuş ýörelgelerine söýgi döretmek, ýaşlaryň hukuklaryny üpjün etmek, jemgyýetçilik we şahsy başlangyçlaryny goldamak ýaly ugurlary hem öz içine alýar.
Garaşsyzlyk — türkmen ruhuny galkyndyryp, täze ykbal bagyş eýlän mukaddeslik, türkmen üçin ömrüniň aýdymyna deňelýän gymmatlyk, halkymyzy müdimilik juwan eýlän baýlyk, agzybirligiň nyşanydyr. Garaşsyzlyk — parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň beýik nusgasy, pederlerden dowam bolan täze eýýamy türkmen ykbalyna ýazan ömrümiziň sowulmajak baharydyr.
Eziz Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň döwrümiziň barha ösýän talaplaryna laýyk bilim almagyny, dürli hünärleri öwrenmegini, ylym we döredijilik bilen meşgullanmagyny, watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegini gazanmak, ahlak we beden taýdan kämil ýaşlary kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň esasyny düzýär. Ýaşlaryň jemgyýetiň we döwletiň ykdysady, syýasy hem medeni durmuşyna ynamly gatnaşmagyna, hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleriň döredilmegine, ylmyň hem tehnologiýalaryň ýokary depginler bilen ösýän döwründe aň-bilim mümkinçilikleriniň, akyl-ukyplylyk döredijiliginiň ýokarlandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Alnyp barylýan giň möçberli çäreler ýaşlaryň kalbyna merdana ata-babalarymyzyň Watanymyza we halkymyza wepalylyk, milli ruhy-ahlaklylyk, zähmetsöýerlik, erjellik, maksada okgunlylyk, sagdynlyk, raýatlyk borjuňy berjaý etmek däplerini ornaşdyrmagyny maksat edinýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän beýik özgertmeleri, alyp barýan parasatly syýasaty, okamaga, öwrenmäge, halal zähmet çekmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri döwür bilen öňe barýan ýaşlary guwandyrýar, buýsandyrýar. Zehinli türkmen ýaşlary dünýä döwletlerinde sanly ulgam arkaly geçirilýän halkara ders bäsleşiklerinde, şeýle-de sport ýaryşlarynda öňdäki orunlary eýeläp, ata Watanymyz Türkmenistanyň halkara abraýynyň artmagyna öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlar barada uly aladalary edýän, beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Gunça ARSLANOWA,
Çärjew etrabynyň 28-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy.

Bitaraplyk — Parahatlyk
Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.

MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.

«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi
24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi
25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.

Döwlet gullugy akademiýasynyň wekillleri adam serişdelerini dolandyrmakda innowasion çemeleşmeler boýunça onlaýn okuwlaryny geçdiler
2025-nji ýylyň maý aýynyň 26-30-y aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde adam serişdelerini dolandyrmak ulgamy boýunça onlaýn okuwlaryny geçýärler.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.