«Türkmentel – 2026»: sanly ösüşiň täze mümkinçilikleri
21-11-26
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ähli ulgamlary döwrebaplaşdyrmak, sanly ykdysadyýeti ösdürmek, ylmy-tehniki gazanylanlary önümçilige giňden ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Bu özgertmelerde maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryna aýratyn orun degişlidir. Çünki häzirki wagtda aragatnaşyk ulgamy diňe bir maglumat alyş-çalşygynyň serişdesi bolman, eýsem ykdysady ösüşiň, halkara hyzmatdaşlygyň we jemgyýetiň durmuşynyň möhüm hereketlendiriji güýjüne öwrüldi.
Şu nukdaýnazardan, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde her ýyl geçirilýän «Türkmentel» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty ýurdumyzyň maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ulgamynda gazanan üstünliklerini dünýä ýaýmak, öňdebaryjy tejribeleri öwrenmek, täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin möhüm halkara meýdança bolup çykyş edýär. Şu ýyl hem 24–26-njy noýabrda «Türkmentel – 2026» atly halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu gezekki halkara çäre 100-den gowrak halkara guramanyň we daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini, 200-den gowrak wekiliýeti bir ýere jemlär.
«Türkmentel – 2026» halkara sergisiniň aýratyn ähmiýeti onuň dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýa kompaniýalaryny, telekommunikasiýa operatorlaryny, halkara guramalaryny, ylmy-bilim edaralarynyň wekillerini we pudaklaýyn bilermenleri özünde jemleýän giň gerimli meýdança bolmagyndadyr. Sergä Hytaýdan, Estoniýadan, Ermenistandan, Belarusdan, Gazagystandan, Gruziýadan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Azerbaýjandan, Eýrandan, Türkiýeden we Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryndan wekiliýetleriň gatnaşmagyna garaşylýar. Bu bolsa ýurdumyzyň halkara tehnologiýa giňişligindäki ornuny pugtalandyrmak, dürli döwletler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.
Halkara guramalaryň hatarynda Halkara Elektroaragatnaşyk Bileleşiginiň (ITU), Bütindünýä poçta birleşiginiň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Aragatnaşyk boýunça Sebitleýin arkalaşygynyň (ASA), Yslam ösüş bankynyň we Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň wekilleriniň bolmagyna garaşylýar. Şeýle hem «Ozon», «Huawei», «Nokia», «Cisco», «Thales», «Lenovo», «Mitsubishi», «Samsung», «ZTE» we «Adex» ýaly dünýä belli kompaniýalaryň gatnaşmagy serginiň halkara derejesini we işewürlik mümkinçiliklerini has-da ýokarlandyrýar.
Serginiň esasy aýratynlyklarynyň biri hem onda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň dürli ugurlary boýunça iň täze işläp taýýarlamalaryň we innowasion çözgütleriň görkezilmegidir. Hususan-da, ýokary tizlikli internet, süýüm-optiki aragatnaşyk ulgamlary, 5G tehnologiýalary, hemra aragatnaşygy, maglumatlary gaýtadan işleýän merkezler, bulut tehnologiýalary, zatlaryň interneti, kiberhowpsuzlyk, sanly töleg ulgamlary, akylly öý we sanly dolandyryş çözgütleri sergä gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň üns merkezinde bolar. Bu ugurlardaky täze mümkinçilikler diňe bir hünärmenler üçin däl, eýsem ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda sanly çözgütleri ornaşdyrmak bilen gyzyklanýan giň jemgyýetçilik üçin hem uly gyzyklanma döreder.
Häzirki zaman dünýäsinde sanly tehnologiýalaryň çalt ösmegi telekommunikasiýa ulgamynyň öňünde täze wezipeleri goýýar. Şoňa görä-de, «Türkmentel – 2026» halkara ylmy maslahatynyň maksatnamasy hem döwrüň möhüm meselelerini öz içine alýar. Bäş sany bilermenler maslahatyndan ybarat boljak ylmy maslahatda emeli aňyň we innowasiýalaryň kömegi bilen Türkmenistanyň sanly geljegini kemala getirmek, durnukly sanly infrastrukturany döretmek, sanly özgertmeleriň howpsuzlygyny üpjün etmek, elektron hökümet ulgamlaryna bolan ynamy pugtalandyrmak, tehnologik merkezleriň we hünär taýýarlygynyň üsti bilen startaplary ösdürmek, şeýle-de emeli aňa esaslanýan innowasiýalary we durnukly sanly ekoulgamlary döretmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.
Ylmy maslahatyň çäklerinde halkara tejribäni öwrenmäge we amaly başarnyklary ösdürmäge gönükdirilen okuw çäreleri hem geçiriler. Halkara Elektroaragatnaşyk Bileleşigi tarapyndan kiberhowpsuzlyk boýunça okuw sapaklarynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy tarapyndan bolsa «Emeli aňyň we innowasiýalaryň kömegi bilen Türkmenistanyň sanly geljegini kemala getirmek» atly okuw maslahatynyň guralmagy meýilleşdirilýär. Bu çäreler hünärmenleriň bilimlerini we başarnyklaryny ýokarlandyrmak, häzirki zaman tehnologik talaplara laýyklykda tejribe alyşmak babatda ähmiýetli bolar.
Halkara serginiň we ylmy maslahatyň geçirilmegi ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler bilen hem aýrylmaz baglanyşyklydyr. «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026–2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» we ony durmuşa geçirmek boýunça kabul edilen Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga gönükdirilen işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan milli emeli aň strategiýasyny taýýarlamak, milli maglumatlary gaýtadan işlemek merkezini (Data Center) gurmak, şeýle hem Emeli aň ulgamynda Başarnyklar merkezini döretmek boýunça degişli işler durmuşa geçirilýär. Bu başlangyçlar ýurdumyzyň maglumat-tehnologiýa binýadyny pugtalandyrmak, milli sanly mümkinçilikleri giňeltmek we geljekki innowasion ösüş üçin zerur şertleri döretmek babatda möhüm ähmiýete eýedir.
«Türkmentel – 2026» halkara sergisiniň ulag we üstaşyr geçelgeler ulgamyna bagyşlanan «Halkara ulag we üstaşyr geçelgeleri: özara baglanyşyk we ösüş – 2026» (ITTC) atly halkara maslahaty we sergisi bilen bir wagtda geçirilmegi hem aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bu çäreleriň özara utgaşykly geçirilmegi ulag, logistika we telekommunikasiýa ulgamlarynyň arabaglanyşygyny has-da pugtalandyrmaga, sanly infrastruktura arkaly halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge giň mümkinçilik berýär.
ITTC forumynyň çäklerinde halkara ulag geçelgelerini maliýeleşdirmek, halkara maliýe institutlarynyň gatnaşmagynda strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmak, sebitara arabaglanyşygy giňeltmek we ulag-logistika ulgamyna innowasion çözgütleri ornaşdyrmak meselelerine garalar. Mundan başga-da, «Argus Media» halkara bilermenlik kompaniýasynyň dünýä haryt-çig mal bazarlaryndaky we Merkezi Aziýadaky esasy meýiller hem-de baha görkezijileri baradaky mejlisiniň, şeýle-de «Ählumumy logistikanyň geljegini kemala getirýän zenanlar» atly tegelek stol maslahatynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şeýlelikde, Aşgabatda geçiriljek halkara çäreler diňe bir aragatnaşyk we sanly tehnologiýalar ulgamynyň däl, eýsem ulag-logistika pudagynyň hem möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin giň mümkinçilik döreder.
Halkara serginiň ýene-de bir möhüm wakasy «Sanly çözgüt – 2026» atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň jemleriniň jemlenmegidir. Bu bäsleşik ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny, ylmy-tehniki pikirlerini we täzeçil başlangyçlaryny ýüze çykarmaga, olaryň işläp taýýarlamalaryny durmuşa ornaşdyrmaga gönükdirilendir. Şu ýyl bäsleşige dürli ugurlar boýunça jemi 442 taslama hödürlendi. Saýlanyp alnan iň gowy taslamalaryň awtorlaryna gymmat bahaly sowgatlaryň we diplomlaryň gowşurylmagy ýaş nesliň ylma, tehnologiýalara we innowasion döredijilige bolan höwesini has-da artdyrar.
Ýeri gelende bellesek, «Türkmentel» halkara sergisi geçen ýyllaryň dowamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde hem netijeli meýdança bolup hyzmat etdi. Muňa geçen ýyl «Türkmentel – 2025» halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen Estoniýa Respublikasynyň Elektron dolandyryş akademiýasynyň arasynda sanly dolandyryş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň baglaşylmagy hem aýdyň mysaldyr. Estoniýanyň bu ugurda toplan tejribesiniň öwrenilmegi we hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi döwlet dolandyryş ulgamynda sanly çözgütleriň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak üçin ähmiýetlidir.
Şeýlelikde, «Türkmentel – 2026» halkara sergisi we ylmy maslahaty diňe bir öňdebaryjy tehnologiýalaryň görkezilýän ýeri bolman, eýsem täze pikirleriň, innowasion başlangyçlaryň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň we geljegi uly taslamalaryň kemala gelýän möhüm halkara meýdançasydyr. Serginiň çäklerinde geçiriljek duşuşyklar, tanyşdyrylyş çäreleri, ylmy maslahatlar we tejribe alyşmalar ýurdumyzyň telekommunikasiýa ulgamynyň ösüşine täze itergi bermek bilen bir hatarda, Türkmenistanyň halkara sanly giňişlige işjeň goşulyşmagyna hem ýardam eder.
Sanly ykdysadyýeti ösdürmek, ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmak, ýaş nesliň döredijilik we intellektual mümkinçiliklerini açmak üçin giň şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys! Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, ýurdumyzyň ösüşiniň we halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!
Güljemal GURBANOWA,
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň «Türkmentelekom» EAK-nyň Sanly ykdysadyýeti ösdürmek müdirliginiň Döwlet maksatnamalaryna göegçilik bölüminiň baş hünärmeni,
Ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy.
«Türkmentel – 2026»: sanly ösüşiň täze mümkinçilikleri
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ähli ulgamlary döwrebaplaşdyrmak, sanly ykdysadyýeti ösdürmek, ylmy-tehniki gazanylanlary önümçilige giňden ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Bu özgertmelerde maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryna aýratyn orun degişlidir.
Özbegistan we Türkmenistan Daşkent-Aşgabat ugry boýunça howa gatnawlaryny guramagy maslahatlaşdy
Özbegistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Alimjan Abdullaýew çarşenbe güni Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Şadurdy Meredow bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda Daşkent–Aşgabat–Daşkent ugry boýunça yzygiderli howa gatnawlaryny ýola goýmak, şeýle hem serhetýaka sebitleriň ýaşaýjylary üçin üç güne çenli möhlet bilen wizasyz hereket etmegi gaýtadan dikeltmek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Awaza — dostlugyň we hyzmatdaşlygyň mekany
19-njy noýabrda «Berkarar» myhmanhanasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň Syýasy meseleler we halkara hyzmatdaşlyk boýunça hemişelik komissiýasynyň hem-de Hukuk meseleleri boýunça hemişelik komissiýasynyň mejlisleri, şeýle-de “Awaza” toplumynyň kiçi mejlisler zalynda GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.
«Türkmentel – 2026»: dünýäniň öňdebaryjy sanly tejribesi Aşgabatda jemlener
Şu ýylyň 24–26-njy noýabry aralygynda paýtagtymyz Aşgabatda «Türkmentel – 2026» halkara sergisi we ylmy maslahaty dünýäniň 20-den gowrak döwletinden 200-den gowrak wekiliýeti bir ýere jemlär.
Aşgabatda geçiriljek «Turkmentel» we «ITTC» forumlaryna 500-den gowrak daşary ýurt wekilleriň gatnaşmagyna garaşylýar
100-den gowrak halkara guramanyň we daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri, şeýle hem 200-den gowrak wekiliýet «Turkmentel – 2026» atly halkara sergä we ylmy maslahata, şeýle-de «Halkara ulag we üstaşyr geçelgeleri: özara baglanyşyk we ösüş – 2026» (ITTC) atly maslahata hem-de sergä gatnaşmagy meýilleşdirýär. Forumlar 24–26-njy noýabrda Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.