Buýsanjymsyň, Garaşsyzlyk!
15-09-24
Garaşsyzlyk sözi «Bagt, Bagtyýarlyk, Berkararlyk» diýen düşünjeleri öz içine alýar. Eýsem, Garaşsyzlyk bagty nämedir? Bagtlylygyň uly borçdugyny bilýärmisiňiz?! Bagtyň nämedigine düşünmek oňa barýan ýoly öwrenmekdedir. Şu günüňe buýsanç geçmişiňi bilmekden başlanýar. Özüňi tanamak üçin aslyňa göz aýlamak gerek. Garaşsyzlyk biz üçin bihasap bar eçildi. Bu sansyz nygmatly, bagtly günleriň gadyryny bilmek biziň borjumyz. Atalaryň alyn derinden dörän durmuşa düşünmek perzentlik parzymyzdyr.
Biz bu gün ata-babalarymyzyň ynam-yhlasyndan binýat bolan türkmen binasyny «Berkarar döwlet», güýç-gaýraty bilen gazanan döwletli döwranyny «Bagtyýarlyk» diýip atlandyrýarys. Bu bagtyýarlyk atalaryň irginsiz yhlasy we aladasy, halal zähmeti we ýaşaýşa söýgüsi bilen dörändir. Bu berkarar döwlet bolsa Pyragynyň yşkynyň kemaly, arzuwlarynyň wysaly. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — yşkdan binýat bolan türkmen binasy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzyň ady, şöhraty, mertebesi bu gün dünýä dolýar. Garaşsyzlyk bu Türkmen halkynyň mukaddes baýramlarynyň biridir, ata-babalarymyz, pederlerimiziň taryhynda müňýyllyklaryň dowamynda Garaşsyz bolmak barada arzuw edip gelipdirler. Şol merdana pederlerimiziň, ata-babalarymyzyň asyrlarboýy ýüreklerinde ýaşap gelen arzuw-umytlary, erk-islegleri nesil dowamatynda täze ruhda, täze öwüşgünde 1991-nji ýylda hasyl boldy. Türkmenistanyň Garaşsyzlygy türkmen bagtynyň täze belentlige göterilmesidir. Garaşsyzlyk nury halkyň bagtyýar eşretine uzaýan ak ýoluna baky öçmejek ýalkym saçdy. Garaşsyzlyk ýyllarynda halkymyzyň ykbaly gülledi.
Gahryman Arkadagymyz tarapyndan hem-de onuň peder ýoluny dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň ajaýyp başlangyçlary bilen bu gün ýurdumyzyň dürli künjeklerinde dünýäniň häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan täze önümçilik desgalarynyň, medeniýet merkezleriniň, ylym-bilim, saglyk toplumlarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi, obalaryň halkara derejesinde abadanlaşdyrylyp, döwrebap şäherleriň we obalaryň peýda bolmagy şeýle-de ençeme desgalar Garaşsyzlygyň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň baş ymaratydyr. Garaşsyzlyk özbaşdak döwletlilik beýik pederleriň arzuwlan Watanydyr! Ine ýene sanlyja günden Garaşsyzlyk toýunuň öňsyrasynda Garaşsyzlygyň 33 ýyllygyna bagyşlanan ýurdumyzda Döwlet maslahaty geçiriler.
Garaşsyzlyk döwrüniň nesli indi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe atalarynyň altyn ýoluny dowam edýärler. Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu babatda: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys» diýip ynam bildirýär. Ynam mukaddesdir. Ynama ygrarly, borjuna wepaly watançy nesiller il-günümiziň guwanjydyr. «Bilimli nesil — kuwwatly Watan» diýmeginde hem ýene ýaş nesle — beýik geljege ynam bar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ylymly-bilimli ýaşlar bilen öňe barýar. Öňe, öňe, ýaşlar bilen diňe öňe, jan Watanym Türkmenistanym!
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda amala aşyrylýan işleriň ählisi bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesidir. Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Aýbek TÄJIÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Hoş geldiň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly»
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmen halkynyň asyl köklerinden syzylyp çykýan hoşniýetlilik, goňşa hormat, dost-doganlyk ýörelgeleri agzybirlik diýen düşünjeden gözbaş alýar. Agzybirlik bolsa diňe bir öz halky üçin däl, häzirki wagtda daşary syýasatda hemişelik Bitaraplygy tug edinen halkymyzyň goňşy döwletler we halklar bilen agzybirlik kadalaryna berk uýmagy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
MALAÝZIÝA BILEN TÜRKMENISTANYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYK
Türkmenistan bilen Malaýziýa hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin bilelikdäki topary döretmek bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze derejä çykarmagy maksat edinýärler.
MALAÝZIÝA HALKLARY BILEN TÜRKMENISTANYŇ DOSTLUKLY GATNAŞYKLARY
Döwlet Baştutanymyz resmi sapar bilen Malaýziýa geldi. Bu sapara ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypany açýan tapgyr hökmünde aýratyn ähmiýet berilýär. Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmek nukdaýnazaryndan, Türkmenistan Malaýziýa bilen däp bolan hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar.
Täze ýyl arçasy halkymyza nur saçdy
Mälim bolşy ýaly, 15-nji dekabrda hemmeler üçin uzak garaşylan, şatlykly we mähriban baýramyň — Täze ýylyň ýetip gelýändigini alamatlandyryp, ýurdumyzyň Baş arçasy nurana öwüşginde ýalkym saçdy. Asylly däbe görä, paýtagtymyzyň Köpetdagyň etegindäki täsin tebigy künjekleriniň birinde ýerleşýän “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki giň meýdança dabaralaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Bu ýerde iň owadan belent arça oturdylyp, ertekiler şäherjigi emele geldi.
Aşgabat – parahatçylygyň we dostlugyň şäheri
2013-nji ýylyň 25-nji maýynda paýtagtymyz Aşgabat dünýäde iň ýokary derejede ak mermere örtülen binalaryň jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynda bellige alyndy. Munuň özi Aşgabadyň dünýäniň owadan şäherleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.