Bütindünýä welosiped güni - sagdynlygyň we ruhubelentligiň baýramy
02-06-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşlere beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän taýsyz tagallalary bilen şu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň sport giňişliginde mertebesini dünýäniň belent derejesine çykaryp, bu ugurda möhüm ähmiýete eýe bolan halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek ugrunda Bütindünýä welosiped güni giňden bellenip geçilýär.
Türkmenistanyň başlangyçlary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji mejlisinde her ýylyň 3-nji iýunynyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilmegi dünýä döwletleriniň arasynda sportuň bu görnüşiniň ähmiýetiniň uludygyny habar berýär. Milletler bileleşiginiň bu Rezolýusiýany kabul etmegi ata Watanymyz Türkmenistanda hem sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, jemgyýetiň ekologiýa medeniýetini kemala getirmek, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça geçirilýän ägirt uly işleriň ykrarnamasyna öwrüldi. Bu baýram parahatçylygyň ilçisi bolan sporty ösdürmek boýunça netijeli we döredijilikli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga hem-de ony ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dünýäniň iri ýaryşlaryny yzygiderli geçirmek, milli ýygyndymyzyň halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelemegi, ýurdumyzda sebitde iri sport desgalaryny gurmak ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu başlangyçlar öz gezeginde köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we milletiň saglygyny berkitmäge, sagdyn durmuş ýörelgesini durmuşa geçirmäge, halkymyzyň ruhubelentligini saklamaga, durnukly ýaş nesli terbiýelemäge gönükdirilen ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň möhüm, ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.
2018-nji ýylyň 1-nji iýunynda «Aşgabat» köpugurly stadionynda welosport boýunça 3 246 adamyň gatnaşmagynda köpçülikleýin türgenleşik sapagynyň we 2019-njy ýylyň 1-nji iýunynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýörişiň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi bagtyýar raýatlarymyzda uly buýsanç duýgusyny döretdi.
Baýramçylyk öwüşginini artdyran Çandybil şaýolunyň we Bekrewe köçesiniň ugrunda «Welosiped» binasynyň gurulmagy, paýtagtymyzda we welaýat merkezlerinde yzygider welosiped ýörişleriniň geçirilmegi ýurdumyzda welosiped sportunyň dabaralanýandygyny, sportuň bu görnüşiniň muşdaklarynyň sanynyň günsaýyn artýandygyny aýdyňlygy bilen görkezýär.
Hormatly Prezidentimiziň welosiped ulagyny ussatlyk bilen erk etmegi, sporta adam saglygyny berkitmegiň iň oňat serişdesi hökmünde garamagy, bu babatdaky şahsy göreldesi sagdyn ruhly ýaşlary terbiýelemekde özboluşly nusgalyk mekdebi bolup durýar. Ýurdumyzda sport syýasatynyň jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň işjeň wagyz edilmegine, bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegine, ýaş nesliň ruhy hem-de beden taýdan terbiýelenmegine gönükdirilendir. Welosiped sporty dünýäde iň meşhur sport görnüşleriniň biri bolmak bilen, diňe bir adam saglygyny berkitmekde däl, eýsem, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde hem uly ähmiýete eýedir. Daşky gurşawy gorap saklamaga ýardamçy ulag hökmünde welosiped bütin dünýäde uly goldawa eýedir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň netijesinde Watanymyz dünýäniň sport merkezleriniň birine, Olimpiýa hereketiniň dabaralanýan ýurduna öwrülýär. Bu günki şatlykly günlerde mähriban halkymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesini Ýer ýüzüne ýaýmakda Türkmenistanyň aýratyn goşandyny dünýä jemgyýetçiligi ykrar edýär.
Parahatçylyk we dostluk, sagdynlyk we ruhubelentlik taglymatlarynyň halkara baýramy bolan Bütindünýä welosiped güni bilen watandaşlarymyzy, Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy mähirli gutlaýarys!
Aýbölek PERDÄÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň mugallymy.

Türkmenistanyň we Russiýanyň DIM-leriniň ýolbaşçylary 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler. Gol çekmek dabarasy Aşgabat şäherinde geçirildi.

Medeniýet hepdeligi — 2025: üçünji gün
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dürli çärelere beslenen üçünji güni ýurdumyzyň baý medeni mirasynyň we parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň arasyndaky çuňňur arabaglanyşygy nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.

Bitaraplyk — Parahatlyk
Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.

MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.

«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi
24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.