Ylym — iň gymmatly miras

14-12-23

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri. Bu döwür halkymyzyň ykbalynyň täze sahypalaryny ýazmak bilen, ähli ugurlarda asyrlara barabar ösüşleriň amal ediljek zamanasy. Şol ösüş-özgerişleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde bolsa Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda amala aşyrylan işler, durmuşa ornaşdyrylan täzeçillikler badalga bolup durýar. Şunda iň esasy orunlaryň biri ylym-bilime degişlidir.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ilkinji günlerinden ýurdumyzda ägirt uly özgerişliklere, täze gözýetimlere sary badalga alyndy. Hormatly Prezidentimiziň wezipä girişmek dabarasyndaky çykyşynda: «Döwletimiziň ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň ösüşi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga, jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny berkitmäge gönükdiriler» diýen sözleri bu ugurda durmuşa geçirilýän işleriň depgininiň günsaýyn artdyryljakdygyna ynamy goşalandyrdy. Bu aýdylanlaryň eýýäm şu günki günlerde durmuşa geçirilýändigine bolsa biz, bilim işgäri hökmünde gündelik işimizde guwanmak, buýsanmak bilen göz ýetirýäris.

Aslyýetinde, türkmen topragy dünýä ylmynyň ösen, meşhur alymlaryň okan, zähmet çeken, döreden topragy. Bu topragyň gursagynda Muhammet Horezmi, Abu Reýhan Biruny, ibn Sina, Fahreddin Razy, Abu Bekir Muhammet as-Suly, Abdyrahman Hazyny, Omar Haýýam ýaly ägirtleriň ady ýazylan. Dünýä ylmynyň ösüşine uly goşant goşan şol ussatlaryň ýoly bu günki türkmenistanly ýaşlar üçin mukaddes ýörelge bolup durýar. Sebäbi diňe ylymdan bina bolan ýollar arkaly ösüşleriň belentligine aralaşyp bolýar. Şonuň bilen birlikde bu günki gün ýaşlarymyzyň ylymda we tehnologiýada gazanylanlary içgin özleşdirmekleri üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilýär. Bu babatda ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň garamagyndaky institutlarda, Tehnologiýalar merkezinde, pudaklaýyn ylmy-barlag edaralarynda, ýokary okuw mekdeplerinde bu ugurdan uly işler alnyp barylýar.

Ajaýyp zamanamyzda ylym-bilim babatda peýda bolan täzeçillikler zamananyň özgerişlikleri bilen ýurduň aýakdaş gopmalydygynyň görkezijisine öwrüldi. Muny sanly ykdysadyýetiň ýaşaýşymyza uly tizlikde hem giň gerimde ornaşmagy bilen baglanyşyklylykda täze ugurlara ýöriteleşen hünärmenleriň wajyplygynyň çözgüdiniň göwnejaý gözleglerinden hem görmek bolýar.Bu işleriň diňe bir şu günki ösüşlerimizde öz beýanyny tapman, eýsem, geljegimiziň görkanalygynda hem şöhlelenjekdigi ajap ertirler hakdaky täsin mukam kimin kalplara joşgun berýär.

Hormatly Prezidentimiziň: «Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar ediler» diýen sözleri bu günki gün her bir ýaş ynsanyň, talybyň, bilim işgäriniň ýürek aýdymyna öwrüldi.

Şeýle mümikinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Gahryman Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähimýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris! Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Serdar ALLAMYRADOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 5-nji talyby.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.