Sanly ykdysadyýet – ösüşleriň özeni

18-11-24

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça möhüm işler durmuşa geçirilýär. Olaryň arasynda ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler aýratyn orun eýeleýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak, işe girizmek we onuň sazlaşykly işlemegini ýola goýmak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek, maglumat üpjünçilik ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Ykdysadyýetiň ähli ugurlaryny sanly ulgama geçirmek, önümçilige ylmy işleri ornaşdyrmak döwrüň möhüm wezipesidir. Şunda jemgyýetiň intellektual mümkinçiliklerini doly peýdalanmak, ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak zerur bolup durýar. Sanly ykdysadyýete geçmekde elektron serişdeleriniň, häzirki zaman kompýuter tehnologiýalarynyň uly ähmiýete eýedigi özzünden düşnüklidir. Şonuň üçin-de ilatyň, esasan-da ýaşlaryň kompýuter sowatlylygyny ösdürmek möhüm wezipedir. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde birinji synpa barýan okuwçylara kompýuterleriň sowgat berilmegi ýaşlaryň täze tehnologiýalardan baş çykarmaklaryna oňyn täsir edýär.

Sanly ykdysadyýetiň dünýäde innowasiýalara, bäsdeşlige ukyplylyga we ykdysady ösüşe wajyp itergi beriji güýç hökmündäki ornunyň barha artýan häzirki zaman tehnologik ösüş meýilleri işewürlige täze mümkinçilikleri açýar, sanly önümçilige geçilmegi bolsa täze pudaklary döretmäge amatly şert bolýar. Şunuň bilen baglylykda, maglumatlary alyşmagyň elektron ulgamlaryny (internet) we olaryň elýeterliligini, kanunçylyk binýadyny we döwletiň elektron hyzmatdaşlygyna doly taýýarlyk derejesini üpjün etmek sanly ykdysadyýetiň aýrylmaz bölegidir.

Sanly ykdysadyýete geçmegiň birnäçe bähbidi we adaty ykdysadyýetden artykmaçlyklary bardyr. Olaryň esaslary zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagyna, kärhanalaryň bäsleşige ukyplylygynyň has-da kämilleşmegine, edaralaryň, kärhanalaryň degişli önümçilik we hojalyk çykdajylarynyň azalmagyna we täze iş orunlarynyň döredilmegine getirýär.

Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen milli ylym-bilim ulgamy hem halkara ülňülerinde düýpgöter özgerdildi. Häzir hünär derejeli orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilim portallary hereket edýär. Munuň özi her bir talyba, mugallyma şahsy saýty bilen portala girip, islendik maglumatlary örän gysga wagtda almaga, gerek bolsa uzak aralyklara ugratmaga ýardam berýär.

Biz, ýaşlara bilim almaga, sapaklary uzak aralyklardan guramaga, dünýäniň döwletleriniň meşhur bilim ojaklary bilen bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Merjen GYLYJOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji talyby.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.