Bilimli ýaşlar – ýurdumyzyň ýagty geljegi

09-11-24

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň kuwwaty yzygiderli berkidilýär. Döwletiň we jemgyýetiň sütüni ylymdan hem bilimden bina edilende, onuň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösjekdigini berkarar Watanymyzyň gazanýan üstünlikleriniň mysalynda görýäris. Türkmen topragy gadymy döwürlerden bäri ylmyň we medeniýetiň ösen ojagy hökmünde meşhurdyr.

Bu toprakda taryhda öçmejek yz goýan kuwwatly döwletler gurlup, ylym-bilim we medeniýet ýokary derejä çykypdyr. Täze taryhy döwürde hem ýurdumyzda dünýä ülňülerine kybap gelýän, döwrebap bilim ojaklarynyň ençemesi gurlup, olarda mähriban Watanymyzyň geljegi, nurana ertirlerimiziň eýeleri bolan talyp ýaşlar kämillige gol berýär. 

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» tapgyrlaýyn esasda durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, professor-mugallymlaryň hem-de talyp ýaşlaryň tagallalarynyň netijesinde sanly bilim portaly we web-saýtlar döredilýär. Olarda professor-mugallymlaryň okuw dersleri boýunça taýýarlan gollanmalary, wideoýazgylar ýerleşdirilýär.

Bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň häzirki ösüş ýolunda dünýäniň öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda milli sanly bilim ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini, okatmagyň innowasion usullary bilen utgaşyklylykda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň bilim berşiň ähli tapgyrlarynda giňden ornaşdyrylmagyny şertlendirýär. Täze maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny özleşdirmezden, islendik ugurda bolşy ýaly, bilim ulgamynda hem ösüş gazanmak, ýokary derejelere çykmak mümkin däl. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri kämil bilimli hünärmenleri taýýarlamak, dünýäniň ylym-bilim giňişligine işjeň goşulmak, dünýäniň ösen ýurtlarynyň abraýly ýokary okuw mekdepleri hem-de bilim edaralary bilen ylym-bilim ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça  hem-de halkara guramalary bilen baglaşylan ylalaşyklar we ähtnamalar esasynda netijeli işleri alyp barlýarlar.

Täzeçil, döwrebap usulda iş alyp barmak bilen, milli ykdysadyýetimiziň galkynmagyna mynasyp goşant goşýan hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdeplerinde okuw-terbiýeçilik, ylmy-taslama, guramaçylyk we jemgyýetçilik işleriniň sazlaşykly ýola goýulmagy biziň gazanýan üstünliklerimiziň kepilidir. Gazanylýan guwandyryjy netijeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzyň rowaçlygyny we halkymyzyň bagtyýar geljegini nazarlaýan özgertmeleriň mundan beýläk hem üstünlikli durmuşa geçirilmegine mynasyp goşantdyr.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň ylymly, bilimli, sowatly, giň dünýägaraýyşly we kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin ylym ojaklarynda, ýokary okuw mekdeplerinde oňyn işler amala aşyrylýar. Muňa bolsa, talyp ýaşlarymyzyň dürli bäsleşiklerde gazanýan üstünlikleri, ylmy taslamalar bilen yzygiderli meşgullanmaklary, önümçilik bilen netijeli gatnaşyklaryň gurnalyşy, şeýle hem, hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, hereket edýän Ýaş alymlar geňeşiniň çäklerinde halypa-şägirt mekdepleriniň döredilişi ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilişine aýdyň şaýatlyk edýär.

Islendik döwletiň ýagty geljeginiň bilimli ýaşlaryň ellerindedigi aýdyň hakykatdyr. Hut şonuň üçinem ýokary okuw mekdebiň agzybir işgärleri hormatly Prezidentimiziň özleri üçin döredip berýän şertlerinden netijeli peýdalanyp, hünärli, bilimli ýaşlary kemala getirmegi özlerine esasy maksat edinip zähmet çekýärler. Çekilen zähmet özüniň miwesini hem berýär. Biz geljekde hem hormatly Prezidentimiziň mugallymlar üçin döredip berýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp, ýaş nesliň döwrebap bilim we hünär almagy üçin yhlasly işläris. Bize şeýle ajaýyp zamanada döredijilikli zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys!

Nurgözel ATDAÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.